Gelip dur ataň öýüne,

Entek ejeň dirikä.

Dünýädäki bagtyýar

Adamlaryň birikäň.


Jan berşi dek janyndan,

Ruhundan ruh bagyşlar.

Bagryňa bas, gujakla,

Hataň bolsa bagyşlar.


Aýtmasaňam, barybir,

Beletdir ähli zada.

Gözüňe bir garasa,

Kalbyňy okar bada.


Gulpaklyja gyz bolup,

Ýatlarsyň sen geçeni.

Seni görüp ýaşarar,

Tanamarsyň ejeňi.


Ýöne çägi çäklenip,

Gurlan adam takdyry.

Bir uçansoň gözüňden,

Gaýdyp eje tapdyrmy?!


Ýüzüňe nur çaýylar,

Käbäň öýüň nuruka.

Gelip dur ataň öýüne,

Entek ejeň dirikä.


Al-da delje süýjüden,

Dogduk öýüň şirikäň,

Myhman bol ejeňlere

Entek ejeň dirikä.

Edebiýat, Sha_gözel tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir