Saparmyrat Türkmenbaşyň goşgularynyň türkçesini diňläp gördüňizmi?! Çyndanam ýaşulyň ruhyňy göterýän goşgylary barlaý, birem türk dili biziň dilimize garaňda ýumşagyrak bolansoň goşgylara gowy gelişipdir. diňläň, lesset alyň! ______________________________________________ Ruhunuz tuğ deyin yücede olsun (Ruhuňyz tug deýin belentde bolsyn) - Saparmyrat Türkmendaşy
Türkmenbaşyň goşgylary, Türkçe
-
jankaka
16 years ago
- imany hemra bolsun dowamy dowqamat dowam bolsun bendamizin
-
milliyetçi
16 years ago
bendamizin
jankaka | 2008-06-26 14:39:43
jankaka ýalňyşdyň! "bendämiziň" däl, "serdarymyzyň", has dogrusy "beýik serdarymyzyň".
-
CeriumOxide
16 years ago
- EJE
Gök astynda ýalñyz men,
ýer üstünde ýalñyz men,
Özüm aglap köşeşsem –
Hiç kimse bilmez, eje!..
Bagra basyp ýatardyñ,
Başym alyp otyrdyñ,
Süýjüje düýş getirdiñ...
Ol günler gelmez, eje!..
Toýda seni gözledim,
ýasda seni gözledim.
Wah, dözmezim, dözmezim,
Töwerek ýat, daşym ýat,
Jigerim-bagrym berbat,
Gideý diýsem başym ýaş,
Geçenok günler, eje!..
Gelinbarmak üzüm deý,
ýürek üzüm-üzüm-ley,
ýer ýok ýeriñ ýüzünde-ýeý,
Barmaga ýerim, eje!..
Ne ini barne aga,
Ne gapy bar barmaga...
Diýdirmen ýetim çaga!
ýok, ogluñ ölmez, eje!..
Ne iýmekde many bar,
Ne geýmekde many bar.
Men ýaşary pany dar –
Duşarsmy ölsem, eje!..
Eje-eje eje jan,
Tabyt boldy kejebäñ,
ýer astynda nije jan...
Üstde men tenha, eje!..
Uçrap eýmenç külpede,
ýalñyz galdym dünýede.
Nätjek, ýüzüm gülse-de,
ýüregim gülmez, eje!..
-
CeriumOxide
16 years ago
- WATAN
Arşyñ-kürsüñ arasynda galamda
Sende açdym ganat-perlerim, Watan!
Sen aýlanýañ ykbalymda, ganymda,
Göz-guwanjym, serim-serwerim, Watan!
Señ barlygyñ – başa jyga-täjimdir,
Daglar – arkam, sähra – göwün täjimdir,
Ömrüm saña sadagadyr, pajymdyr,
Senden röwşen alar gözlerim, Watan!
Pederleriñ ruhy – tobagähimdir,
Yşkym bardyr Jeýhun, Hazar, Wasymda,
Geçdi ömrüm toýlaryñda-ýasyñda,
Ugradyp ýyllaryñ kerwenin, Watan!
Magrypdan Maşryga owazañ ýeten,
Zemine, arş-kürsüde howalañ ýeten,
Niçe är men diýip üstüñde öten,
Sen meniñ başymyñ täjisiñ, Watan!
-
CeriumOxide
16 years ago
- GELMEZMi?
Uruş betermi, ýer beter,
Biri birinden hatar,
Hasratly älem tutar,
Giden gaýdyp gelmezmi?
Tama barmy jesetde,
Geñ gal, otur eset-de,
Gapyl galan kesekde
Ejem gaýdyp gelmezmi?
Turup giden jeñ diýip,
Bir jan-u-bir ten diýip,
“Gaýdyp gerin men” diýip,
Giden kakam gelmezmi?
Dogan doganyñ zary,
Olañ ikidi bary,
Indi bakmazmy bäri –
Dogan gaýdyp gelmezmi?
Iñ ulymyz - Nyýazmyrat,
Körpe – Muhammetmyrat,
Ikisi hem nämyrat –
Gitdi. Gaýdyp gelmezmi?
-
CeriumOxide
16 years ago
- TÜRKMEN
Rehm eýle,
Rehm eýle,
Rehm eýle, Rebbim,
Heý-de, türkmen metjidini ýykarmy?
Heý-de, türkmen mähribany ýakarmy?
Alladan, Asmandan gelen Gurhany
Özi eli bilen oda ýakarmy?
Gurhany oda ýakdy keseki,
Metjit-mähribany ýykdy keseki,
ýok, onda türkmeniñ hiçbir günäsi.
Öz ýurdunda guldur, gandally türkmen,
Gandal onuñ erksizliginiñ güwäsi!
Rehm eýle,
Rehm eýle,
Rehm eýle, Rebbim,
Türkmen ýülük ýaly ajap milletdir.
Datlydyr – gülabyñ gylawy ýaly,
Otlydyr – ojaryñ alawy ýaly,
ýitidir – gylyjyñ ýalawy ýaly,
Türkmen – dünýä nusga bolup biljekdir!
Rehm eýle,
Rehm eýle,
Rehm eýle, Rebbim,
Türkmen Aýdan arydyr,
Günden gorlydyr türkmen!
Halaldyr lebzi ýaly,
Namys-arlydyr türkmen!
Päkizedir aby-zemzem suwundan,
Salyhatly – ummanlaryñ guwundan,
Görmegeýdir şahyryna göwünden,
Mele-myssyk nan deý gorlydyr, türkmen!
Desterhan deý mähriban,
Oguz han deý danadyr –
Türkmen jana-jandyr.
Gorkut ýaly pähimdar,
Görogly deý rehimdar,
Ol göwünden suw içip,
Ol göwünden ganadyr!
Günäsi ýok türkmeniñ,
ýokdyr halkyñ ýazygy.
Ençe müñ ýyl ýaşandyr,
Tug edinip adyny.
Ynsaplydyr pir ýaly,
Saýhallydyr şir ýaly,
Aklyn dünýä berendir,
Haka berip añyny!..
-
CeriumOxide
16 years ago
- TÜRKMEN BEYiK MiLLETDiR
Kiçi däldir, beýik milletdir türkmen,
Bäş yklymda hanlyk süren milletdir.
Darkaş gurup depesinde döwürleñ,
Gylyç gemrip, ýaşandyr ol minnetsiz.
Adyllygy bilen beýikdir ilim,
Asyllygy bilen beýikdir halkym.
Ejiziñ arkasy, güýçlä garawsyz,
Zamanlañ sarpasy, dine haraýdyr,
Ynsanperwerligi söýüpdir halkym.
Sadalygy bilen beýikdir türkmen,
Sahylygy bilen parhlanar türkmen,
Rysgallydyr bereketli güýzünden,
Gahry gelse gyşdyr, ýylgyrsa bahar.
Parasady bilen belentdir türkmen,
Bedewine ganat bitirendir ol.
Halysyny türkmen tuguna öwrüp,
Rowaýata çenli göterendir ol.
Batyrlygy bilen bellidir ilim,
Horasan peleñi, Turan şiridir.
Asyl nusgasydyr edermenligiñ,
Ärleriñ äridir, şirleriñ piridir.
Kiçi däldir, türkmen uly milletdir,
Bäş müñ ýyllap ýaşandyr ol minnetsiz.
Saparmyrat, türkmen begdir, gerçekdir,
Onuñ taryhyny öwrenmek üçin
Iñ azyndan, müñ är ömri gerekdir!
-
CeriumOxide
16 years ago
- URUŞ BOLMADYK BOLSA
Ejem aglamazdy dokma dokanda,
ýa-da üçburç haty alyp okanda.
Belki, aglanardy seýrek-setanda,
Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.
Başymyz bir bolup, daşymyz gülki,
ýa-da salardy ol baýlygy-mülki.
Haýsymyz götärdi kakamyz ilki,
Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.
Bile örüp, bile ýatardyk gije,
Hemem oturardyk üýşip bileje.
Kakama düşmezdi betbagt bije,
Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.
Urşy başda tapan ýeke tüpbozdy,
Meger, gözlese-de, ýaran tapmazdy,
Belki, ýerem yranmazdy, hopmazdy
Eger zalym uruş bolmadyk bolsa.
-
CeriumOxide
16 years ago
- Janym ejem, jan ejem!
Ejem, eje, eziz ejem,
Müñ ejeden saýlanardyñ.
Gündiz Gün deý, gije Aý deý
Daşymyzdan aýlanardyñ.
Gara dañdan işe gidip,
Gelip, nahar-nowa edip,
Darak kakyp, haly çitip,
Ne ýadar, ne ýatlanardyñ.
Gujagyña dolan wagtym,
Nämedigini bildim bagtyñ!
Ejem, mähir bolup ýagdyñ,
Müşkü-anbar ýaýradardyñ.
Goñşy-golam toý tutanda,
ýüzler gülüp, gam gidende,
Goluñ çyzgap iş edeñde,
Il-ulusda saýlanardyñ.
Geýdirerdiñ özüñ geýmän,
Iýdirerdiñ özüñ iýmän.
Gije diýmän, gündiz diýmän
Hak Allaga ýalbarardyñ.
Arkadag – ata ornuna,
ýürekýag – ene ornuna.
Ömür diläp üç ogluña
Daşymyzdan aýlanardyñ.
“Üç oglum bar, üç tugum bar,
Üç sany arkadagym bar,
Üç şazadam, üç şahym bar!”
Üç perzendiñ ýaýnadardyñ.
Gussam alyp, mähriñ berdiñ,
Derdim alyp, melhem berdiñ.
Iki jahanda serwersiñ –
Eziz ejem, ýalkanarsyñ,
Hak ýanynda ýalkanarsyñ!
-
CeriumOxide
16 years ago
- Gökdepe
Gökdepe! Syrylyp gaflat perdesi,
Türkmene sowulmaz döwran dönüpdir.
Gökdepe metjidi – ajap erteki
Asman gämisi deý ýere gonupdyr.
Mermer metjit – wysal bolan hyýalym,
ýaraşypdyr owsun atyan zamana.
Uzynly gün zähmet çeken diýarym
Haka sygynyp, gulak salýar azana.
Minaralar – owazy deý azanyñ
Çar ýandan uzaýar asmana bakan.
Gökdepe şehidi – garry atamyñ
Ruhuna siz juma namazyn okañ!
Munda gazap bilen dişläpdir hyrçyn,
Paralanan döşden sarkyp gara gan,
Gujagyna alyp şahly hyrlysyn,
ýatyr garry atam – şehit Artyk han.
ýatyr munda gyrmyzy gan – pajyga,
Türkmeniñ namyrat gussasy ýatyr.
Ärleriñ-şirleriñ, pirleñ ganyna
Boýalyp erkeklik nusgasy ýatyr!
Jem bolup namaza durýar jemagat,
Mertligiñ alnynda başlar egilýär.
Şehitleriñ ruhuny ýagşy senandan
Gandyryp şirlere degsin edilýär.
Saparmyrat, geçmiş gaflat perdesi,
Türkmene sowulmaz döwran dönüpdir.
Gökdepe metjidi – Allanyñ emri,
Asman gämisi deý ýere gonupdyr.
-
CeriumOxide
16 years ago
- AýDYÑ BOLSUN!
Islegiñ bolsa şatlyk-toý
Maksadymyz aýdyñ bolsun!
Söý topragy, söý käbe deý,
Maksadymyz aýdyñ bolsun!
Gül Watana nazar aýla,
ýaşyl tuga togap eýle,
ýagşylyk et, dogry sözle,
Maksadymyz aýdyñ bolsun!
ýel azaşar, gonar-göçer,
Seýl geçer, seýran geçer,
Döwür geçer, döwran geçer,
Maksadymyz aýdyñ bolsun!
Saparmyrat, dowla düşme,
ýaşaýyşa bolgul teşne,
Bu deprenmez döwran içre,
Maksadymyz aýdyñ bolsun!
milliyetçi 16 years ago- biziň beýik türkmenbaşymyza taý ýokdur! o tekdir! ýatan ýeri ýagty bolsun! jaýy jennetde bolsun, beýik serdarymyz!