Bashyñdan geçirip gyzlyk durmushyñ,
Tùrkmen aytmyshlayyn "çatylsa bashyñ"
Haladyñ gutlarlar yakynyñ dashyñ,
Bezàñde bir ôyùñ tôrùni gelin.


"Goñshy gutly bolsun"diyàndir tùrkmen,
Dàplere,dessura uyyandyr tùrkmen,
Seni-de balasy sayyandyr tùrkmen,
Eyelàn gùnùñden tôrùni,gelin.


Ody bilen girip çyk kùli bilen,
Agzybir mashgalañ rysgaly bilen,
Zàhmetiñ,rehnetiñ pàk pàli bilen,
Eyele kalplaryñ tôrùni gelin.


Eliñden dùr,yùzùñden nur dôkùlsin,
Baldyzlaryña,yùwùrjileriñe akylsyñ,
Hiç kim saña nazar salmaz yakymsyz,
Tapsañ agzybirlik tàrini,gelin.


Syla gayyn ata,gayyn enàni,
Mashgala degishli yene-yenàni,
Gadryñ has artar hormat bilàni,
Yashasañ ynjytman yaryñy gelin.

Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir