ýazga nähili at goýjagymy bilmän şuny goýaýdym. diýjek bolan zadym, gündelik durmuşda gaşylaşylýan kiçi kynçylyklar düzeltmegi aňsatlaşdyrýan zatlar. Meselem bir gazetde okadym, eger telefonyňyz suwa gaçsa ony içi bürünç(tüwi/dary)bilen doldurylan gaba salyp gapagyny ýapyň diýýär we tüwi telefonyň içindäki çyglygy özine çekýär, we telefonyňyz öňkisi ýaly işleýär diýipdirler. Men muny geçen ýyl bilsedim, söýgili nokia n90 telefonymy 20 dollara satmazdym... jalbarymyň jübisinde kir maşyna salypdyryn :( başgada öz ýadyma düşýänler: bir symda tok barlygyny ýada ýoklygyny barlamaly bolsaňyz, we eliňizde hiç hili serişde ýok bolsa on eliňiziň arka tarapy bilen syma degseňiz onda tok siziň eliňizi itýär, eger eliňiziň içi bilen elleseňiz onda tok siziň eliňizi özüne çekýär we ..... sogan dogranyňyzda sogandan çykýan bir madda göze gelende, göz goranmak üçin göz ýaşy akdyrýar we ol madda bilen göz ýaşy birleşip kislota emele gelýär, buda gözümizi ýakýar, gözem goranmak üçin has köp göz ýaşy akdyrýar. mundan goranmak üçin üýtgeşik ýollar bar, olar: sogany arassalaňyzda äýnek dakynmak, diliňizi çykarmak, gapdalyňyzda şem ýakmak, suwyň içinda arassalamak, arasalamazdan öň sogany sogadyjyda goýmak, petruşka çeýnemek, ýaly ýollary bar. muň ýaly zatlary köpi gören adamlar köp maslahat berýärler. siziňem bilýänleriňiz bar bolsa ýazyp duruň!
Gündelik kynçylyklara,peýdaly maslahatlar
-
CeriumOxide
16 years ago
- diliňdäki çyglyk ol maddany özine çekýär, ýöne hemmesini çekip bilmeýär elbetde, ýöne azaltýar
-
milliyetçi
16 years ago
- tüweleme, serdar! hakyky himigiň ýazjak zatlary-da ýazan zatlaryň! keep it up, bratan!
-
Tapjangul
16 years ago
- sogany arassalaňyzda äýnek dakynmak,
diliňizi çykarmak,
gapdalyňyzda şem ýakmak,
suwyň içinda arassalamak,
arasalamazdan öň sogany sogadyjyda goýmak,
petruşka çeýnemek, ýaly ýollary bar
Duzly suwda arassalanyz goranyp bilersiniz:)
Sogany holodilnikde goyup son dograsanyzam bolya:)
-
shahyr
16 years ago
Sogany holodilnikde goyup son dograsanyzam bolya
başga birine arassalatsan düybünden gözün yaşarmaya :)
-
ata
16 years ago
- ha-ha-ha, şahyr, daö edipsiň-laý :)
şu görnüşi haladym-eý, ýakynda şol moda geçmekçi, enşallah:)
kim bilýär, belki-de, tersi bolar we meni şeýdip ulankaj bolýan bardyr :)
men hem sogan dograp, şol kynçylyga sezewar bolupdym. Soň heläk ediberse, derrew ýüzümi ýuwýan. Sogany suwa tutsaňam bolýar.
tel suwa gaçsa, ony gyzgyn pejiň ýanynda tutsaňam ýa saç guratýan gurallar bn hem guratsaň bolýar. Telefonçy dostumyň şeýdenini bilýän we kömegii degýär.
tok wakasynda bolsa, umuman, dogry ýazypsyň.
Men çagakam elimiň içi bn psoly simi razetka sokupdyryn näme bolarka diýip. Allaha şükür, özüne çekmeli zat, meni 2 metr yza zyňdy, entägem oňa düşünip bilemok, birje zat : Allah gorady, şony bilýän!
-
Moonflower
16 years ago
- sogandan goranmak u/n yene-de sakky4 caynemeli.
-
CeriumOxide
16 years ago
- Ýazgyna sogan etdiňiz :D
ýene bir maslahat: bir ýerimizi ýaksak, meselem elimizi, derrew sowuk suwa sokýas, emme sowuk suw elimiziň hemme ýerine degýänligi üçin hemme ýerine şol bir sowuklygy berýär we elimiziň gyzgynlygy düşýär we şol bir wagytda suwam gyzýar, we elimiz has sowuklyk talap edip ýene beýnimizi gorjap başlaýar. şonuň üçin eliňiziň ýanan ýerine narpyzly diş pastasy çalsaňyz agry çalt gutulýar
-
milliyetçi
16 years ago
sogany arassalaňyzda äýnek dakynmak,
diliňizi çykarmak,
gapdalyňyzda şem ýakmak,
suwyň içinda arassalamak,
arasalamazdan öň sogany sogadyjyda goýmak,
petruşka çeýnemek, ýaly ýollary bar.
CeriumOxide 2008-06-28 10:16:00
CeriumOxide, hemme usullaryň bolýa welin, şu diliňizi çykarmak diýeniň gaty gülkünç bolýa, dost! daşyndan biri seretse näme diýer? başgarak usullaram bardyr-a. munyň-a birhili!! P.S. şem ýakmagam şon ýaly.
-
ata
16 years ago
- el ýanma ýagdaýynda, maşynyň ýagyny sürseňem, hem awusyny, hem-de yzyny aýyrýar diýýäler.
viola 16 years ago- wiy sogan dograpdurkan dilini çıkarsan nahili bolaray?:)