Salam agalar, iniler, uyalar, jigiler... Gecen gunlerde, bir enanin basyndan gecenleri barada .ppt fayly elime gecdi. Okamda gozume yas aylanyp gitdi. Son sony turkmence terjime edip turkmen halkyma hodurlemek pikiri geldi. epesli wagtdan bari turkmenistanda bolmanym ucin hem turkmence kop okamanym ucin terjime hem kyn boldy hem gaty gowy bolmady. Yenede youtube bizinem gosandymyz bolsun maksatly goydum... asakda linki bar. wagtynyz bolsa dusunjelerinizi yazsanys, men yazyjylyk (!) gelejegime gosant gosarsynyz... Ynha Su Yerde
"Youtube" da goz yashy...
-
GurbanNazar
16 years ago
- ombudsman1984 dost sen b/n tanysyp bolmazmy? ozun barada mini maglumat bersene mumkin bs!
-
ata
16 years ago
- Yokardaky link yalnysh ekeni, ynha, dogrusy:
Ejanin mukaddesligi atly mowzukda bar.
Aslynda, men terjime edipdim we yslam.info, sahypasynda "Eje mähri" ady bn goyupdym.
Ynha-da üýtgedibräk edilen doly terjimesi:
Eje mähri
Kiçijek çagajykdy. Yrakda bir şäherde ýaşaýardylar. Mekdebe ýaňy-ýakynda gidip başlapdy. Onuň ejesi hem maşgalasyny dolandyrmak üçin mekdepde aşçy bolup işleýärdi, sebäbi ýanýoldaşy söweşde wepat edipdi. Onuň ýeke gözi bardy. Çagasy bu ýagdaý sebäpli örän utanýardy we ejesi bilen bile görünmek islemeýärdi.
Bir gün ejesi ogluny görmek üçin synplaryna geldi. Şonda ogly örän utanypdy. Synpdaşlary oňa ejesiniň bir gözüniň barlygyny aýdanlarynda, ýere giräýjek bolýardy. Ol ejesine gaýdyp gözüne görünmezligini aýdypdy şol wakadan soňra.
Ol örän köp çalyşyp, Singapurda bir üniwesiteti gazanypdy we ol ýere okamaga gidipdi. Örän oňat netije bilen gutaryp, örän oňat ýerde-de işe başlapdy. Öýlenipdi we çagajyklara eýe bolupdy.
Bir gün ejesi ogluny görmäge gelipdi. Gapyny açan agtyklary oňa gülüpdiler. Ogly bolsa ýene oňa özüni görmäge gelenligi üçin gygyrypdy we kowupdy. Ejesi bolsa öýi ýalňyşyp gelenini bahanalap, örän gamgyn aýrylypdy ol ýerden.
Bir gün ogluna çakylyk gelipdi, uçurymlar güni bellenýärdi we ol hem çagyrylypdy. Aýalyna iş bahanasy bilen Yraga gidýänini aýdyp, oturlyşyga gatnaşypdy. Bir bahana bilen öňki öýlerine hem gidip göreýin diýip, köräneje we çalam-çaş bolup duran öýlerine barypdy. Oňa goňşulary ejesinden bir hat berdiler, hatda şeýle ýazylýardy:
“Salam oglum! Seniň işdäki başarnyklygyna guwanýardym. Uçurym oturlyşygyna gelýäniňi eşidip, örän begendim, ýöräne men bu hassa halym bilen seni görmek üçin ýerimden hem turup bilmäýmesem diýip, örän gorkýaryn!
Bilýärmiň, oglum, sen kiçijekkäň pyçak bilen oýnap, gözüňi ýitiripdiň. Seniň şol ýagdaý boýunça ömür boýy utanyp gezmegiňe eje ýüregim çydam edip bilmezdi. Men öz gözümiň birini saňa berdim. Bu ýagdaýa, ýagny, seniň ýene-de iki gözüň bilen ýaşap başlanyňa diýseň guwanyp gezdim. Soň bolsa gijämi gündiz edip, senin mekdepde okamagyň üçin, birnäçe ýerde saçymy sübse edip işledim, elbetde, bu ýagdaýlary saňa aýtmadym.
Singapura gelip, çagalaryň ýanynda seni gynandyranym üçin, şu wagta çenli seni gynandyran we ynjydan bolsam, meni bagyşlamagyňy dileýärin, oglum! Hakyňy halal et!
Hemişekisi ýaly, iň oňat arzuwlarym we mährim bilen, ejeň!”
-
ata
16 years ago
- wiý, ýokardaky terjimäni öňki talyplarda-da goýupdym. Şonda okan bir gyz agzamyz, okap bolansoň, aglap başlapdyr. Soň öýlerine barybam, ejesini gujaklap, ýene köşeşip bilmän, sesli aglapdyr. Ejesine köşeşdirmek iş bolupdyr-da, garaz :)
Özi çyksyn, bolmasa aýdaryn :)
Bellik: Şantažam edip başlan bolsam, onda men-ä gidibermeli indi bärden :)
Bellik2: Oýun edýändirin, jigim, aýdaýma, men degişdim :)
-
ata
16 years ago
- ýene bir zat:
Ýagmyr, eden işiň örän oňat bolupdyr, dowamyna garaşýan!
Şol meň beren linkimde şoňa meňzeş terjimeler köp, edip bilseň, bir ýa birnäçesini taýýarlap goýsana!
Berekellah!
-
CeriumOxide
16 years ago
- Biz çagarakak bir multfilm bardy;
çagalary ejelriniň aýdanyny edenokdy, ejesi erbet ýaraman ýatyrka bir çagasyndan suw getirip beräý diýýär welin olam getirenody, we ejesi ölüp kepderi bolup uçup gitýärdi.
şu multfilimi görsem ejemjany gujaklaýadym.
eje! iň mukades zenan!
-
CeriumOxide
16 years ago
- dost sagja bol! gowy zat edipsiň.
gurbannazar agaň ýazmasy agyr düşen goşgy diýen goşgysyna meňzäpdir.
ýaponlaryň bir klibini görüpdim,
ýöne ol ýerde söýýän gyzyna gözini berýär,
ol klibi göremde azyjak duýgulanypdym, emma seniň klibiňi görüpgözüme ýaş aýlanyp gitdi!
http://www.youtube.com/watch?v=U2ExPDK8uqk
aýtýan ýapon klibim youtube-da da bar ekini, görseňiz!
garabekewul 16 years ago- sagbol ombudsman1984--- gowy bolupdyr.ustinlik arzuw edyan!! bu hekayany men turkche kitapda ya da turkmenje okapdym,haysy dilde okanym hich yadyma dushenok