Onda näme, ilki bilen, ýüzüşimiziň başlaýşy hakynda aýdaýyn. «Stratford» umman giňişliklerinde 
ylmybarlaglary geçirmek üçin ýöriteleşdirilen aň
rybaş gämi. Onuň suw sygymy iki ýüz tonna, palubalary giňiş, oňat enjamlaşdyrylan trýumlaryna8
deňiz çuňluklaryny ölçemek, trallamak9
 dragalamak10 üçin her hili enjamlar, suwasty jandarlary tutmak üçin torlar, bug bilen işleýän, kuwwatly ýük göteriji enjamlar, trallamak üçin derweze, şeýle hem käbiri ozal görlüp ýörlen, käsi täze çykan her dürli ýörite abzallar ýüklenipdir. Gäminiň ýaşalýan otaglarynda — kaýutalarynda hemme oňaýlyklar döredilipdir. Gäminiň ylmybarlaglarymyz üçin ýöriteleşdirilen barlaghanasy hem örän ajaýyp. «Stratford» heniz ýüzüşe ugramanka, onuň geň taňlyklary hakda gürrüňler ýaýrapdy. Tiz wagtdan men bu gürrüňleriň ýöne ýere döremändigine göz ýetirdim. Ilkibaşda ýüzüşimizde känbir üýtgeşiklik bolmady. Demirgazyk deňzine tarap ugradyk. Iki gezek deňze tral okladyk. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, gury wagt ýitirenimiz boldy, çünki ol ýerde suwuň çuňlugynyň on sekiz metrden geçýän ýeri kän däl, biziň gämimiz bolsa has uly çuňluklarda işlemek üçin enjamlaşdyrylan. Garaz, deňziň düýbünden balyklaryň iýilýän adaty görnüşlerinden, karakatitsalardyr11 suw öküzlerinden12 hemde barlag üçin alnan allýuwial çökündilerden13 ybarat bolan deňiz düýbüniň laýyndan başga agyz dolduryp 
aýdar ýaly zat çykarmady. Soňra Şotlandiýanyň 
daşyndan aýlanyp, Faro adalarynyň golaýyndan 
geçdik hemde WiwilTomson rifine14 geldik. Ol 
ýerde suwuň düýbünden çykaran tapyndylarymyz ozalkylara garanyňda birneme gyzyklyrak 
boldy. Soňra günorta tarapa, özümiziň barmagy 
niýet edinýän ýerimiz bolan Afrika bilen Kanar adalarynyň aralygyna bakan ugradyk. Bir gezek 
Aýsyz garaňky gijede tasdanam gämimizi suwuň 
saý ýerinde batyrypdyk. Şony hasap etmeseň, 
ýüzüşimizde başga üýtgeşik waka bolmady.
Şol ilkinji hepdelerde Marakot bilen ýakyndan 
tanyşmakçy boldum, ýöne bu beýle bir aňsat däl 
ekeni. Ilki bilen, doktoryň özbaşyna gümra bolup 
ýören, dünýä ýüzünde iň bir ünssüz, aljyraňňy 
adamdygyny aýtmaly. Onuň lifte münende, tramwaýa münendirin öýdüp, liftçi oglanjyga pul töläni ýadyňyza düşýän bolsa gerek. Ol günüň ýaryny öz pikirine gümra bolup geçirýär, özüniň niredeligini, töwereginde nämenämeleriň bolup geçýändigini hem bilenok. Üstesinede, ol hiç kim bilen 
pikir alyşmaýar, juda ýaşyryn işleýär. Günuzyn 
kagyzmydyr kartalara dümtünip oturandyr, ýöne 
kaýutasyna girdigiň, olary dessine ýygşyrýar. 
Men onuň nämedir bir zadyň küýüne düşendigini 
aýnada gören ýaly bilip durun. Ýöne portlaryň 
töwereginden uzaklaşmasak, ol bize öz etsem petsemlerini aýdarly däl. Meň özümä şeýle pikir 
edýän. Tiz wagtdan Bill Skanleniň hem meniň bilen 
pikirdeşdigini bildim.
Bir gezek agşamara barlaghanada täze tapan 
zatlarymyzy derňäp otyrkam, ol:
— Gulak asyň, jenap Hedli — diýip, maňa ýüzlendi. — Gojamyzyň kellesinde nähili pikir barka? Ol 
nämäň küýüne düşdükä? Siz nähili pikirde?
— Meň pikirimçe, bizden öň «Çellenjer» hemde beýleki birentek ummany öwrenmek üçin 
gurnalan ekspedisiýalar näme bilen meşgul bolan bolsalar bizem şol işleri ederis — diýip jogap 
berdim. — Balyklaryň birnäçe täze görnüşlerini 
açarys, gidrometriýa15 kartalaryna täze maglumatlar girizeris.
— Ýok, düýbünden beýle däl — diýip, Skanlen 
garşy çykdy. — Hany, birýan ujundan kelle döweli. 
Ynha, meselem, men bärde nämä derkar?
— Birden enjamlar hatardan çykaýsa bejermek 
üçin.
— Beýle däl bolaýmasa! O nähili maşynlar! 
«Stratfordyň» maşynlaryna şotlandiýaly hünärmen seredýär. Ýok, gadyrdan, Meribenksiň oglanlary özleriniň iň gowy hünärmenini şu bolgusyzja 
maşynlary bejermek üçin iberen däldirler. Ýöne 
ýere hepdäme elli dollar hak berilýän däldir. Yzyma 
düşüň, häzir size bu zatlary düşündireýin.
Ol açaryny çykardyda, barlaghananyň arka tarapyndaky gapyny açyp, meni trýumdaky basgançak bilen alyp gitdi. Ol ýeri boşluk diýen ýalydy, diňe sypal bilen gaplanan ullakan gapyrjakda haýsydyr bir uly maşynyň şaýlary ýylpyldaşyp görünýärdi. Olar gapdallary nurbatdyr sokma kilt bilen enjamlaşdyrylan polatdan edilen ýylmanak plitalardy. Ortasy tegelek deşikli plitalaryň hersiniň 
ölçegi on inedördül fut, galyňlygy bir ýarym dýuým 
töweregidi. 
— Bu zatlar näme boldugyka? — diýip soradym.
Bill Skanleniň bir görseň opera aýdýan wäşi 
aýdymçyň, bir seretseňem boksçyň ýüzüne meňzäp 
duran oýunçy keşbine birgeňsi ýylgyryş çaýyldy. 
— Jenap, bujagazy men ýasadym — diýip, ol 
äşgär etdi. — Hawa, hawa, jenap Hedli, ine, şu sebäpli meni bärik getirdiler. Bujagaz zadyň edil özi 
ýaly polatdan ýasalan düýbi hem bar. Hanha, hol 
gapyrjakda. Onsoňam gümmez ýaly gapagy hemde tanap ýa zynjyr dakar ýaly ullakan halkasy bar. 
Indi bolsa gäminiň düýbüne serediň.
Men çüňklerine nurbat towlanan dörtburç agaç 
sekini gördüm. Nurbatlar sekini gozgap bolýandygyny görkezýärdi.
— Gämiň düýbi iki gat — diýip, Skanlen hem 
meniň pikirimi tassyklady. — Ýaha hojaýynymyz 
ýeldirgäpdir, ýada ol biziň pikir edişimizden has 
aňyrraklary tozadýar. Ýalňyşmaýan bolsam, ol 
suwa çümýän öý gurmakçy bolýar. Ynha, onuň penjireleri şu ýerde aýratyn gapyrjaga gaplanypdyr. 
Soň ol ony gäminiň düýbünden suwuň içine goýbermekçi bolýar. Inede, kuwwatly elektrik çyralary. Meň pikirimçe, ol polat öýjagazyň dumlyduşuny ýagtyldyp, tegelek penjirelerden töwerekde 
nämeleriň bolup geçýändigini synlamakçy bolýa.
— Oň ýaly bolsa, gäminiň aşagyny aňyrsy görnüp 
duran dury serişdeden ýasasalar has aňsat düşerdi 
— diýdim.
— Siziň bu diýýäniňiz gaty dogry — diýip, Bill 
Skanlen meniň bilen ylalaşdy. Soňra ýeňsesini 
gaşap: — Menem näme üçin şeýdilmedigine halys 
düşünip bilemok. Bir bilýän zadym, şu bolgusyz zady 
gurnamaga kömek etmek üçin bu ýere iberilenligim. 
Dogry, ol heniz maňa hiç zat aýdanok, menem sesimi çykaramok, ýöne eýlämebeýläme seredişdirip, 
nirede nämäniň bardygyny mazaly öwrenýän, näçe 
dymýan bolsa dymybersin, özümem hemmesine 
düşünerin diýýän. Gämimiziň syryna ilkinji gezek 
men şeýdip aralaşdym. Howa hem juda bulaşdy, ondada Ýub burnundan günorta günbatarda suw çuňňulyny tralladyk, suwuň temperaturasyny belläp, deňiz suwunyň duza doýgunlylygynyň derejesini derňedik. Petersonyň traly bilen suw çuňňulyny derňemek juda gyzykly. Ol dessine üç metr giňişligi tutýarda, ýolunda duşan ähli zady garbap alýar; çärýek mil çuňlukdan ol balyklaryň bir görnüşini getirse, ýarym mil çuňlukdan düýbünden başga görnüşlerini alyp gelýär. Ummanyň hem her gatlagynyň, edil dürli yklymlardaky ýaly, öz ýaşaýjylary bar. Kämahal deňiz çuňňulynyň düýbünden ýarym tonna, geljekki ýaşaýşyň serişdesi bolan gyrmyzy reňkli arassa nem çykarýas. Köplenç halatda bolsa, mikroskop astynda seretseň, belli bir şekilsiz laý gatlaklary arkaly biribirinden 
aýrylyşýan, millionlarça, insizje tegelek ýada gönüburçly jisimjikleri özünde saklaýan gyrmançalary çykarýas. Bu brotulidlerdir makrutidleriň, assidiýleriň, goloturiýleriň, 
polipleriň hemde derisiňňelileriň16 atlaryny 
ýekänýekän sanap oturmaýyn, ýöne bir zady 
welin aýdaýyn, ummanyň bize beren peşgeşiniň 
aňyrsybärsi ýok. Bizem olary janypkeşlik bilen 
ýygnap alýardyk. Ýöne Marakotyň bizi bu ýerlere 
diňe şoň üçin äkelmändigi baradaky pikir welin, 
meniň hiç kellämden gitmeýärdi, mumyýalanan 
müsür kelleçanagyna çalym edip duran bu süýri 
kellede başgabaşga etsempetsemler bar ýaly bolup durdy. Bular maňa hakyky işiň öňünden adamlary, enjamlary synagdan geçirmek üçin türgenleşik 
ýaly bolup görünýärdi.Haty şu ýere çenli ýazyp, biraz gezim etmek üçin kenara çykdym, çünki ertir ir saba bilen bu ýerden ugraýardyk. Gämi duralgasyna aýny wagty baraýan ekenim. Ol ýerde uly dawa turýardy. Esasy dawagärlerem Marakot bilen Bill Skanlendi. Billiňä dawa tapsa gözi açylýan, ýakasy gaýyşlydygy hemmä mälimdi. Onuň aýtmagyna görä, mahal mahal eli gijäberýärdi. Ýöne daşyna eli gamaly ispanlaryň bäş altysy dagy üýşensoň, olaryň ýagdaýy kynlaşyp ugrady, goşulmasaň boljak däldi. Bolan waka şeýle. Doktor bu ýerde paýtun diýlip atlandyrylýan täsin arabalaryň birini hakyna tutupdyr, adanyň ýerüsti aýratynlyklaryny öwrenip, gylla ýarysyny aýlanypdyr, ýöne özi bilen pul almagy ýadyndan çykarypdyr. Hasaplaşmaly bolanda ol ýerli adamlara ýany bilen pul alyp gaýtmandygyny halys düşündirip bilmändir, arabaçy hem onuň sagadyny sypyryp aljak bolupdyr. Şol mahalam Bill Skanlen gelip oň arkasyny alypdyr. Men baryp, arabaça bir dollar, ýumruk degip gözi gögeren ýigdekçä hem bäş 
dollar berip işi düzedäýdim, ýogsa dagy olar edil 
ganjaryşaýjak ekeni. Bolsada hemmesi gülalagüllük bolup sowuldy. Ana, şonda ilkinji gezek Marakota adamçylyk duýgularynyň ýat däldigi hem 
göründi. Gämä gelemizsoň, ol meni özüniň kiçijik 
kaýutasyna çagyrdyda, kömege ýetişenim üçin 
minnetdarlyk bildirdi, soňundanam: 
— Ýogsada, jenap Hedli, maňa mälim bolşuna 
görä, siz heniz öýliişikli däl öýdýän? — diýip 
sorady. 
— Ýok, entek öýlenemok — diýip jogap berdim.
— Ýakyn garyndaşlaryňyzyň hem hiç biriniň garamatyny göterýän dälsiňizle?
— Ýok.
— Gaty gowy. Men şu mahala çenli öz etsemgoýsamymy hiç kime aýtman saklandym. (dowamy bar)
Düşündiriş:
8Trýum — gäminiň aşaky palubasy bilen düýbüniň aralygyndaky ýük goýulýan bölümi.
9Trallamak — deňziň düýbüni tral (deňziň düýbüni, haýwanlary, ösümlikleri öwrenmek üçin torly enjam) bilen barlamak.
10Dragalamak—draga(suwuň düýbünde ýaşaýan haýwanlary, ösümlikleri susup alýan gural)bilen susup almak.
11Karakatitsa—deňiz mollýuskynyň bir görnüşi.
12Suwöküzi—mollýusklara degişli oňurgasyz jandar.
13 Allýuwial çökündiler — hemişelik we wagtlaýyn suw akymlarynyň çökündileri.
14Rif—suwasty gaýa,suwasty gaýalardan emele gelen ada.
15Gidrometriýa—suw giňişliklerini we tebigatdaky suwuň dolanyşygyny öwrenýän ylym bolan gidrologiýanyň akar suwlaryň alamatlaryny häsiýetlendirýän ölçeg metodikasyny işlemek bilen meşgullanýan bölümi.
16Deňiz çuňluklarynda ýaşaýan oňurgasyz we hordaly, boş içegeýalylara,
derisiňňelilere degişli jandarlaryň atlary.