Salam hormatly agzalar we gadyrly myhanlar! Mowzuga bir nakyl bn başlamak isleýärin: "Agzybire Taňrybir, agzalany gaňrybir!" Görşüňiz ýaly, nakylda agzybir bolunanda, Allahyň hem ýardamynyň, razylygynyň boljagy we haýyr netijäniň beriljegi, agzalalyk bolanda welin, ýeňlişe sezewar bolup bilinjegi beýan edilýär! Ýaňy goňşy bir mowzukda dörän az mukdardaky agzalalygy görüp, bu mowzugy gaýtadan açmagy ýüregime düwdüm. Enşallah, başda özüme, soňam islän, okan hemme agzadyr myhmanlara azda-kände peýdasy deger diýip umyt we dileg edýärin. Agzybir we bitewi bolmak barada beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy: "Türkmenler baglasa, bir ýere bili, Gurudar Gulzumy,derýaýy Nili. Teke, Ýomut, Gökleň, Ýazyr, Alyly, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz." - diyipdir. Uyshup Nil deryasyny guratmasagam, ensallah, birlikde Turkmenistan Watanymyz ucin, shol bir sanda, bir-birimiz ucin peydaly zatlar ederis diyip umyt edyarin! Bu babatda bir-birimizin, bar bolsa, ayiplaryny ortmek, kemciliklerini duzeltmek, basharnyklygyna begenip owmek we owunmek, cykgynsyz yagdayda galan bolsa komek bermek, islese maslahat bermek ya-da almak, bir-birlerini oz yerlerinde gezdirmek, sapak we sh.m. zatlarda birek-birege goltgy bermek yaly zatlar etse bolar. Yagny, bir beden mysaly yaly. Bir gozumiz beyleki gozumize nahili dushmanlyk etmese, biz hem agzalarymyza sheyle bolarys, bedenin haysy organy agyrsa, hemme organlara tasirinin duyulyshy yaly, biz hem gerekli wagtynda birinin kyn yagdayini duysak. Gozun nygmaty gorushi, dilin tagamyny bilishi, gulagyn shapyrdysyny eshidishi, agzyn nygmaty iymegi ucin elin herekete gecishi we dishlerimizin uweyshi, bokurdagyn icegelerin komegi bn garna iberishi, yolda shol nygmatlaryn gana owrulip, durli organlara gitmegini yuregimizin gonukdirishi,..., yaly biz hem bir bedeniň funksiyalaryny(işini) yerine yetireris diyen umyt bar mende.
Agzybirlik - agzalalyk
-
ata
16 years ago
- bu babatda ýene aýat, hadys, nakyl we gözel sözler bn aýdyljak, maslahat beriljek ýazgylar köpdür, enşallah, bilenler goýar diýip umyt edýärin!
Garaz, enşallah, agzalalyk bolmaz, bolaýan ýagdaýynda-da, şol mowzukda degişli agzalary şu mowzugy salgy berip, gönükdirip, köşeşmegini, badak däl, goldaw bermegini isläliň!
Häzirlikçe bular!
Sag boluň!
-
marjina
16 years ago
- soýüp sarpa goýuň birek-birege,
söýüp arka boluň birek- birege,
dogan bolup ýaşamany öwreniň,
rysgal-döwlet ýagar,
bereket ýagar
agzybirlik pajarlasa nirede.
-
ata
16 years ago
- minnetdar, jigim, goýan paýhasly we terbiýeleýji goşgyň üçin!
Beýlekileri hem goldawa çagyrýaryn bu babatda ýene bir gezek!
-
ylyab
16 years ago
- Men sana gosulyan Ata. Turkmen dowleti 5-6 asyrdan bari agzybirligin nameligini bilman geldi. Indi bizin onumuzde seyle pursat barka gelin bu pursady hemmamiz bile in gowy sekilde ulanalin!!!
-
Dashoguzly
16 years ago
- gaty gowy tema açypsynyz esasanam türkmenlere gerek tema.
birlik we agzibirlik bolan yerde bereket ,güyç bardyr...
birlikden güyç dogar...
-
ata
16 years ago
- yslam.info sahypasynda bu moonat yazgy bar ekeni, barigem goymakcy:
Agzybirlige berýän ähmiýeti
admin / Gorkut, 28 - 2008
Pygamberimiz içki bütewlige aýratyn ähmiýet berip, düşünişmezlikleriň wagtynda öňüni almak, tersleşenleri ýaraşdyryp, oňuşyksyzlyklaryň döremezligi üçin aladalanardy. Pygamberimiziň aýtmagyna görä, Allah agzalalyk döredýän, kesir adamy ýigrener".68 Resuly Kerimiň: "Esas bolmadyk ýagdaýda hem ynsanlaryň agzyny birikdirmek üçin peýdaly bir söz tapanyň" ýalançy bolmajakdygyny aýtmagy hem ünsüňi çekýär. 69
Bu meseläni söýgüli pygamberimiziň içki agzybirligi berkitmek hem-de ynsanlaryň arasyny sazlamak bilen baglanyşykly eden birnäçe işlerinden käbir mysAllahr getirmek bilen tamamlalyň:
1. Mureýsi Gazasynda, Mureýsi guýsynyň başynda ensardan biri bilen muhajirler arasynda bir dawa ýüze çykdy. Iki tarapdan hem adam ýygnanyşyp, arada uly bir gowganyň turaýmagy ähtimaldy. Mynapyklar hem bu dawa ot berip, olaryň arasyna duşmançylyk salmak isleýärdiler. Bu olaryň köpden bäri ýetip bilmeýän arzuwlarydy. Pygamberimiz bu habary eşden badyna oňuşyksyzlygyň dörän ýerine baryp, dawalaşýanlary ýaraşdyrdy.
2. Kubalylardan Amr b. Awfyň ogullarynyň arasynda dawa ýüze çykypdy. Hatda olar bir-birlerine daş atyp hem ýetişipdiler. Resuly Kerim hezretleri ýanyna sahabalardan Ubeýý b. Kab, Suheýl b. Beýza ýaly adamlary alyp, dawa turan ýere gitdi. Ol bu oňuşyksyzlygy ýatyrmaga çalyşýardy. Namaz wagty bolup, hezreti Bilal azan aýdyp başlady. (Mesjitdäkiler) Resuly Kerime biraz garaşdylar, ýöne ol gelmänden soňra hezreti Bilal Ebu Bekire bakyp: "Resululla hezretleri ynsanlary ýaraşdyrýar, isleseň sen ymam bolaý!" diýdi. Ol hem namaza başlady. Soňra pygamberimiz gelip birinji sapda durdy. Hezreti Ebu-Bekir yza çekildi we Resuly Kerim öňe geçip, namazy tamamladylar.70
Ine şu zatlardan görnüşi ýaly, ResulAllah musulmanlaryň arasynda turan dawany ýatyrmak üçin namazyny gijikdiren wagty hem bolupdyr, ýöne musulmanlaryň arasynda bolýan dawany ýatyrmak işini goýmandyr. Işi birýüzli edenden soňra gelip, namaza durupdyr. Bu Resuly Kerimiň içki bütewlige, agzybirlige uly ähmiýet berendigini görkezýär.
3. Bir gün hezreti pygamber öýüniň öňünde iki sany adamynyň algy-bergi üstünde dawalaşyp duranyny görýär. Bergili algylydan algysyny ötmegini haýyş edýär, algyly bolsa: "Ýok, asla ötmen" diýip, bir ýeri depip duran.
Hezreti pygamber derrew olaryň arasyna düşýär. Netije-de algyly-ha algysynyň ýarsyny geçýär, bergilem bergisinden galan ýaryny şol ýeriň özünde üzýär. Şeýlelik bilen bu dawa hem pygamberimiziň araçy bolmagy bilen ula ýazman derrew ýatyrylýar.
4. Hudeýbiýe şertnamasynyň bir maddasyna laýyklykda pygamberimiz soňkusy ýyl sahabalary bilen Mekgä baryp, Käbä üç günüň dowamynda umre zyýaratyny edip gelmäge mümkinçiligi bardy. Şeýle-de boldy. Zyýaratdan gaýdyp gelýärkä, hezreti Hamzanyň gyzy onuň öňünden "Agam jan" diýip çykdy, ol hem ony Medinä alyp gaýtdy. Medinä getirilenden soňra ol gyz kimiň öýünde bolmaly diýen mesele ýüze çykdy. Hezreti Aly (r.a.), hezreti Jafer (r.a.), hezreti Zeýd b. Haris (r.a.) üçüsi dawa edermen boldular. Hezreti Aly (r.a.): "Ol meniň agamyň gyzy" diýýärdi, hezreti Jafer (r.a.) hem şeýle diýýärdi, ýöne ol ýene "Meniň nikalym hem onuň daýzasy bolmaly" diýip, üstüne goşýardy. Zeýd b. Haris (r.a.) bolsa: "Ol meniň doganymyň gyzy ahyry, ol maňa sizden has ýakyndyr" diýýärdi. Hezreti pygamber hezreti Hamza dirikä Zeýd bilen dogan okaşdyrypdy.
Hezreti Jaferiň (r.a.) nikalysy ol gyzjagazyň daýzasy bolanlygy üçin hezreti pygamber gyzjagazy şolara-da berdi. Ýöne bu üç adamyň üçüsini hem öwdi.72
5. Bir gezek aralarynda bir düşünişmezlik sebäpli, Ebu Zerri Gyfary (r.a.) hezretleri Bilaly hebeşi (r.a.) hezretlerini: "Gara aýaldan bolan" diýip kemsitdi. Bu söz pygamberimize ýetende ol Ebu Zerrä (r.a.):
– Eý, Ebu Zerr! Sen ony enesi gara bolanlygy üçin aýplaýaň, şeýlemi? Diýmek sen henizem jahylyýet döwrüniň ahlagy süňňünden çykmadyk ynsanmyň?! – diýdi.
Ebu Zerr (r.a.) aýdan sözüne puşman etdi, ýüzüni ýere berip: "Bilal gelip, aýagy bilen ýüzüme basmasa dikelmerin" diýip, ondan ötünç sorady. Hezreti Bilal (r.a.) ony bagyşlaýandygyny aýtsa-da, Ebu Zerr (r.a.) hezretleri bir diýenini tutup duransoň, nalaç aýaklary bilen onuň ýaňagyna basmaga mejbur boldy.73
-
ata
16 years ago
- ýene "akyl satyp" başlaýynmy "şägirtlerimi" üýşürip. Onsoň "olar" näme diýerkäler?! B-)
Bolýar-la, degişmäni bir ýana goýup, degişli kä ýazgylarymy bu ýere-de umumylaşdyrybrak goýaýaýyn, enşallah, peýdasy bolar:
Geliň, agzybir bolalyň:
Adam ýalyjak ýazgylar ýazsak - bizden närazy bolmasyn agzalar! Bir-birimiz bn deň derejede sanaşyp durmalyň şu ýerdäki agzadyr myhmanlaň ýüregini bulap!
Geliň, özara düşünişmezligi goýbolsun edeliň?! Garaz, adam ýalyjak ýazsak, ne özümiziň döredip, başgalaryna şyltak atýan "toparlarymyz" bolar, ne-de bolar-bolgusyz we şahsa ýetiji ýazgylar sebäpli bizar-peteň bolup, şeýle ýazgylaň eýelerini islemeýän agzalar!
Birem käbir haýyştlarym, peýdaly gören maslahatdyr öwüt-ündewlerim:
1- Ýa görnüşimiz ýaly bolalyň, ýa-da bolşumyz ýaly görneliň!
2- Agzybir bolalyň!
3- Gyýbatdan, töhmetden, şyltakdan uzak durlayň!
4- Bilmeýän agzalarymyz barada ýalan-ýaşryk gürlemäliň!
5- Agzalaň şahsyna ýetmäliň!
6- Ýok bolan "tarap tutma" häsiýetini özümiz döredip, başgalaryna ýapmalyň we agzalalygy goýbolsun edeliň!
Şulary we şuňa meňzeş gowy häsiýetleri
bize rowa görmegini Biribardan dilemek bn!
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Oguz hanyñ öz ogullaryna ýaýyñ okunuñ kömegi esasynda beren ündewini ýatlalyñ. Birek-birek b/n jebis bolsak biz köp ösüshleri gazanarys. Ünüs beren bolsañyz häzir türkmende millet parazçylyk dawasy ýok diýen ýaly. HUDAÝA SHÜKÜR. Ahyr türkmen bir saçaga jemlendi. Diñe agzybirlik!!!
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Oguz hanyñ öz ogullaryna ýaýyñ okunuñ kömegi esasynda beren ündewini ýatlalyñ. Birek-birek b/n jebis bolsak biz köp ösüshleri gazanarys. Ünüs beren bolsañyz häzir türkmende millet parazçylyk dawasy ýok diýen ýaly. HUDAÝA SHÜKÜR. Ahyr türkmen bir saçaga jemlendi. Diñe agzybirlik!!!
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Oguz hanyñ öz ogullaryna ýaýyñ okunuñ kömegi esasynda beren ündewini ýatlalyñ. Birek-birek b/n jebis bolsak biz köp ösüshleri gazanarys. Ünüs beren bolsañyz häzir türkmende millet parazçylyk dawasy ýok diýen ýaly. HUDAÝA SHÜKÜR. Ahyr türkmen bir saçaga jemlendi. Diñe agzybirlik!!!
-
Nokat
16 years ago
- Ata agasy, magtymguly atamyzyñ bir topbak go$gusyny ýazanyñdan soñ içege garyn, öt halta, bokurdak... Nämä geregaý soñkulañ; içege garyn, öt halta... Sözüñ ba$ynda arassa dury türkmen mentalitetiñi ulanypsyñ... Bokurdak, içege garyn barada gürrüñ edeniñde welin ba$ga mentalitetiñ ysy gelýär. Agzybir bolmak üçin milli mertebäni has mukaddesle$dirmeli.!
-
Nokat
16 years ago
- Ata agasy, öt halta barada aýdanlarymy halamadyñmy?
-
Nokat
16 years ago
- Ata agasy, öt halta barada aýdanlarymy halamadyñmy?
-
Nokat
16 years ago
- "görübilmedigiñ gözi çyksyn"
"ol e$ekde ýüküm ýok ýykylsa habarym ýok"
"maña degmedik ýylan müñ ýa$asyn" $ularyñ hemmejesini atalarymyz aýdypjyk ötä gidipdirler. Siz nähili pikirde?
-
ata
16 years ago
- bişen ýa-da çyg, türkmen ýa başga milletiň mysaly - maňa tapawudy ýok, peýdaly bolsa, alyp ulanýaryn! Mundan soňam ulanaryn, enşallah!
Şunam aýdaýyn: Biderek zyýanly milliýetçilik etmekden, başga milletleriň peýdaly aýratynlyklaryny öz milletimiziň däp-dessurlaryna we diline görä ýazmak maňa görä has peýdaly we wajyp!
Wesselam!
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Hak aýdýañ!
-
Merjen94
14 years ago
- Hemmanize ullakan salam adamlar...
-
hallboy
14 years ago
- Adam, sanada u-u-u-u-u-u-u-uu-u-ulllllaka--a-a-a-a-a-an Salam. )))
ata 16 years ago- ähmiýeti boýunça, degişli mowzukdaky soňky ýazgymy hem bärik bolşy ýaly goýmak isleýärin:
Umuman aýtsam, şu ýerde gödeklik gerek däl, bu babatda hemme agzalary salyhatly bolmaga çagyrýaryn!
Geliň, agzybir bolalyň! Geliň, birek-biregiň göwnüne degmäliň! Geliň, hemmämiz birimiz üçin, birimiz hem hemmämiz üçin alada edeliň we watanymyzy şeýlelik bn ösdüreliň!
At berip durjak däl, hemmämiz özümizi we ýazgylarymyzy bilýäs! Has agras, salyhatly we paýhasly bolmagy ündeýän size!
Allah bu babatda bizi başarnykly etsin!
Ämin!