Mýunheniň «Bawariýasy» meksikan «Tigresini» ýeňip, taryhynda ikinji gezek klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Er-Raýýanede (Katar) geçirilen final duşuşygy 1:0 hasabynda tamamlandy. 59-njy minutda Benjamin Pawar ýeňiş pökgüsini geçirdi.
Ilkinji gezek «Bawariýa» 2013-nji ýylda marokkalylaryň «Raja» klubuny ýeňip, çempion bolupdy. Belläp geçsek, bu baýragy almak boýunça öňdelik Madridiň «Realyna» degişli. Ol dört gezek bu baýragy eýeledi.

Mýunhen kluby bassyr altynjy baýragyny eýeledi. Mundan öň, «Bawariýa» Germaniýanyň çempionatynda, Kubogynda we Superkubogynda, şeýle hem Çempionlar ligasynda we UEFA-nyň Superkubogynda ýeňiji bolupdy.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir