Däliden gelýän hatlar. (4-nji hat) Dälihanaň ýolbaşçysyndan gelen haty alamsoň men eglenmän ýene şol şähere ýola düşdim. Däli hanaň ýolbaşçysy meni kabul etdi, ýöne ol maňa gelen haty ýazandygyny boýun almady. Ýolbaşçyň sözleri şeýle; Size gelen hatdaky zatlar dogry. Hakykatdanam bize bir oglanjyk geldi we ol 4 ýyldan soň öldi. Ýöne synag edilýän derman serişdelerinden däl, öz bejerip bolmaýan keselinden öldi. Oglanjyk ölenden soň hakykatdanam däli hanaň adyndan dürli hatlar dürli ýerlerik ugradylyp ugrady. Esasan işgärlere bardy hatlar. Men ylym işgäri hökmünde ar alýan ruh we başga zatlara ynanamok, ýöne hatlaryň kim tarapyndan ugradylýanyny biz bilemzok. Oglanjyk bolsa ýaşlykdan akyly üýtgän, ony bize başga bir keselhanadan geçirdiler. Men entegem ol oglanyň keseli barada oýlanýan we belli diýagnaz goýup bilemok. Oň keseli entek medisina belli däl. Ol oglan özüni gaty geň alyp barýady, hiç kim bilen gürleşenok. Gelen döwürleri asla nahar iýmekden boýun gaçyrdy, biz näme etjegimizi bilmedik. Bolsada medsestra gyzlaryň biri oň bilen umumy dil tapdy we oglanjyk şol gyzyň beren naharyny iýip ugrady. Oglanjyk ölenden soň oňa öwrenşen medsestra gyz işden çykyp gitdi, belki ol oglanjyga öwrenşendir we dälihanaň dywarlary onda erber ýatlamalary oýarýandyr, biz bilemzok. Näme bolsada oglanyň ölüminden soň bir aýdan gowrak wagyt geçip dälihanaň işgärlerine herhili hatlar gelip ugrady. Hatlar öz düzümi boýunça gaty dürli. Bir hatda alkyş okalsa bir hatda diňe gargyç. Işgärlere barýan hatlar dälihanaň adyndan, ýagny işgärleň iş ýerinde, özem şol ölen oglanyň ýatan otagy adresda gökezilen. Işgärler bir bada bar zada oýundyr öýdip hatlary maňa getirip okatýardylar. Soň ol hatlaryň düzimü üýtgedi. Meň işgärlerden eşidişime görä hatyň düzüminde hiç kime belli bolmadyk maşgala syrlary ýaýradylyp ugrady. Mysal üçin bir işgäre seň aýalyň plany bilen gezýär, eger tutasyň gelse plan ýerik diýip gidende yzyna düşäý. Gelýän hatlaryň esasynda maşgalalar dagap ugrady. Işgärler işden çykyp ugradylar. Keselhanada her hili gorkynç rowaýatlar we başga aklyňa sygmajak zatlar ýaýrady. Gijeki nobatçy toparlaryň biri, hamala ölen oglanjygy, gije karidorlaryň birinde aglap ýören sesi eşidilýändigini barada gep ýaýradyp ugrady. Garaz oglanyň yzy bilen tutuş keselhanaň akly alaşdy. Köne işgärlerden diňe men galdym. Galany çydaman pytradylar. Elbetde hemme kişä erbet hatlar gelmedi, içinde gowy hat alanlaram bar. Ýöne ol adamlaram keselhanada ýaýradylýan rowaýatlardan soň işden çykdylar. Dogrysy her hili hatlar meň hem oý salgyma gelýärdi. Meň öýüme gelen iň soňky hat meni gaty geň galdyrdy. Ol hatyň düzümi şeýledi; Diňe sen galarsyň, şol gargyş siňen ýerde, bolan zatlary hemme kişä gürrüň bermek üçin. Elbetde men hatyň näme aňladýanyny bilýädim. Ol gelen iň soňky hatyň ugradylan adresi meni geň galdyrdy. Dälihana derek başga bir ýaşaýyş jaýyň salgysy görkezlendi. Men ol salga baryp gördim. Ol ýerde bir garry aýal ýaşaýardy. Ol aýal ugradylýan hatlar barada hiç zat bilemok diýdi, men näme üçindir oňa ynandym. Garaz syrly hatlar baradaky tapmaçadan men ýadadym. Dälihanaň işgärleri tutuş çalşansoň hatlar gelmäni goýdy. Belki ol käbir işgärleriň öýüne entegem gelýän bolmagy mümkin men bilemok. Ýöne uzak wagyt dinçlikden soň bir erkek adam eli hatly bärik geldi. Oň elinde bir topar hat bardy. Ol hatlaryň bary hamala biziň dälihanamyzdan ugradylanmyşyn. Ol adam hat ugradýan näsagy göresim gelýär diýdi. Men ol hatlar bir ýowuz oýundyr diýip ol erkek kişini ugratdym. Soň ol erkek gaýdyp gelmedi. Ýöne oňa biziň dälihanamyzdan gelen hatlaryň birini men alyp galdym, belki ol erkek bermezdi, ýöne men ýazylan haty näsaglaň "poçerki" bilen deňeşdijek diýip alyp galdym. Garaz ol erkek ýitip gitdi. Soň az salymdan bir aýal peýde boldy. Oň elundede biziň dälihanamyzdan gelen hatlar bardy, ol aýal hem syrly ýazjyny gözleýärdi. Ol aýal menden doly jogap alman ýitip gitdi we soň görünmedi. Özüne gelýän hatlar barada maňa hiç zat aýtmady. Indi ençeme wagytdan soň siz gelýäňiz eliňiz hatly. Men dogrymy aýtsam bu hatly waka hiç haçan gutarar öýdemok. Garaz ýolbaşçy sözlerini şeýdip gutardy. Men oň sözlerini bölmän diňledim. Soňundan men ondan şol erkek kişiden hile bilen alan hatyny soradym. Ol ýolbaşçy pikirlenmän haty maňa berdi. Ol hat 4-nji hat; Gadyrdan kaka, men söz berşim ýaly ýenede saňa ýazýan. Meň ýagdaýlam gowy, şoň üçin meni sorajak bolup alada galmaň. Elbetde meni keselhana tabşyransoňyz siziň oglyňyz bolandyr. Men jigimiň bolanyna begenýän. Elbetde men jigim bilen irde giçde görüşerin. Ol meň bardygym barada bilýänem däldir. Ýöne zyýany ýok, men seň we ejemiň ölüminden soň jigim bilen hökman tanşaryn. Ejeme we jigime gowja seret kaka. Esasanam ejeme. Bu 4-nji haty alyp men ýolbaşçy bilen hoşlaşyp öz öýüme gaýtdym. Öýe baryp bar eşiden zatlarym barda pikirlenmelidi we kimiň kimdigi barada netij