Däliden gelyän hatlar...
.
(5-nji hat) Men öýe gelip gowy pikirlendim. Men takmynan çykaran netijäm şeýle. Meň ejem we kakam, men entek dogulmakam ogullary bolup ol oglany ruhy näsaglygy üçin keselhana tabşyrýarlar. Soň ol oglan, ýagny meň uly doganym, meň baryp gaýdan dälihanama düşýär. Ol ýerde näbelli sebäplere görä aradan çykýar. Köp wagyt geçmäkä hatly wakalar başlaýar. Ýolbaşçyň sözlerne görä däli hana bir erkek bilen bir aýal baryp gaýdypdyr. Eger şolar meň ejem bilen kakam bolsa bar zat düşnükli ýalam. Ýöne näme üçin men özümden uly doganym barada hiç zat bilemok? Bu syry ejem bilen kakamam ömrü ötünçä gizlin saklamagy başarypdyrlar. Oglanjygy gowy tanan medsestra gyzy tapmaly, belki şol ýagdaýy aýdyňlaşdyrar? Ýene bir barlamaly zat, ejem bilen kakamyň bar goşlaryny dökmeli, belki olara dälihanadan gelýän hatlar tapylar. Ýöneme meň öýe hat gelýäni we kakamyň ejemiň hat okap durany ýadymda ýok, belki olar menden gizleýändirler. Elbetde meň bar çaklamalam ýolbaşçyň sözlerniň esasynda gurylan. Belki ol ýolbaşçy dälliräp özi maňa we meň ejeme we kakama hat ugradandyr, belki hiç hili oglanjyk hem ýokdyr. Dälihanada ömrüňe işläp, däli bolmazlyk mümkin dälä. Dälihana barada maglumaty ýene bir adamdan eşitmeli, diňe ýolbaşçyň sözüne esaslanmaly däl. Şol oglan bilen ýakynlaşan gyzy tapyp bolaýsa. Birinji nobatda men öz öýmüzi dörüp dälihanadan gelen hatlary tapjak bolaýyn, eger olar hakykatdanam bar bolsa. Ejem bilen kakamyň otagynda hemme zat elenmän durdy. Men ol otagyň hiç zadyny üýtgetmedim. Boş günümi sarp edip olaryň otagyny doly dördim. Öýmüziň hiç ýerinde gizlin hatlar ýok. Hakykatyň anygyna ýetmek üçin iň soňky umyt şo dälihanaň işgäri gyzjagazy tapmaly. Ýolbaşçy adam özüne gelen bir hatyň salgysy bir ýaşaýyş jaýy diýipdi we şol ýerde bir aýal bar diýipdi, belki çözgüt şol ýerdedir? Men ýene boş günüme gabatlap şol şähere gidip dälihanaň ýolbaşçysynyň ýanyna ýene bardym. Ol meni görenine geň galmady. Men ondan şol özüne gelen hatyň ugradyjy adresini soradym. Men ol ýaşaýyş jaýy barladym ol ýerde hiç hili şübhenelere zat ýok, diňe bir gary aýal ýaşaýar diýdi. Men ondada ol ýeriň salgysyny aldym. Ýolbaşçy maňa ol ýeriň salgysyny berdi, ýöne gaýdyp hiç haçan dälihana gelme diýip menden söz aldy. Men şol salgy boýunça bardym. Gapyny dogrydanam bir gary aýal açdy. Men näme diýjegimi bilmän pikirlenip durdym. Men, öňümde gapyny açsalar sözler öz özünden agzyma geler öýtdim ýöne beýle bolmady. Gapyny açan daýza sesini çykarman meni synlady. Soň gapyny ýapman yzyna girdi we birne bir zat diýip hümürdedi. Az salymdan meň öňümde aýalmy ýa-da gyzmy belli däl, biri peýda boldy. Ol meni öýe çagyrdy. Men oň yzy bilen girdim. Ol meni öz otagyna saldy we diwanda otyrtdy. Menden gözüni aýyrman synlady. Sen oňa meňzeş diýip gyz duýdansyz gürledi. Kim oňa diýip men sorag berdim. Şol oglana....... sen bilýäňa men kim barada diýänimi, diýip gyz gaharlyrak jogap berdi. Soň men gyza maňa gelen hatlary görkezdim. Ýygna hatlaryňy, ol maňa hatlary okamagy gadagan etdi diýdi gyz. Kim ol diýip men ýene soradym. Seň doganyň diýip gyz jogap berdi. Gyz azajyk dymyp şeý diýdi: Men saňa bar zady öz bilşime görä aýdyp bereýin, ýöne sözümi bölme gutarynçam. Soraglaryňy aýdyp bolamsoň berersiň. Bolýamy? Men razylaşdym, gyz gürüňini başlady: Men şol dälihanada işleýän döwrüm bize täze ýaş oglanjygy geçirdiler. Men ol oglanjygy görenimden haladym, nähili haladym? Jynym aldy diýen ýaly. Geň tarapy ol oglan diňe meni öz ýanyna ertýärdi, we diňe meň beren naharymy iýýärdi. Ýolbaşçylar maňa bar işi taşlap diňe şol oglan bilen meşgullanmagy tabşyrdylar. Oglan ýaş bolansoň onda täze derman serişdeleri barlap ugradylar. Ýaş organizm duýgur bolýar, şoň üçin oglan gowy gabat gelýärdi barlaglara. Ýene oňaýly tarapy oglany hiç kim iýdänokdy, hosarlary soramaga gelenok. Ol dünýede ýalňyz ýalydy. Birden barlaglar esasda heläk bolsada hiç kimiň öňünde düşindirmeli boljak däldi. Garaz oglanjyk gaty oňaýlydy biziňkiler üçin. Oglanyň Meň bilen oňuşýanyny bilip ýolbaşçylar maňa doly rugsat berdiler, men oň otagynada uzakly gün oturýadym. Hemişe näsaglar umumy otaglarda bolýarlar, ýöne oglanjyk barlag astynda bolansoň aýratyn otag berdiler. Az salymdan ol meň bilen gürleşip ugrady. Men gaty geň galdym oň gürleýän gürrüňlerine. Geň ýeri oň keseli aý bilen baglanşykly ýalydy. Belli belli günler gürleşýärdi, belli belli günler kän söz alyşanokdy. Oň meň bilen gürleşmegi ýolbaşçylar üçin gaty wajypdy, sebäbi olar öz barlaýan dermanlarnyň täsirini bilmelidiler. Men şol ýagdaýdan peýdalanyp otagyň içine hiç kimi salman uzakly gün oglan bilen iki çäk geçirýärdim. Oglan diňe meň bilen iki çäk galanda gürleýärdi. Men ol oglana däli ýa-da näsag diýip biljekdäl, ýöne kabir zatlary geňiräkdi. Wagtyň geçmegi bilen barlag dermanlar oňa ýaramaz täsirini ýetirdi, gijelerne çydap bolmaýan kelle agyrlar we ukysyzlyk başlady. Ýöne ýolbaşçylar barybir öz synaglaryny dowam etdiler. Günleriň birinde men irden işe baryp oglanyň otagyna giremde men ony tanamadym. Bir gijäň içinde oglan gaty üýtgäpdir. Gözleri başgaça seredýär, has manyly. Men bir bada gorkdym oň bilen iki çäk galmana. Ýöne ol, gorkma men saňa zat diýmerin diýdi. Men oň sözlerine haýran galdym, hamala oglanyň bedeninde gulplanan uly erkek ýaly gürledi. Men oň adyny tutup ýüzlenemde ol maňa gaýdyp şol ady hiç haçan agzama diýdi. Men seň adyňy näme diýip tutaýyn diýip soramda, meň adym başga, sen gowsy meň çyn adymy bilme diýdi. Men oň bize dokumetler bilen gelen adyny tutýardym. Belki ýolbaşçylar hakyky adyny üýtgedendirler, men ony bilemok, Ýöne ol maňa adam ady bilen ýüzlenmäni gadagan etdi. Soň başlan zatlar tasana meň öz aklymy alaşdyrýardy. Oglan bir ýerlerden meň ähli syrymy bilýärdi. Men barada ähli zady. Meň özüme boýun almana gorkýän bar syrlarymy bilýärdi. Diňe men däl, eýsem öz ejesi kakasy barada ähli zady, hatda keselhanaň bar işgärleri barda ähli zady bilip başlady. Bilemok oglana näme täsir etdi, synag dermanlarymy ýa-da başga zatmy ol birden gaty üýtgedi. Ol meň erkimi doly döwdi, men hatda oň ýanynda gymyldamana gorkýädym. Ýöne jadylanan ýaly şoň otagyndan çykasym gelenok. Işden soň öýe barsam, günüň çaltyrat dogaryny diläp, turdygym ylgap göni işe gidýärdim. Oglanjygy meň gowy görşim ýaly hemmeler halanokdy, agşam nobatçylyk çekýänler samsyk häsýeti bardy, wagyt geçenok diýip näsaglara azar berýärdiler. Işgärleň içinde oglanyň göwnüne degeneň tapyldy. Elbetde şu wagyt ol adamlar öz edýän işleri üçin ýowuz töleg tölediler. Oglany tanan adamlaryň bary diýen ýaly ýowuz töleg tölediler. Hatda menem. Ýöne bar zat yzygyderlikde aýdaýyn. Wagtyň geçmegi bilen oglanda hemme kişä ýigrenç döräp ugrady. Ol hemmelerden ar alasy geldi. Öz ejesinden kaksyndan we keselhanaň işgärlerinden. Bir gün ol özüniň öljegini aýtdy we maňa hay ýazmaga kagyz we konwert getir diýdi. Men diýşi ýaly etdim. Oň iň birinji ýazan haty maňa degişli, ol haty kanwerda salyp peçatlady. Men entegem ol haty okamaga gorkýan. Soň ol gaty köp hat ýazyp başlady. Ýazan hatyny maňa görkezmän, konwerda salyp ugradyjyň ýerine dälihanaň adresini ýazyp, barmaly ýerine maňa beli däl adresi ýazyp, haty gyra aýyryp indiki hata başlaýardy. Men geň galýadym ol oglan ol öý salgylary nirden bilýär. Şeýdip ol 3000-den gowrak hat ýazdy. Ellbetde ol hatlary 4 ýylyň içinde ýazdy, ýöne birinem özi ugratmady. Ol hatlary ölenimden soň ugradyp başla diýip maňa tabşyrdy. Men bilemok ol hatlaň içinde näme bar we hat almalylar kimler, ýöne käbir zatlary oglan mäňa düşündirdi. Hat almaly adamlaň köpüsi öz janyna kas eder diýdi. Hatlar belli tertipde gider ýaly aýyň haýsy güni haýsy konwerdy poçta eltmelidigni maňa bellik edip berdi. Meň oň ölüminden soň hatlary edil oglanyň tabşyrşy ýaly yzygyderlikde poçta äkidip ugradym. Men bilýädim oň ýazan hatlary adamlaň içinde ahyrzaman döredýänini. Ýöne barybyr ol hatlary men ugratdym. Oglanjyk, maňa beli däl usul bilen adamlar barada hemme zady bilip ugraday, meň göwnüme bolmasa ol gelejegem bilýädi, mysal üçin seň şu gün geljegiňi maňa aýdyp gitdi. Garaz 3000 gowrak hat, bir giden adamyň ömrüni zaýalady. Bary näme üçin? Bir oglana düşünmedik dünýe üçin. Oglanyň gözünde tutuş dünýe we adamlar, dälihana, ony zyňam eje we kaka, hemme ýylgyrýan we bagytly adamlar, uly bir duşmançylygyň bölegi. Ol hakykatdanam hemmeleri ýigrendi. Bir meni gowy görýärdi. Dälihanaň içinde hiç kimden ar alyp bilmejegini bilip, ölüminden soň hatlaryň üsti bilen öz oýununy başlady. Oglanyň ölüminden soň biziň şähermizde köp adam öz janyna kas etdi. Olaryň hemmesi dälihana degişli adamlar. Ýönekeý hatyň üsti bilen adamy ölüm ýagdaýa ertip bolýan eken. Elbetde ol hatdaky sözler ýönekeý däl. Her bir öz janyna kas eden adama, barýan hatlar gaty inçelik bilen ýazylan. Başda ýönekeý gargyç sözleri, soňky hatlarda durmuşda eden ýalňyşlyklaň, soň hiçkimiň bilmeýän syrlary, soň ol syrlary hatyň üstü bilen hemelere aýan ediljekdigi barada gorkyzma, we şuňa meňzeş usul bilen ýazylan zatlar. Meň göz öňüme gelýär hat alýan adam özüni nähili duýýar. Mysal üçin çaga döwüriň otlap öldüren gijügiň ýa-da pişigiň barada biri bilip hat üsti bilen saňa ýatladyp durýar. Biri seň durmuşyňy nokatma nokat bilýän ýaly. Elbetde ol hatlaň täsiri we ulanylýan psihologiki emelerini oglanyň özi düşündirdi. Maňa hatlary açyp okamagy ol düýbünden gadagan etdi, men okamazdymam, sebäbi okap men ol hatlaty ugradyp bilmezdim. Belli adresa iň soňky haty göýberemde ol haty aljak adam öz janyna kast etjegini men bilýärdim. ✨Dowamy bar✨

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir