Ahal we Mary tekeleriniň hany hasaplanylan Nurberdi hanyň Marydaky aýalyndan Güljemal handan bolan ogly. Ol, takmynan, 1863-1865-nji ýyllarda doglup, 1920-nji ýyllarda hem aradan çykypdyr . Gowşut han bilen Nurberdi han aradan çykandan soň, Ýusup han maryly tekeleriň arasynda esasy hanlaryň biri bolýar. Ol 1884-nji ýylyň ýanwarynda Güljemal hanyň başyny başlamagy bilen çagyrylan Mary hanlarynyň geňeşiniň esasy guramaçylarynyň biri bolýar hem-de Mary tekeleriniň wekil toparynyň hany hökmünde oňa işjeňlik bilen gatnaşýar. Bu halk ýygnagynyň gelen netijesi esasynda Ýusup han Marynyň ähli hanlary bilen bir hatarda Aşgabada wekil bolup gelýär. Taryhy maglumatlarda aýdylyşyna görä, Aşgabada gelen wekilleriň hatarynda esasy hanlaryň dördüsi, urug-tire hanlarynyň ýigrimi dördüsi bolupdyr. Bu ýerde Ýusup han Marynyň esasy hanlarynyň biri hökmünde çykyş edip, Mary tekeleriniň Orsýetiň raýatlygyna geçýändigini Zakaspi oblastynyň naçalnigi general Komarowa habar berýär. Soňra Ýusup han general Komarow bilen gepleşik geçirmek üçin bir aýa golaý Aşgabatda bolýar. Mary töwerekleri Orsyýete mejbury birikdirilenden soň, patyşa hökümeti Ýusup hana ofiserlik çinini, uly möçberde ýer-suw peşgeş berýär. Türkmenistan Orsyýetiň koloniýasyna öwrülenden soň, Ýusup han patyşa hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edip, ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ol Marynyň esasy hanlarynyň biri hökmünde iki gezek Sankt-Peterburga gidip, patyşa köşgünde myhmançylykda bolupdyr.
çesme: talyplar.com arhiwinden
Pegas 3 years ago- Gowşut handy Marynyň hany. Ol zäherlenip öldürilenden soňam Güljemal han Marynyň baş hany bolýar. Gowşut hanyň ölümi bilen Nurberdi hanyň ölüminiň arasy 3 ýyl. Şol aralykda Mara hem hanlyk eden bolaýmasa, Nurberdi hana näme üçin "Maryňam hany" diýýänlerine gaty bir düşünip bilemok.