GÖRIPLIK Abdullah ibn Mesuddan (radyýAllahu anhu) rowaýat edilmegine görä Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle aýdýar: „Hiç kime göriplik etmäň. Göriplik diňe şu iki ýagdaýda dürsdir (ýagny günä däldir). 1)Allahyň (jelle jelaluhu) baýlyk beren bendesi we şol baýlygyny diňe haýyrda sowýan adama. 2)Allahyň (jelle jelaluhu) hikmet beren we şol hikmeti bilen amal edýän, başgalarada öwredýän adamsyna.“ (Buhari) ŞERHI: Göripligiň ähli görnüşleri günädir. Sebäbi bu kalp keselleriniň biridir. „Iman bilen göriplik bir kalpda bilelikde bolup bilmez“ hadysy hem şoňa iň gowy delildir. Dürs bolan göriplige arapçada „hased“ diýilmän „gypta“ diýilýär, ýagny arzuw etmek, guwanmak, men hem şular ýaly bolsam we şu adam ýaly sogap gazanyp bilsem diýmeklikdir. Indi şu iki sany gypta ýagdaýy barada giňişleýin durup geçeliň, sebäbi bu iki ýagdaý Allah Tagalanyň adama nygmaty we lutfydyr. Allah (jelle jelaluhu) kime haýyr islese, söýse şu nygmatlary we häsiýetleri şoňa berer. 1)Şu adama nähili gypta etjek däl, oňa Allah (jelle jelaluhu) baýlyk beripdir we ol adam baýlygyny din ýoluna gysganman sarp edýär. Sebäbi şol adam baýlygyň baky däldigine, amanat bolandygyna we şol baýlykdan soraljakdygyna gowy düşünýär. Şol baýlyk bilen (dogry we ýerlikli infak edip bilseň) din Yslamyň galmagyna, kuwwatlanmagyna we ýaýramagyna sebäp bolup bir giden sogap gazanyp biljekdigine we Allah (jelle jelaluhu) razylygyna gowuşjakdygyna berk iman edýär we gowy düşünýär. Elbetde şeýle adamyň ýerine men bolup, şunça sogap gazansadym diýmek her bir musulmanyň tebigy islegidir we munda günä bolup bilmez. Emma sen şu baýlyklaryň öz nebsiň üçin sarp etmek niýeti bilen sende bolmagyny isleseň, onda elbetde bu dürs bolmaz. Şeýle ýagşy häsiýetdäki baý adamlaryň sany gitdigiçe azalýar. Baýaýan musulmanlar köplenç Allahyň (jelle jelaluhu) öňündäki jogapkärçiliklerini unutmak bilen bolýarlar. Waswasalara gulak gabardyp derrew ulymsy bolmak, özüm gazandym diýmek bilen bolýarlar we gysgançlyk häsiýetine eýe bolýarlar. Şeýlelik bilen gaty uly sogap gazanmaklyk pursatlaryny elden giderýärler. 2)Allah (jelle jelaluhu) ylym we hikmeti diňe öz söýýän adamlaryna berýär. Ylym yhlassyz we ýaman niýetli adamlara, tekepbir we riýakär adamlara öz syrlaryny hiç wagt açmaýar. Ylymly we şol ylymy bilen adamlary dogry ýoly gönükdirýän adamlara neneň guwanmajak we nähili şolar ýaly bolmany arzuw etmejek. Bu adamlar öz ylym we hikmetleri bilen dini ýaýradyp oňa kuwwat berýärler. Birnäçe adamyň hidaýete gowuşmagyna, takwa derejeleriniň beýgelmegine we Allaha (jelle jelaluhu) has hem golaýlaşmagyna sebäp bolýarlar. Olar her ýerde ýagşylygy buýuryp, ýamanlykdan alyp galýarlar we çyrag ýaly daş-töweregini aýdyňladýarlar. Hadysda ol adamlaryň ilki bilen özleriniň öz ylymlaryna laýyk ýaşaýyş alyp barýandyklary nygtalýar. Sebäbi ylymlary özlerine peýda etmese olar iň betbagt adamlar we günäkär adamlardyr. Kuran ylymlary bilen amal etmeýän adamlary, kitap ýükli eşege meňzedýär. Adam bir zady bilip biler, şol barada giňişleýin maglumaty bar bolup biler ýöne bu ylym däldir. Eger özi şonuň bilen amal etmese we adamlara ylmyny ýetirmese. Hadyslarda ylmyňy gizlemekligiň uly günädigi aýdylyp geçilýär. Alym adam - köp bilýän adam däldir, eger onuň ylmy adamlara peýda bermeýän bolsa. Alymyň ýeri Yslamda diýseň hormatlydyr, hatda hadyslarda onuň ukysy ybadat edýän adamyň ybadatyndan has haýyrlydyr diýilýär. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) ymmatyň alymlarynyň derejesiniň ýahudilere gelen Pygamberleriniňki (sallaLlahu aleýhi we sellem) bilen deňäpdir. Elbetde her bir musulman şol derejä ýetmekligi arzuw eder. Eger alym bolmana güýji ýetmese, ol hadysda aýdylyşy ýaly olaryň diýeni bilen bolar... Galan göriplikleriň düýbinde diňe göribilmezçilik, tekepbirlik, gysgançlyk we sygdyrabilmezlik ýaly nebis arzuwlary bolansoň, olar düýbinden günädir. Göriplik imanyň tersi we amallardyr-sogaplary ýakýan bir fasyklykdyr. Göriplik adamyň iman nuryny öçirişi ýaly, aň düşünjäňi, ahlak häsiýetiňi hem bozýar. Adam hakykatdan hem ruhy kesele uçrap näme edip ýörenini bilmän bütin ömrini göripligi bilen köýdirýär.
Göriplik, göribilmezçilik hakynda
-
GULSHATKA_03
3 years ago
- ++++++
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++like
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- Credo men banlandymlai dostluk.ru da inni nam etmeli
Perhat Sabirovv 3 years ago- ++++