“Xiaomi” kompaniýasy amatly bahasy bilen tapawutlanýan “Redmi” telefonlarynyň nobatdaky modeli bilen tanyşdyrdy – “Redmi K30S”. Täze smartonyň 64, 13 we 5 megapiksellik üç sany arka kamerasy bar; öňki kamerasy bolsa 20 megapiksele deňdir. Bu telefonyň kamerasy 8K wideo çekmäge ukyplydyr. “Xiaomi Mi 10T”-niň gaýtadan dizaýn edilen görnüşi bolan “Redmi K30S”-e 6,67 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilip, kümüş we gara reňklerinde öndürilipdir.
“Qualcomm” kompaniýasynyň “Snapdragon 865” mikroprosessoryny ulanýan K30S-iň RAM göwrümi 8 gigabaýta deňdir. Bu telefonyň iki görnüşi bolup, olaryň ilkinjisiniň içki ýady 128 gigabaýta, ikinjisiniňki 256 gigabaýta deňdir.
“Redmi K30S”-niň batareýasynyň kuwwatlygy 5 000 mAh bolmak bilen, 33 woltlyk çalt zarýad alýan tehnologiýa bilen üpjün edilipdir. Telefonyň barmak yzyny okaýan sensory gapdalyndaky panele ýerleşdirilipdir.
5G aragatnaşyk ulgamy hem bar bolan “Redmi K30S” 11-nji noýabrda satuwa çykarylar. Telefonyň 128 gigabaýtlyk görnüşi 387 dollardan, 256 gigabaýtlyk görnüşi 420 dollardan satylar.
2013-nji ýylyň iýul aýynda esaslandyrylan “Redmi” brendi ilkinji smartfonyny, ýagny “Redmi 1”-i 2013-nji
ýylda çykardy.
çeşme: zamanturkmenistan