Däliden gelýän hatlar. (2-nji hat)
Birinji haty alanymdan 4 aý geçenden soň men 2-nji haty aldym. Ol hat şol bir däli hanadan ugradylypdyr. Ikinji hatdan soň meň kelläme gorkyly pikir geldi. Haty ugradýan kimem bolsa ol meň öý salgymy bilýär. Men boş wagyt tapyp şol däli hana gitdim. Ol däli hana biziň şäherimizden daşyrakda ýerleşsede gidip ol hat ýazyjyny öz gözlerim bilen göresim geldi. Men hatyň yzynda görkezilen adresdaky däli hanany tapyp, oň ýolbaşçysy bilen duşyşyp maňa gelen haty görkezdim. Dälihanaň ýolbaşçysy gowy adam bolup çykdy, maňa öz wagtyny sarp etdi. Ol adam maňa gelen iki hatam üns bilen okap görüp, öz keselhanasynda bu hatlary ýazyp biljek syrkawyň ýokdygyny aýtdy, we ol hatlar kimdir biriniň ýowuz oýnydyr diýip meni ynandyrjak boldy. Ýolbaşça men dälihana diýip gürleýän sözlem ýaramady öýdýän. Biziň gürüňdeşligimizde her gezek men dälihana diýemde ol meni keselhana diýip düzedýärdi, her gezek men däli sözüni agzamda ol näsag diýip meni düzedýär. Meň ýitiren wagtym biderek boldy ýöne ýolbaşçy bilen duşuşyk meni begendirdi. Näme diýseňem däli syrkawlary sylaýan ýolbaşçyň bardygyny bilmek ýakymly. Näsaglar barada maglumaty bermekden ýolbaşçy düýbünden boýun gaçyrdy. Sebäbi bu hereket kanuna laýyk däl. Maňa gelen iki hat ýuwuz oýundyr diýen pikir bilen men öýüme tarap ugradym. Ikinji hatyň mazmyny: Gadyrdan doganym elbetde bizi ýuwuz ykbal aýra saldy, ýöne sen gynanma. Meni bejerýän lukman meň irde giçde sagaljagyma ynanýar. Eger şeýle bolsa, a men oň şeýle boljagyna ynanýan, biz hökman ýene bileleşeris. Elbetde saňa köp zat barda gürüň beresim gelýär, ýöne men köp ýazyp bilemok, bejergi dermanlaň täsirinden meň ellem titreýär. Meň ugradan sowgadym seň göwnüňe ýarandyr diýip umyt edýän. Indiki doglan günüňe Ejemiziň ölümine sebäp bolan zady ugradaryn. Indiki hata çenli hoş gal. ✨Dowamy bar✨
Arslanova.L_05 3 years ago- +++