ABŞ-nyň iň uly sport çäreleriniň biri hasaplanýan Amerikan futbolynyň “Superbowl” ýaryşynyň final duşuşygynda “Tampa-Beý Bakkanirs” topary ýeňiş gazandy. 18 ýyldan soňra gazanylan ýeňişde uly paý gazanan Tom Bredi özüniň rekordyny täzeledi.

Üstümizdäki ýylda 55-nji gezek ýaryşda “Tampa-Beý Bakkanirs” topary “Kansas Siti” toparyny 31-9 hasabynda ýeňdi. ABŞ-nyň Florida ştatynyň Tampa şäheriniň Raýmand Jeýms stadionynda geçirilen final duşuşygynda adaty möwsümde has gowy hüjümleri bilen tapawutlanan “Kansas Siti” topary bu gezek gowy hüjümler gurnap bilmedi.

Duşuşygyň ilkinji ýarymynda 7:3 hasabynda öňe geçen Tampa-Beý Bakkanirs” topary duşuşygyňygalan dowamynda has gowy oýun görkezip, hasaby artdyrdy. Şeýlelikde, 31:9 hasabynda ýeňiş gazanan “Tampa-Beý Bakkanirs” topary 2003-nji ýylda gazanan ýeňşinden soňra, ýagny 18 ýyldan soňra täzeden ikinji gezek çempion bolmagy başardy.

Sport ýolunda 10-njy gezek “Superbowl” ýaryşynda çykyş eden “Tampa-Beý Bakkanirs” toparynyň oýun gurnaýjysy Tom Bredi 5-nji gezek bu ýaryşyň “Iň gymmat oýunçysy” baýragyna mynasyp bolup, bu ugurda rekord goýdy.

“Tampa-Beý Bakkanirs” toparynyň 68 ýaşyndaky tälimçisi Bruis Arians çempion bolan toparyň iň ýaşuly tälimçisi hökmünde meşhurlyga eýe boldy.

“SUPERBOWL” BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden duşuşykda tomaşaçyjarla we türgenlere sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlendi.
Şeýle hem bu duşuşykda Sarah Tomas 8 eminiň biri hökmünde gatnaşyp, bu ýaryşdaky ilkinji zenan emin boldy.
“Tampa-Beý Bakkanirs” topary Amerikan futbolynyň taryhynda öz meýdançasynda ýeňiş gazanan ilkinji topardyr.
Bu duşuşyk Los-Anjeles şäherinde geçirilmedi. Ýöne soňra ýaryşy Tampa şäherinde geçirmek meýilleşdirildi.
Pandemiýa sebäpli 75 müň orunlyk stadiona 25 müňe golaý janköýer gatnaşdy.
Tomaşaçylaryň 7500 saglyk goraýyş işgärleri boldy.
Raýmand Jeýms stadionynda 3-nji gezek “Superbowl” ýaryşy geçirildi.
“Superbowl” ilkinji gezek 1966-njy ýylda Milli Futbol Ligasy bilen Amerikan Futbol Ligasy birleşenden soňra geçirildi.
NFL dünýädäki iň meşhur, baý we iň köp janköýer gatnaşýan ligadyr. Jemleýji oýunda arakesmeler Amerikanyň telewideniýe bazaryndaky esasy mahabat platformasy hasaplanýar. Şu ýyl 30 sekuntlyk mahabatyň ýerleşdirilmeginiň takmynan bahasy 5,6 million dollara deň boldy.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir