Däliden gelen hatlar... (6-njy hat...)
Oglanyň öleninden soň köp wagyt geçsede men sagat takyklygynda göýbermeli hatlary poçta gatnadýan. Sizem şol hatyň pidasy. Ol ölmäkä aýtdy siziň gejegiňizi. Siziň ejeňiz we kakaňyzyň öljegini. Bilemok nähili derejede dogry oglanyň eden işi, ýöne ol hiç kime rehim etmedi. Diňe dälihanam ýolbaşçysyny diri goýdy. Bilemok näme üçin. Ugratmaly hatlar gutardy diýen ýaly. 15 sany hat galdy. Biri öz hatym, biri siziň hatyňyz, galan 13 haty indi ugratmaly. Ölmäkä oglanyň maňa diýen sözleri, entegem ýadymda: Meni gaty göresiň gelse saňa goýan hatymy açyp okap göräý. Elbetde ol haty men alyp okasam öz janyma kast ederin. Men aňýaryn ol hatda bolup biljek sözleri. Ýöne galan 13 ýaty ugratmasam men dünýeden gidip biljekdäl. Dälihanaň şu wagytky ýolbaşçysy, hatlaryň menden barýanyny gijem bolsa düşündi. Ýöne oň eýýäm öz akly azaşansoň hiç zat etjegem bolmady. Hakykaty bolşy ýaly kabul etdi. Bilemok ol size näme diýenini ýöne ol hem öz wagtynda şu siziň otyran ýeriňizde otyryp aňk bolup meň sözlerimi diňläp gitdi. Ol gelende mende 72 hat bardy. Indi hatlar azaldy. Belki oglanyň entegem gutarmadyk işi bardyrda ýerde. Gyz şu ýerde sözlerini gutardy. Mende sorag kändi, ýöne ol soraglaryň jogabyny men bilýädim. Men özüme nýetlenen haty elime aldym. Daşyna hiç hili adres ýazylmadyk konwert. Adrese derek şu sözler bar: Doganyma: Öz doglan günüňe aç, ýöne meni gaty göresiň gelse ir açyp bilersiň. Men aňýardym ol hatyň içinde nämäň bardygyny. Men gyzdan haty alyp öýe ýöredim. Mem gyzdan haty alyp öýe ýöredim. Indi bolsada bar zat öz ýerine otyran ýaly, ýöne bir zat düşnüksiz, näme üçin ejem bilen kakam meň doganymy keselhana berip ondan dynjak bolupdyrlar? Akyly üýtgänem bolsa saklatmaz derejedäki çaga däldirä, ýa-da olar öňünden aňypdyrlar bir zady? Nämede bolsa bar zat eýýäm geçdi. Men ýolda barýarkam elimdäki iň soňky hat barada we galan 13 hat barada kän pikirlendim. Nämede bolsa haty açyp okasym geldi. Öýe barýançam garaşmagy ýüregime düwdim. Ýoldan gelip eşiklerimi çalşyp haty okap ugradaym. Haty açyp göremde meni geň galdyran zat, ol meň ejemiň adyndan maňa ýazylypdyr. Ol hatyň mazmuny: Salam oglym. Sen bu haty okaýan bolsaň diýmek eýýäm bar boljak işler boldy. Men eýýäm bu dünýede ýok, sen bolsa öz doganyň barada käbir zatlary bilýäň. Ýöne bar hakykaty sen doly bileňok. Seň doganyň doglan wagty biziň maşgalamyzda näsazlyklar bardy. Biziň maşgalamyz bölünmäň bär ýanynda bolup, seň doganyň uly ýük ýaly bolup göründi. Men köp pikirlenip, belli netijä gelip seň doganyňdan dynjak bolup oň agzyna bir esgini dykdym. Elbetde çaga öz özünden ölen ýaly etmek isledim, ýöne seň doganyň 8 sagat demsiz ýatyp birden özüne geldi. Şol wagyt ol 3 aýlyk çagady. Şol ýagdaýdan soň bar zat gowy boldy. Maşgalamyzyň ýagdaýy bir günde gowlandy. Ýöne seň doganyň ösüşi adaty çagalaryňkydan tapawutlandy. Hiç kim bilen gürleşenok, hiç kimiň diýenini edenok. Ondan başga men oň bilen öýde iki çäk galmany gorkýardym. Gijelerne öz otagyndan çykyp baş ujyňa gelip gözüni aýyrman seredip durýardy. Meň göwnüme bolmasa ony 3 aýlykga öldürjek bolanymy bilýän ýaly. Oň keselini bejerjek bolup bar keselhanalary aýlanyp çykdyk, ýöne hiç lukman keseliň yzlaryny tapmady. Biz kakaň bilen razylaşyp seň doganyňy keselhana tabşyrdyk. Aradan köp wagyt geçmäkä sen dünýä indiň. Biz seň doganyňa degişli ähli zatlardan dyndyk, hatda ýaşaýan ýerimizem çalşdyk. Epesli wagyt geçensoň bize dälihanaň adyndan hatlar gelip ugrady. Birinji haty kakaň aldy, ikinjini men. Ol hatlar seň doganyň adyndandy. Başda ýöne salamlaşma ýaly, soň gitdigiçe gaharly we gazaply hatlar. Maňa gelen her hatyň içinde gök esgiň bir bölejigi çykýardy. Men bilýärdim ol esgiň näme aňladýanyny. Ol şol seň doganyň agzyna dykyp bugup öldürjek bolan esgimiň bölegi. Kakaňy bilemok näme özinden çykaranyny ýöne meni şol esgi dälliretdi. Maňa gelen her hatyň soňunda "eje men seni bagyşlaýan" diýen sözler bardy. Ýöne men bilýädim ol sözler ýürekden çykňaýanyny. Kakaň, hatyň gelýän ýerini biljek bolup sunanşdy, ýöne netije bolmady. Şeýdip bir gün kakaň öz janyna kast etdi, yz ýanyndan men ol hatlaryň gelip çykyşyny gözledim, ýöne netije bolmady. Kakaň ölüminden soň has agyr düşip men öz ölerimi isledim, isleýşim ýaly boldam. Men, kakaň we doganyň indi dünýede ýok, ýöne sen entek ýaşaýaň. Eger sen haty öz doglan günüňde açan bolsaň seň wagtyň azaldy. Eger ir açan bolsaň entek öz doglan günüňe çenli wagyt bar. Garaz bar zat seň eliňde. Öz janyňa kas etmeli, ýa-da öz doganyň giden ýoly bilen gitmeli. Saýla.... ✨DOWAMY BAR.✨