Köneürgenç etrabynda, Daşgala bilen Tekeşiň ýadygärliginiň arasynda bu ymarat Horezmşasy Il Arslanyň (hökümdarlyk eden ýyllary 1156-1172) we din alymy, filosof Fahreddin Razynyň atlary bilen baglanyşdyrylýar. On iki gyraňly gümmezi bolan bu ymarat Orta Aziýa arhitekturasynda seýrek duş gelýän binadyr.

Bu gurluşygyň diwarlary daş ýüzünden inedördül çekilip, iç ýüzünden inedördül otag (3,5-3,6) bolmak bilen galyň diwarlarynda edilen egmekli çuň tagçalaryň hasabyna atanak şekilli ösdürilipdir. Ýokary gitdigiçe çalaja gysylýan dörtgyraň diwarlarynyň üstünde 12 gyraňly çadyr şekilli gümmez bilen tamamlanýan 12 gyraňly baraban ýokary göterilýär, onuň her 4 gyranyňda äpişgesi bar. Ýadygärligiň içerki giňişligi daşky keşbine laýyk gelmeýär. Çünki baraban iç ýüzünden stalaktit paruslaryň üstünde goýlan däp bolan sekiz gyraňly bilen çözülipdir. Jaýyň gapyly gündogar diwarynda bişen adaty kerpijiň we oýmurly ýylmanan kerpijiň nagyşly örüminden edilen ajaýyp dekoratiw bezeg bar. Kerpiçleriň örümi içi arkaly oýukly üç sany gönüburçly tagçalarda iňňän çylşyrymly ösümlik nagşyny we arapça ýazgyny emele getirýär.

12 gyraňly barabany ýylmanan kerpiçden örüpdirler. Horezmşasy Il Arslanyň mawlozeýi seýrek duşýan desgadyr. Orta Aziýada şuňa meňzeş gyraňlanan çadyr görnüşli gümmezli başga ymarat ýok.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir