farabi başga bir mowzukda gazak Timur Bekmambetowy agzap geçipdir. Menem türkmeniň önümi bolan Bulat Mansurowy ýatlasym geldi. Ýaşuly 1937 ýylynyň 7-njy iýulynda Türkmenabatda dogulan [Chardzhou, TSSR, Soviet Union]. 1992 ýylynda Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynsayp bolýa. Baran ýurdynda düşüren kinosy halanan, gowy görülen. Türkmenistanda başda düşüren kinolarynyň biri hem Şükür bagşy (1963, Состязание). Çyndanam Şükür bagşy beýleki türkmen çeper filmlerinden tapawutly. Şondan soň ony kän sygdyrman başlapdyrlar. Gazagystana baryp Soltan Beýbarsy düşürüp, at alanda da şol ýerde hem sygdyrmandyrlar. Başgada baran ýerlerinde şeýleräk ýagdaýlar bolupdyr. Düşüren kinolary "Türkmenfilm"-yň yň gowylary diýsek ýalňyş bolmaz.

Köneler, mc_merw tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir