Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bilşimiz ýaly, ulylara hormat goýmak – bu biziň dinimizde-de, medeniýetimizde-de, umumy ahlagymyzda-da bar bolan bir ýagdaý bolmaly. Umuman aýtsak, ene-atamyza, başymyzdaky ynsanlara (döwlet edarasyndaky jogapkärler, pygamber wezipesini ýerine ýetiren din alymlary, tebigy bilim alymlary, mugallymdyr terbiýeçilerimiz, bizden uly oglandyr gyz doganlarymyz, ýaşulylar we ş.m.) hormat goýmak barada Kuranda birnäçe aýatlar bar. Meselem, ene-ata hormat barada bir aýatda şeýle diýilýär: 1 - Rabbiň, dine özüne ybadat etmeginizi, ene-atanyza garşy-da özünizi öran onat alyp barmagynyzy takyk yagdayda emretdi. Olardan biri ya-da her ikisi-de senin yanynda garran wagty, (haysam bolsa bir yumuşdyr hayışlary üçin) olara ‘Off’ hem diyme; olara (ezyet edip) yrsarama; ikisine-de (öran) onat (we hoşamay) sözler ayt! (Isra, 17/23) 2 - Olara mylayımlyk we alçakgöwünlik bilen ganatyny ger( eye çyk) we şeyle dileg et:“Ey, Rebbim, olar meni çagakam nadip (her-hili kynçylyklara döş gerip) yetişdiren bolsalar, edenlerine sylag hökmünde Sen hem olara merhamat et!” (Isra, 17/24) 3 - Biz ynsana ene-atasy üçin özüni onat alyp barmagyny emretdik. Çünki enesi (ejesi) ony naçe zahmet bilen garnynda göterip we yene naçe kynçylyklar bilen dogurdy. Çaganyn ene garnynda göterilmegi we süytden ayrylmagy otuz ay dowam eder. Sonunda ynsan, güyç-kuwwata eye bolup kyrk yaşyna girende: “Ey, Rebbîm!” diyer, “Gerek mana, gerek bolsa ene-atama beren nygmatlaryna şükür yoluna meni gönükdir! Senin razylygyna sebap boljak makbul(kabul edilen) we gözel iş etmane meni gönükdir we mana salyh(yhlasly we tamiz), dinine bagly, makbul(layık) nesil nesip eyle! Rebbim! Senin gapyna döndüm, men sana teslim(boyun) bolanlardandyryn.” (Ahkaf, 46/15) 4 - Yöne şeyleleri hem bardyr ki, özüni imana çagyryan ene-atasyna:“Of , of! Yetdi artyk! Menden önünça nace nesiller ölübem yzyna gelmandigi halda, siz meni mazarymdan direlip çıkarylmak bilen gorkuzjak bolyarsynyz!?” diyende, olar(ene-ata): Allah’a sygynyp ogullaryna yalbaryp:“Özüne erbetlik edyarsin!” diyerler, “imana gel, Allanyn beren sözi, elbetde, hakdyr!” Ol bolsa yene-de: “Bu âhyret ynanjy önkilerin ertekilerinden başga hiç zat daldir” diyip ketjallygyna tutar. (Ahkaf, 46/17) Bu barada käbir hadyslarda şeýle diýilýär: 1- Pygamberimiz bize Biribaryň: ilki Özüne, soň ilçilerine, soň ene-atalara we başymyzdaky ynsanlara hormat goýup, boýun egmegimizi emredenini aýdypdy. 2- Bir sahaba gelip Pygamberimize:”Ey, Allahyň Resuly, men kime seredeýin?!” diýip sorapdy. Pygamberimiz: -Ejeňe! -Ondan soňra kime seredeýin?! -Ejeňe! -Ondan soňra kime seredeýin?! - Ejeňe! -Ondan soňra kime seredeýin?! Kakaňa!” -dýip jogap beripdi. 3- Başga bir hadyslarynda bolsa: “Jennetiň açarlary eneleriň aýaklarynyň aşagyndadyr!” diýipdir, ýagny, jenneti gazanmak üçin, jennet açarlary öz ellerinde bolan eneleri razy etmelidigimizi aýdypdyr. Başymyzdaky ynsanlara ytagat etmek(tabyn/boýun bolmak) barada aýatlarda: 1- “Eý, iman edenler! Allaha ytagat ediň! Resulyna we sizden bolan ulul-emre-de ytagat ediň! .....” (Nisa, 59) 2- “Size öwredýän hakykatlary üçin, sizden muzduny islemeýän we dogry ýolda bolan ynsanlara(pygamberler, din alymlary we ş.m.) boýun egiň/eýeriň!” (Ýasin, 21) Hadys-y şerife görä: “Emreden zatlary günä bolmadykça, bir musulmanyň, halasyn ýa halamasyn, degişli döwlet jogapkärleriniň emirlerine ytagat etmegi gereklidir.” [16,43; 42,10] {KM, Çıkış 18,13-26; Tesniye 17,8; I Kırallar 3,16-28} Umumy manyda hormat barada bir hadysda:”Ulularyna sylap/hormatlap, kiçilerine merhemet etmeýän bizden däldir!” Türkmen nakyllarynda bu barada: 1- Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz; 2- Edebiň ýagşysy ulyny syla; 3- Ulyň diýenini etmedik uwlar/aglar; Garaz, hormat goýmak barada aýatdyr hadyslardan, nakyldyr pähimlerden ýene ençeme mysallar getirse bolar, ýöne ýokardakykylar ýeterlikmikä diýýän islenilen maksada laýyklykda. Gysgaça, geliň, ulylarymyza hormat goýalyň, kiçilerimizi hem sylalyň we olara howandar bolalyň! Şu ýagdaýa takyk ýagdaýda hemmämizi eýertmegini Beýik Biribardan dilemek bn!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir