Gurbandurdy-Zelili Gürgenin Garaguzy obasyn obasynda 1779-njy ýylda eneden dogulýar. Onun kakasyna Mämmetjuma,ejesine Hurma (Magtymgulynyň ýegeni) diýer ekenler. Zeliliniň önüp-ösen ýerleri Etrek,Gürgen,Garrygala sebitleridir.Önüp-ösen ýerini Zelili öz döredijiliginde şeýle setirler bilen görkezýär: "Ata-baba geçen jaýlary görsem , Gürgende nan iýsem , Etrekde ýörsem….", Zeili oba mekdebinde , soňra bolsa Hywadaky “ Şirgazy” medresesinde okapdyr düýen maglumat bar. Zelili-zelil ,horlanan , ezilen ,ejiz düşen diýmekdir . Sebäbi Zelili öz ömründe oňly gün görmändir , mydama onuň ýaşaýşy horlukda , ekspluatator synplar tarapyndan kemsidilmekde geçipdir. Gurbandurdynyň Zelili diýen lakamy onuň ýşaýşy-durmuşy bilen baglanyşyklydyr . Halk arasyndaky rowaýatlara görä, Zeliliniň esasy kesp-käri kümüş , demir ussaçylygy bolupdyr . Zelili öz güzeranyny garyplykda geçiripdir .Şahyryň: "…Kyn boldy güzeran ,düşdük bir hala, Kemdest bolduk hiçe başyň içinde," ya-da: "Bu garyplyk üstümüzdengitmedi, Köňül maksat –myradyna ýetmedi" diýen setirleri-de onuň garyp bolandygyny subut edýär. Zelili ýaşlykdan öz obadaşy Döndi diýen gyz bilen söyüşyär. Şahyr öz söýgülsine bagyşlap ,birnäçe şygyrlar hem düzýär.”Döndi hanym”, “ Janymyň jananasy” we başgalar. Emma Zelilä Döndi bilen öý-işik bolup maşgala durmuşyny gurmak miýesser bolmandyr. Bu hakda halk arasynda bolan maglumatlaryň birinde “ Döndi bir barly ýere çykarlypdyr” diýilýär. Şu maglumatyň dogrulygy ähtimaldyr . Şol döwürde öýlenmek üçin töleýän galyň Zelili ýaly garyplara örän agyr düşüpdir , olar köp ýyllar barlylaryň igençli we agyr zähmetini çekmäge mejbur bolupdyrlar. Munuň üstüne-de ekspluatator synp wekilleri azat söýgini barlapdyrlar . Ine, şonuň üçin hem Zelili Döndä öýlenip bilmändir . Zelili Nury atly gyza öýlenip ,onuň bilen ömrüniň ahyryna çenli ýaşapdyr . Nuryň ogly bolýar , oňa Mämmetdöwlet diýýärler .Mämmetdöwlet ilki Mama diýen gyza öýlenýär,ol aradan çykansoň . Halbibi bilen durmuş gurýar .Halbibiden Jumadöwlet ,olardan hem Ogulnar, Maýa, Şemşat bolýar , häzir Zeiliniň nebereleri Garrygala töwereklerinde ýaşaýarlar. watanym seni - Gurbandurdy zelili Yürek telwas eder, göterler serim, Köñül arzuw eylär, watynym, seni! Etrek, Gürgen yurdum-gezen yerlerim, Köñül arzuw eylär, watynym, seni! Sugunly, umgaly, çal goçly daglar, Belentden pesdine akan bulaglar, Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! Miwesi bihasap, bakçaly baglar, Awy binahayat, uly awlaglar, Yada düşer ajap döwranly çaglar, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! Yalañaç horlanmaz mugan gyşyna, Yazyna dürli ot, maly başyna, Yaylasynda herkim çykar daşyna, Köñül arzuw eylär, watynym, seni! Tanytmaz, barabar garyby, bayy, Hiç kişi kişiden bolmaz tamayi, Ekseñ gyzyl biter, kemdir jepayi, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! Boz, ala dyrmykly zinatly öyler, Gul, gyrnakbayrakly abrayly toylar, Gözüm yaşy durmaz, gelende köyler, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! Senemleri kasap- puşeş geyerler, Höreklerne şähdi- şeker iyerler, Aşyk-Magşuk olup, yanyp köyerler, Köñül arzuw eylär, watynym, seni! Goş yigitler gazat için çykarlar, Serdarlary bayaw yola bakarlar, Batyrlary gaytmaz, gala yykarlar, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! Hayyp,abat iller ber-bibat boldy, Dostlar gamgyn boldy, duşman şat boldy , Ayrylyşdy, aşna –yarlar yat boldy, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! Gäwüre ne öyke, müsülman zary , Ata oguldan, ene gyzdan saldy ayry, Herkimiñ özüne yagşy öz yeri, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! Etdiler Yusupny Müsürge soltan, Diydi: -“Bolsam yegdir bir guly Kengan”, Yurdundan turmasyn hiç bir musulman, Köñül arzuw eylär, watynym, seni! Köñlümiñ aramy, çeşmim röwşeni, Men neyläyin, dostlar, onsuz bu jany, Görermikäm Seyidi dey janany, Köñül arzuw eylär, watynym, seni! Zelili, bu yartda aş yok, höwes yok, Her kim başyna gay, belent yok,pes yok, Toy –tomaşa, märeke yok, meylis yok, Köñül arzuw eylär, watanym, seni! ýazgynyň çeşmesi

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir