Deýl Karneginiň «Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli?» atly kitabynyň ilkinji neşiri 1937-nji ýylda okyjylara ýetirilýär. Onuň şol gezekki tiražy bar-ýogy 5 müň nusgadan ybarat. Deýl Karnegi we kitaby çap edijiler Simon bilen Şuster beýle köp satyşyň boljagyna garaşmaýarlar. Beýle üstünlige olar geň galýarlar. Kitap bir gijäniň özünde ençeme okyjynyň söýgüsini gazanýar. Şol sebäpden hem ol yzly-yzyna çap edilip, okyjylaryň islegleri kanagatlandyrylýar. Ol okyjylaryň ýüreginde aýratyn orun eýeläp, şol günden soňra iň gowy kitaplaryň hataryna girmegi başarýar. Deýl Karneginiň bu kitaby 1993-nji ýylda Ahmet Gurbannepesow we Gurbanmyrat Hojamyradow tarapyndan türkmen diline terjime edilýär.

Deýl Karnegi million dollar gazanmagyň iňlis diline bir söz düzümini goşmakdan has aňsatdygyny aýdýar. «Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli?» hem syýasy makalalaryň we romanlaryň ençemesinde ulanylmak bilen, özboluşly söz düzümine öwrülýär. Kitap häzirki wagta çenli öňdebaryjy dilleriň birentegine terjime edildi.

Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar: Dostlaşmagy, adamlar bilen nähili gatnaşmalydygyny her bir adamyň özi hem bilýärkä Deýl Karneginiň bu kitabyny näme üçin okamaly? Kitabyň artykmaçlygy näme? Bize öňdenem bilýän zatlarymyzy aýtjak bolsa, onda bu kitaby uly isleg bilen alyp okamagyň hajaty nämekä?

Muňa jogap bermek üçin ilki bilen biz Deýl Karneginiň özüniňem aýatda dirikä öz bitiren işlerini gaýta-gaýta, irginsizlik bilen öwrenendigini bilmeli. «Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli?» kitaby ýazyjynyň «Täsirli gürlemek» we «Ynsan gatnaşyklary» sapaklarynda okuw kitaby hökmünde ulanylmak üçin ýazylypdyr. Şu wagt hem ol okuw kitaby hökmünde peýdalanylýar. Kitapda dost gazanmak we täsirli gürlemek ýaly ynsan gatnaşyklarynda özüňi nähili alyp barmalydygy, haýsy halatlarda adamlar tarapyndan makullanýan ýa-da ýazgarylýan ýagdaýa sezewar bolunýandygy köp kişä belli hem bolsa, «Möhüm däl-le!» diýlip başdansowma garalýan, aslynda weli ynsan gatnaşyklarynyň özenini düzýän häsiýetlerdir hereketler aýdyň we giňden düşündirilýär.

Deýl Karnegi ömrüniň soňuna çenli, ýagny 1955-nji ýyla çenli, kitaby gaýta-gaýta okap, onda döwrebap özgerişlikleri geçiripdir. Ol öz metodikasynda yzygiderli özgerişlikleri amala aşyryp, kitaplaryna täzelikler girizip durupdyr. Kitaplary we beýleki bitiren işleri üçin Karneginiň owazasy häli-häzir hem belentdir. Onuň bu kitabynyň okyjysy ýyl saýyn artmak bilen, müňlerçe adam Karneginiň eserlerinden sapak alýar. Ýene-de şonça adam onuň «Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli?» atly kitabyny durmuşyny has gowulandyrmak maksady bilen ürç edip okaýar we öwrenýär.

Deýl Karneginiň özi kitabyň näme sebäpden we nähili ýazylandygy barada

«XX asyryň ilkinji otuz bäş ýylynda Amerikanyň neşirýat merkezlerinde millionlarça kitaplar çap edilýärdi. Olaryň köpüsi örän ýürekgysgynç kitaplar bolup, birentegi adamlara çykdajy etdirmekden başga işe ýaranokdy. Iň uly neşirýat merkezleriniň biriniň dolandyryjysy bir gezek, öz şereketiniň ýetmiş bäş ýyllyk tejribesine garamazdan, her çap edýän sekiz kitabynyň ýedisinde puly köýüp, zyýana galýandygyny boýun aldy.

Beýle bolsa meniň başga bir kitap ýazmaga meýillenmegimiň sebäbi näme? Men ýazanymdan soňra siz näme üçin bu kitaby okamaga synanyşmaly?

Ikisem gowy sorag. Häzir oňardygymdan jogap berjek bolaýyn.

Men diňe bir Nýu-Ýorkda däl, başga-da birnäçe şäherde telekeçi we professional zenandyr erkeklere täsirli gürlemegiň ýollaryny öwretdim. Ynsan gatnaşyklary barada ýazylan ýörite kitap bolmansoň, sapakda gerekli boljak kitaby özüm ýazmaga synanyşdym. Hötdesindenem geldim. Halansyňyz diýip umyt edýärin.

Kitaby taýynlamak üçin gazet-žurnallardaky ýazgylary, makalalary hem-de tema degişli tapyp bilen ähli maglumatlarymy okadym. Kömekçim ikimiziň diňe Teodor Ruzweltiň özüne degişli ýüzden gowrak biografiýa okandygymyz ýadyma düşýär. Biz başga hiç zada wagt aýyrmazdan, hiç hili bahana aramazdan, diňe haýsydyr bir adamyň dost gazanmak ýa-da täsirli gürlemek babatda ulanyp biläýjek her bir pikirini ýüze çykarmaga çalyşdyk. Şol toplan maglumatlarymyň kömegi bilen «Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli?» atly gysga leksiýamy taýynladym. «Gysga» diýmegimiň sebäbi ol başda gysgady, soň göwrümini ulaltmagym netijesinde bir sagat otuz minutlyk leksiýa öwrüldi.

Bu kitap, şu günki görnüşi ýaly, edil bir günde dörän kitap däl. Ol edil çaganyň ulalyp kemala gelşi ýaly özgerip, şu günki katdyna ýetdi, laboratoriýanyň daşynda, kämil adamlaryň edinen tejribeleri esasynda ösüp kemala geldi.

Kitapda beýan edilen maglumatlar esasynda ençeme satyjynyň söwdasy oňup, ýokary derejelere galdy, galdygyça-da özgerdi. Birentek dolandyryjynyň at-abraýy we alýan aýlyk haklary bu kitabyň kömegi bilen ýokarlandy. Hatda munuň bilen baglylykda bir dolandyryjy kitapdaky düzgünler boýunça hereket etmek bilen işiniň hilini gowulandyrandygyny we alýan hakynyň hem esli ýokarlanandygyny aýtdy.

Adamlar özleriniň ýeten netijesine geň galýarlar. Bu bir keramat ýaly görünýär. Käte adamlar iş günlerine çenli garaşyp bilmän, ýekşenbe günleri hem öýüme jaň edip, gazanan üstünliklerini, amala aşyran öňegidişliklerini buşlamaga sabyrsyzlanardylar…

Prinston uniwersitetiniň öňki ýolbaşçysy Jon G. Hibben bir duşuşygymyzda «Bilim – bu durmuşdaky dürli ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak başarnygydyr» diýipdi.

Eger kitabyň ilkinji üç bölümini okap bolanyňyzdan soň, azajyk hem bolsa özüňizi durmuşdaky dürli ýagdaýlara taýýarlykly duýmasaňyz, men bu kitaby tutuşlygyna biderek çekilen zähmet hökmünde görmeli bolaryn. Herbert Spenseriň aýdyşy ýaly, «Bilimiň iň esasy maksady gönüden-göni maglumat öwrenmek däl-de, öwrenilen maglumatlary amala aşyrmak üçin herekete geçmekdir». Bu kitap hem hut öwrenenleriňi amala aşyrmak, başgaça aýdylanda, herekete geçmek baradadyr.»

Kitabyň gurluşy barada

Kitap jemi 6 bölümden ybarat bolup, her bölüm hem birnäçe bapdan durýar:

Adamlar bilen gatnaşygyň esasy tärleri (3 bap)
Berjaý eden halatyňda, adamlara ýagşy görünmäge mümkinçilik berýän alty düzgün (6 bap)
Adamlary öz nukdaýnazaryňa imrindirmek üçin berjaý etmeli on iki düzgün (12 bap)
Berjaý eden halatyňda, göwnüne degmän, öýkeletmän adama täsir edip bolýan dokuz düzgün (9 bap)
Jadylaýjy täsir edip, geň galdyryjy netije beren hatlar
Berjaý eden halatyňda, maşgala durmuşyň has bagtyýar bolmagyna mümkinçilik döretjek ýedi düzgün (7 bap)
Bu kitabyň kömegi bilen ýokarda agzalyp geçilenleriň hemmesi otuz alty dile terjime edilip, on müňden gowrak okyja ýetirildi. Mundan beýläk okajaklara-da kitabyň peýdasy deger diýip umyt edýäris.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir