Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy “Ýuwentus” boldy. 1-nji oýunda 2–0 ýeňen “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Inter” bilen golsuz deňme-deň oýnady. Şunlukda, “Ýuwentus” 20-nji gezek finala çykmagy başardy. Goja Sinýora Italiýanyň Kubogyny 13 gezek eýeläp, bu ugurda bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar. Geçen ýyl kubogy “Napoli” toparyna aldyran “Ýuwentusyň” finaldaky garşydaşy şu gijeki “Atalanta”–“Napoli” duşuşygyndan soň belli bolar. 1-nji oýun golsuz tamamlanypdy. Final duşuşygy 19-njy maýda oýnalar.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir