DELLEGIŇ ALTYNJY DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT

«Meniň altynjy doganymy diýseň bolsa, külli musulmanyň hökümdary, onuň dodagy kesik. Ol garyp düşüpdir-de, özüne näme-de bolsa bir ölmezödülik tapmagyň ugruna çykypdyr. Ine, onsoň bir gün ol ýol bilen gidip barýarka, bir owadan, bezegli öýüň üstünden barypdyr. Öýüň uzyn sütünli giň eýwany-da barmyş, owadan derwezeside barmyş. Derwezäniň agzynda bolsa hyzmatkärler hem serenjam berip aýlanyşyp ýören adamlar bar ekeni. Onsoň ol şol ýerde duran adamlaryň birinden bu öýüň kimiň öýüdigini sorapdyr. Ol adam bolsa: «Bu öý Barmakylar19 neberesinden biriniň öýil diýip jogap beripdir.
19 Barmakylar — VIII asyrda ýaşan Halid ibn Barmak weýaýarin nesilleri. Bu nesliň birentegi arap halyfynyň köşgunde uly wezipeleri eýeläpdir.
Ondan soň meniň doganym derwezebanlaryň ýanyna baryp, olardan artan-süýşen zadyňyz bolsa, oduk-buduk bir zatjyk beriň diýip dilegçilik edipdir. Olar bolsa oňa: «Sen derwezeden içerik gir-de, biziň jenabymyzyň ýanyna bar, ol saňa isläniňi berip goýberer» diýipdirler. Ine, onsoň meniň doganym sutünli eýwanyň aşagyna barypdyr-da, ol ýerden geçip, jenabyň öýüne ýetipdir. Öý weli diýseň owadan, haşamly öý ekeni. Howlusynyň ortarasynda-da bagy barmyş, ömründe onuň ýaly bag görmän ekeni.
Jaýlarynyň aşagy tutuşlygyna mermer daşy düşelip, äpişgelerine ýüpek tutular tutulypdyr.
Meniň doganym nirä barjagyny bilmän agzyny öweldip, ahyry ilki girilýän gagtynyň öňündäki sekiniň ýanyna barypdyr-da, ol ýerde görmegeý hem peşeneli sakgally bir adamyň bardygyny görüpdir. Ol adam, meniň doganymy gören badyna, ýerinden turupdyr, onuň öňünden çykyp salam beripdir, saglyk-amanlyk hem hal-ahwal soraşypdyr. Doganym bolsa özüniň oba gezip ýören garypdygyny aýdypdyr.
Ol adam meniň doganymyň aýdanlaryny eşidip, biçak gynanypdyr hem gaharyndan ýaňa öz egnindäki eşiklerini ýyrtyşdyryp: «Bu näme boldugy! Bu şäherde men barkam, seniň aç-ýalaňaç entep ýörmäň näme! Men muňa çydap bilmerin!» diýip gygyrypdyr. Ine, onsoň ol meniň doganyma eşret baryny wada edip: «Sen hökman meniň bilen duz-emek bolmalysyň» diýipdir. Meniň doganym bolsa: «Eý, jenap, meniň halys durarlygym galmady, men ajymdan ölüp barýaryn!» diýip jogap beripdir. Onsoň hojaýyn: «Heý, oglan, legen bilen kündügi alyp gel!— diýip gygyrypdyr-da: — Gel, eliňi ýuw» diýipdir. Meniň doganym elini ýuwmak üçin ýerinden turupdyr weli, ol legen-de görmändir, kündük-de. Öý eýesi bolsa göýä elini ýuwýan ýaly hereket edip: «Nahar stoljugyny getiriň!» diýip gygyrypdyr. Emma meniň doganymyň gören zady bolmandyr. Onsoň ol adam oňa: «Ynha, utanma-da alyber, şu nahardan keýpiňi kökle!» diýipdir-de, hamala özi hem nahar iýýän ýaly hereket edip oturyşyna: «Be, geň görmeli, sen näme beýle az iýýärsiň-aýt! Sen soňuny gaýgyrma-da iýiber, men seniň açdygyňy bilýän ahyry!» diýipdir. Onsoň meniň doganym hem göýä nahar iýýän adam bolan bolup oturypdyr, öý eýesi bolsa oňa: «Iý, özüňem bu nanyň nähili oňat ak nandygyny gör» diýýär ekeni. Emma meniň doganymyň görýän zady bolmansoň, ol öz ýanyndan:
«Bu adam iliň üstünden gülmegi halaýan bolmaga çemeli» diýip içini gepledipdir. Onsoň doganym oňa: «Eý, meniň jenabym, ömrümde munuň ýaly ak hem tagamly nan görmändim» diýipdir. Ol adam bolsa: «Muny meniň alty ýüz dinar berip satyn alan gyrnagym bişirdi» diýip jogap beripdir. Ondan soň öý eýesi: «Häý, oglan, etli gutap getir, birinjisini getir, özem birneme ýaglyrak bolsun!» diýip gygyrypdyr. Onsoň ol meniň doganymdan: «Allanyň haky üçin, dogryňy aýt, myhman, heý, ömrüňde şundan süýji gutap görüpmidiň?» diýip sorapdyr, soňundan bolsa: «Meniň janymyň saglygyna, utanma-da iýiber! — diýip, soňundan ýene: — Heý oglan, bize zirkelije et bilen ýaglyrak käkilik getirip ber!» diýip gygyrypdyr. Onsoň meniň doganyma: «Iý, myhman, sen ajygansyň, noş bolsun, iýiber!» diýipdir. Meniň doganym hem nahar iýýän ýaly şekilde agzyny gäwüşeden bolup oturan ekeni, ol adam bolsa yzly-yzyna nahar talap edýärmiş, emma getirilýän nahar-da ýokmuş, zat-da ýok; öý eýesi bolsa meniň doganyma zol hödür eden bolup oturan ekeni.
Onsoň ol adam: «Heý, oglan, içine pisse maňzy dykylan jüýje etini getir!» diýip gygyrypdyr. Ondan soň bolsa ýene meniň doganyma ýüzlenip: «Alladan ant içýän, myhmanym, bu jüýjeler pisse bilen bakylan jüýjelerdir, iý ahyry, bu seniň hiç wagt iýip gören zadyň däldir, utanma, çekinme, iý köpräk» diýipdir. Meniň doganym bolsa oňa: «Hawa, meniň jenabym, örän gowy eken!» diýip jogap beripdir. Ondan soň öý eýesi elini doganymyň agzyna golaýladyp, onuň agzyna tutup beren kişi bolup, naharlaryň adyny sanap hem öwüp, onuň agzyny suwardýar ekeni. Meniň doganym bolsa onsuzam ajyndan ölere gelen adam, onuň sözlerine hasam agzy suwaryp, şol mahal arpa çöregi bolsa-da bokurdagyndan ilmän geçjek ekeni. Ondai soň ol adam: «Sen şu naharlaryň içine atylan işdä açyjy zatlardan gowusyny, heý, ömrüňde görüpmidiň?» diýipdir. Meniň doganym bolsa: «Ýok, jenap, gören däldirin» diýen bolup jogap beripdir. Onsoň ol ýene gaýtalap: «Sen utanyp oturma-da, mazalyja nahar edin!» diýipdir. Meniň doganym hem oňa: «Meniň-ä indi iýmek kemim galmady» diýip jogap beripdir. Ondan soň öý eýesi:
«Bu zatlary ýygnaşdyryp äkidiň-de, şirin zatlardan getiriň!» diýip gygyrypdyr. Yzyndanam meniň doganyma ýüzlenip: «Ynha, şundan iý, bu örän süýji zatdyr, ynha, şu byzmyklardan iý. Ýa walla, näme çekinip otyrsyň, şiresi dökülmänkä, ynha, şu byzmygy iýsene» diýýär ekeni. Meniň doganym hem oňa: «Hudaý meni senden aýyrmasyn, meniň jenabym!» diýip, onuň saglygyny dileg edip, soňundan hem byzmyklara goşulan işdä açyjy şirinleriň näçeräk bardygyny soran bolupdyr. Öý eýesi bolsa oňa jogap berip:
«Meniňkide adatça her byzmygyň içine bir mysgal müşk, ýarym mysgalam anbar goşýarlar» diýipdir» Gürrüň arasynda bolsa doganym baş atyp, gäwüşän bolup oturan ekeni. Öý eýesi bolsa: «Utanmasana, ynha, şujagaz badamy bir iýsene» diýýär ekeni. Meniň doganym bolsa oňa: «Meniň jenabym, sag bol, men gaty köp iýdim, indi men kemsiz doýdum!» diýip jogap berýän ekeni. Onda öý eýesi: «A-how myhman, aňrujy işdäň bar bolsa, Alladan ant içýän, çekinme, aç galmaly dälsiň!» diýip gaýtalap aýdypdyr. Meniň doganym bolsa oňa: «Jenap, heý, şunça zatlary iýen adamam bir aç galarmy?» diýen bolupdyr. Onsoň ol öz içinden: «Sen näçe oýnuň bolsa et bakaly, menem seniň başyňa şeýle bir oýun salaryn weli, ikini islemez ýaly bolarsyň!» diýipdir. Ol adam bolsa: «Hany, bize şerap getiriň!» diýip gygyrypdyr. Ondan soň hyzmatkärler hamala şerap getirýän ýaly bolup, ellerini boş hereket etdirişip başlapdyrlar. Öý eýesi meniň doganyma bulgury uzadyp: «Ynha, şu bulgury al-da, iç, eger şerap seniň hoşuňa gelse, onda maňa aýdarsyň» diýipdir. Meniň dogaiym hem oňa: «Jenap, şerabyň ysy-ha gowy eken, ýöne weli men ýigrimi ýyl dagy saklanan köne şeraplary içmäge öwrenen adam» diýip jogap beripdir. Onda öý eýesi: «Sen şu gapydan gelseň, ony birneme içip bilersiň» diýipdir. Onsoň meniň doganym oňa hoşallyk bildirmek bilen: «Jenap, seniň merhemetliligiň hatyrasyna!» diýen bolup, göýä şerap içýän ýaly hereket eden bolup, elini galdyryp, öz agzyna golaýladypdyr. Öý eýesi bolsa: «Saglygyňa, noş bolsun!» diýipdir. Onsoň onuň özi-de içen bolupdyr-da, doganyma ikinji bulgury uzadypdyr, meniň doganym bolsa ony hem içen bolup, soňundan pýan bolan bolupdyr-da, birdenkä onuň üstüne topulypdyr, barybam gulagynyň düýbüne palçyldadyp suňşurypdyr weli, içeri ala-şakyrdy bolupdyr. Meniň doganym ýene bir gezek ikinji ýumrugy-da suňşurypdyr weli, ol adam: «Bu näme etdigiň boldy, haramzada?» diýip gygyrypdyr. Meniň doganym bolsa oňa: «Jenap, sen öz sadyk guluňa hezzet etdiň, ony öz öýüňe saldyň, oňa nahar berdiň, köne çakyrdan doýurdyň, onsoň olam birneme serhoş boldyda, bulagaýlyk edip başlady, ýöne weli sen onuň bilen deň bolup durmaly däl ahyry, sen beýik mertebeli adam, şonuň üçin onuň günäsini-de geçmelisiň» diýip jogap beripdir.
Öý eýesi onuň bu aýdanlaryna jak-jak gülüp: «Men köp wagtlardan bäri şeýdip adamlaryň üstünden gülüp, öz dostlarymy-da şeýdip bizar edip, şondan lezzet alyp gelýärdim, emma meniň şu hili oýunlaryma seniň ýaly çydam edip bilýänini, seniň ýaly sabyr-takatly adam görmändim. Indi bolsa men seniň günäňi geçdim; indi sen meniň hakyky, çynlakaý tabakdaşym bol, özüňem hiç haçan meniň bilen aýrylyşma» diýipdir. Şondan soň ol özüniň hälki agzaşdyran naharlarynyň, iýer-içer ýaly zatlarynyň hemmesini getirdipdir, onsoň meniň doganym bilen ikisi oturyp; iýip-içip keýplerini kökläpdirler, soňundan bolsa ýörite şerap içilýän otaga geçipdirler. Ol ýerde otyrkalar, ynha, birden bir topar hyzmatkär gyz peýda bolupdyr, özleri-de hersi aýyň bir bölegi ýaly ýalpyldaşyp duran gözel gyzlar ekeni, olar dürli owazlar bilen, dürli sazlara goşup, aýdym aýtmaga başlapdyrlar. Ondan soň ikisi şerap içmäge başlapdyrlar, içibem mazalyja serhoş bolupdyrlar. Ol adam meniň doganym bilen dostlaşyp, ony hut öz dogany ýaly görüp başlapdyr, ony tüýs ýüreginden gowy görüp, sylag-serpaý beripdir.
Ol gijäni geçirenlerinden soň, ertesi güni ol ikisi ýene iýip-içmäge başlapdyrlar — olaryň şu hili dostlugy ýigrimi ýyllap dowam edipdir. Ondan soň ol adam ölüpdir weli, şol ýeriň soltany onuň bütin emlägini ýygnap alypdyr, meniň doganyma beren zatlarynyda alypdyr; soltan doganymyň pullaryny-da elinden alyp, ony kör-köpüksiz lüt garyp galdyryp hyraç goýupdyr.
Ondan soň meniň doganym özüniň nirä barýandygyny-da bilmän, baş alyp çykyp ugrapdyr. Ol ýoluň ugry bilen gidip barýarka, göçüp-gonup ýören galtamanlara duçar bolup, olara ýesir düşüpdir. Galtamanlardan biri ony öz düşelgelerine alyp barypdyr-da, şol ýerde ony horlap gynamaga başlap, oňa: «Sen öz janyňy menden pul bilen satyn al, ýogsamam men seni öldürerin!» diýipdir. Meniň doganym bolsa aglap, oňa: «Alladan ant içýärin, meniň hiç zadym ýok! Men seniň ýesiriň, maňa näme edesiň gelse ediber» diýipdir.
Ine, onsoň ýaňky galtaman alaga-da meniň doganymyň dodagyny kesip aýrypdyr, özi-de ondan her zatlary talap edip, barha beter bahana arap, oňa ezýet ýamanyny beripdir. Ol galtamanyň biçak owadan heleýi bar ekeni, galtamanyň özi bir ýana çykyp giden wagtynda, ol aýal meniň doganyma gysmyljyrap, onuň göwnünden turmak üçin her hili ýaramsaklyklar edip, oňa oýkanjyrapdyr, emma meniň doganym oňa ýanaşmakdan boýun gaçyrypdyr. Emma günlerde bir gün, ol aýal ýene oňa gysmyljyrap başlapdyr weli, meniň doganym onuň bilen oýnaşmaga durup, ony dyzynyň üstünde oturdypdyr. Edil şol pursatda-da onuň äri üstlerinden gelip, meniň doganymyň öz aýaly bilen bolup oturyşyny görüp: «Häý, işi gaýdan äteňenälet, indi gel-gel, sen meniň aýalyma el urup başladyňmy!» diýip gygyrypdyr-da, pyçagyny çykaraga-da, meniň doganymyň ujydyny kesip aýrypdyr, özüni-de düýäniň üstüne keserdip basaga-da, äkidip, daglaryň-depeleriň üstünde bir ýerde taşlap gaýdypdyr.
Onsoň onuň duşundan geçip barýan ýolagçylardan tanyş-bilişleri gabat gelip, ony naharlap zat edip, ölümden halas edipdirler, soňundanam onuň başyna düşen işi maňa habar etdiler. Menem onuň ýanyna baryp, ol ýerden ony şähere, öz ýanyma alyp gaýtdym, eklenjini-de öz boýnuma aldym. Ynha, indem seniň ýanyňa gelip, merhemetli hökümdar, özümiň nähili adamdygymy saňa gürrüň bermen gaýdybermekden çekindim, beýtmegiň özi ýalňyş bolardy ahyry, çünki meniň yzymda alty doganym bar, altysynyňda aladasy meniň boýnumda durýar. Onsoň hökümdar meniň başymdan geçen ahwalaty hem meniň öz doganlarym barada aýdan gürrüňlerimi eşidip loh-loh güldi-de: «Seniňki hak, Dymma, sen geplemsek hem däl ekeniň, ýaňra hem däl ekeniň, ýöne weli indi şu şäherden basymrak çyk-da, başga bir şäherde ýaşa!» diýdi. Ine, şeýlelik bilenem, ol meni yzyma adam salyp kowup goýberdi.
Ine, onsoň men tä onuň öldi habaryny eşidýänçäm, oňa derek başga biriniň halyf bolandygyny bilýänçäm, ençeme şähere baryp, ençeme ülkelere aýlanyp çykdym, ynha, indem şol habary eşidip, bu şähere gaýdyp geldim. Gelsem meniň doganlarym eýýäm ölüp-ýitip gidipdirler. Onsoň men, ynha, şu ýigidiň ýanyna bardym, özümem oňa uly ýagşylyklar etdim, eger men bolmadyk bolsam, ony hatasyz öldürerdiler, emma ol bolsa maňa ýok günäleri ýöňkäp, töhmet baryny atýar. Hawa, jemagat, onuň maňa ýaňra diýip at dakmagy düýbünden ýalan. Men bu ýigit zerarly, tä şu ýere gelip ýetýänçäm, şu ýerde oňa duşýançam, sansyz köp ýurtlary sökdüm, eýsem şunuň özi-de meniň gaýratlylygym üçin dälmi näme, a-how, jemagat?»
Biz ol dellegiň başyndan geçirenlerini hem onuň tükeniksiz tükezzybanlaryny eşidip hem-de bu ýigidiň göwnüne degenligini bilip, ol dellegiň ezeneginden tutup süýräp çykardyk-da, eltip ýerzemine dykdyk, diňe şondan soň arkaýyn oturyp, iýdikiçdik, keýpimizi kökledik, biziň meýlisimiz tä öýle namazyna çenli dowam etdi. Ondan soň men ol ýerden çykyp gaýdyp, öýümize bardym weli, görsem, aýalym ýuzüni turşardyp otyr. Onsoň ol maňa: «Sen-ä gezip hezil edinip ýörsüň, menem bu taýda ýeke özüm içimi hümledip otyryn! Eger sen meni öz ýanyň bilen gezelenje äkidip, şu günüň galanyny meniň bilen bile gezmeseň, onda ikimiz aramyzy çöp döwlen ýaly edip açmaly bolarys, ikimiziň aýrylyşmagymyzyň sebäpkäri-de seniň özüň bolarsyň» diýdi.
Ine, onsoň menem ony gezelenje äkitmeli boldum; aýalym ikimiz agşama deňiç gezelenç etdik, gaýdyp gelýärkägem, şol küýkiniň üstünden geldik, görsek, ol biçak pýan ekeni, ol şu hili gazallary aýdýardy:
Dury bulgur doly dup-dury meýden,
Başym çykmaz boldy bulaşyk küýden:
Göwnüme, meý bar-da, bulgur ýok ýaly, Bulgur bar diýsemem, meý bir hyýaly.
Onsoň men ony öýüme çagyrdym-da, gowrulan balyk almak üçin bazara baryp geldim, gelibem bile iýmäge oturdyk. Onsoň meniň aýalym bir bölek çörek bilen bir tokga balyk etini onuň agzyna tutup beren boldy-da, onuň bokurdagyna dykdy weli, küýki birden öldi ýatyberdi. Men ony göterip äkitdim-de, hilegärlik edip, ony şu ýewreý hekimiň öýünde taşlap gaýtdym, hekim hem ahmal bolman, ony gözegçiniň öýüne taşlapdyr, gözegçi bolsa ony öz başyndan aýyrmak üçin hristian-dellalyň ýoluna taşlapdyr. Ine, meniň başymdan geçen ahwalat hem düýnki günde başymdan geçiren wakalarym — eýsem munuň özi şol küýkiniň ahwalatyndan has geň kem gyzykly dälmi näme?»
Çynmaçyn patyşasy bu hekaýaty eşidip, geňirgenmekden ýaňa başyny ýaýkap, haýran galypdyr-da: «Ol ýigit bilen ýaňra dellegiň arasynda bolan hekaýatyň özi, dogrudan-da, ýalançy-küýkiniň başyndan geçen wakadan has gyzykly hem hezil ekeni!» diýipdir.
Ondan soň patyşa özüniň köşk hyzmatkärlerinden birine: «Tikinçi bilen gidiň-de, ýerzemine taşlanan dellegi çykaryp alyp geliň, onuň gürrüňini menem bir diňläp göreýin, ol siziň hemmäňiziň boşadylmagyňyza sebäp bolar; ol küýkini bolsa biz jaýlarys — ol düýnden bäri öli ýatyr ahyry — onuň guburynyň üstüne hüjre salarys» diýipdir.
Şol minutyň özünde bolsa köşk hyzmatkäri bilen tikinçi tirkeşip, dellegiň saklanýan ýerine baryp, ony şol ýerden alyp gaýdyp, patyşanyň alnynda häzir boldular.
Patyşa dellegi görüp, ony başdan-aýak synlap görse, ol ýaşy togsandan aşan, garaýagyz, sakgaly hem gaşy agaran, eňkamy giden gulaklary kesik, burunlak, özi-de samsyk garry ekeni. Patyşa onuň biçüwini görüp gülüpdir-de: «Eý, Dymma, men seniň başyňdan geçiren wakalaryňdan haýsy-da bolsa birini gürrüň bermegiňi isleýärin» diýipdir. Onda dellek: «Eý, patyşahy älem, bu duran hristianyň, hem ýewreýiň, onsoňam bu musulmanyň hem siziň araňyzda öli ýatan küýkiniň başyndan geçen wakalar nähilikä, onsoň-da bu adamlaryň bu taýda ýygnanyşyp durmaklarynyň sebäbi näme?» diýip sorapdyr. Onda patyşa oňa: «Sen bu zatlary nämeden soraýarsyň?» diýipdir. Dellek hem oňa şeýle jogap beripdir: «Meniň asla-ha ýaňra däldigimi patyşanyň bilmegi üçin soraýaryn. Bular maňa ýaňra diýip nähak at dakýarlar, töhmet atýarlar. Men geplemezek adam bolanym üçin, meniň adyma-da Dymma diýýärler, bu barada şahyryň hem aýdany bar:
Tutuş zandam lakamy dek bolaýmasyn diýip ýörýäň, Siňe-siňe syn etmekden gorkup oňa selçeň garýaň».
Onsoň patyşa: «Bu küýkiniň taryhyny hem-de agşamaralar onuň başyna düşen wakany, onsoň-da ýewreýiň, hristianyň, gözegçiniň hem tikinçiniň beren gürrüňlerini dellege aýdyp beriň» diýip buýruk beripdir. Onsoň olaram aýdyp beripdirler (gaýtalap oturmakdan bolsa peýda ýok); şondan soň bolsa dellek başyny ýaýkap: «Alladan ant içýän, bu bir tüýs geň görmeli zat eken! Bu küýkiniň ýüzüni bir açyň, göreýin!» diýipdir.
Olar hem onuň ýüzüni açyp beripdirler weli, dellek onuň gapdalynda oturypdyrda, onuň kellesini dyzynyň üstünde goýup, ýüzune dikanlap seredip, şeýle bir gülmek gülüpdir, hut güle-güle kese ýykylypdyr, soňundan bolsa: «Herki ölümiň özi geň zatdyr weli, emma bu küýkiniň ölşüni altyp syýa bilen depdere ýazmak gerek!» diýipdir. Dellegiň bu gepine hemmeler aňk-taňk bolupdyrlar, onuň bu aýdanyna patyşanyň özi-de geň galyp: «Ýeri, Dymma, saňa ne jyn urdy? Hany aýt göreli» diýipdir. Onda dellek: «Eý, patyşahy älem, seniň merhemetliligiňden ant içýän, ynan, bu küýki ýalançynyň jany bar!» diýipdir. Şeý diýipdir-de, dellek goltugynyň aşagyndan bir gapyrjajyk çykaragadan, onuň agzyny açyp, içinden kindiwanja ýagly küýzejigi çykarypdyr-da, ýaňky ýagy küýkiniň boýunlaryna, boýnunyň damarlaryna çalypdyr. Ondan soň ol gapyrjagyndan iki sany ujy egrije simjagaz alyp, ony küýkiniň bokurdagyna sokaga-da, onuň bogazyndan süňki zady bilen bir bölek balyk etini çykarypdyr, görseler, onuň bokurdagyndan çykan balyk eti gana boýalyp giden ekeni. Küýki bolsa şol bada bir gezek asgyrypdyr-da, ziňkildäp aýak üstüne galypdyr, ýüzüne elini ýetirip: «Bir Allanyň özünden başga hiç hili Hudaýyň ýokdugyna, Muhammet bolsa Allanyň resulydygyna şaýat bolup bilerin!» diýip, içini çekip geňirgenipdir. Özleriniň gözleri bilen gören bu ahwalatyna patyşa-da, onuň töweregindäki adamlar-da biçak geň galypdyrlar.
Patyşa muňa güle-güle kese ýykylypdyr, beýleki adamlaram gülşüpdirler. Ondan soň patyşa: «Alladan ant içýän, bu örän gep zat, men ömrümde munuň ýaly geň zady görüp-eşitmändim!» diýipdir.
Ondan soň bolsa Çynmaçyn patyşasy: «Eý, musulmanlar, külli esgerler, heý, siziň ömrüňizde ölenden soň direlen adamy görüp-eşideniňiz barmy? — diýip sorapdyr.— Eger Allatagalanyň özi, onuň bagtyna, şu dellegi ýetirmedik bolsa (bu onuň janyna ýetişip, diri galmagyna sebäp boldy), onda küýki, megerem, ölüp giderdi».
Ondan soň hemmeler: «Alladan ant içýäs, bu bir haýran galmaly geň zat boldy!» diýşipdirler. Ine, onsoň Çynmaçyn patyşasy bu wakany altyn syýa bilen depdere ýazmaly diýip buýruk beripdir, onsoň patyşanyň aýdyşy ýaly edibem ýazypdyrlar, ýazybam patyşanyň hazynasynda goýupdyrlar. Ondan soň patyşa ýewreýe, hristiana hem gözegçä sylag berip, olaryň her birine gymmatbahaly halat ýapyp, baryň öz ýoluňyza gidiberiň diýip goýberipdir; olaram gidipdirler. Ondan soň patyşa tikinçä bakan öwrülip, oňa-da sylag edip, gymmatbahaly halat ýapypdyr hem-de ony özüne tikinçi ussa edinip alypdyr; özüne-de belli aýlyk hakyny belläpdir, küýki bilenem ýaraşdyrypdyr, onsoň küýkä-de sylag edip, gymmatbahaly hem owadan halat salypdyr, oňa-da aýlyk belläpdir, özi bilen oturyp-turşup ýören tabakdaşy edinipdir. Dellege bolsa rehim edip, ony patyşalygyň baş dellegi edip belläpdir hem özüniň saçakdaşy edinipdir. Ine, onsoň olar tä keýp-sapany bozujy hem üýşmeleňi pytradyp, birek-birekden aýra salyjy Perişde gelip üstlerinden düşýänçä, keýp-sapa bilen ömür sürüpdirler.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir