DELLEGIŇ DÖRDÜNJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT

«Meniň dördünji doganym bolsa, dindarlaryň hökümdary — diýip, men gürrüňimiň yzyny dowam etdim. — Ol doganym (özi-de çaşy) Bagdatda gassaplyk edip, bazarda et satýardy, goýunlary baga bakyp semrederdi, özi-de onuňka et almaga gelýänleriň köpüsi emeldarlar, gurply adamlardy. Doganym şol işiň üsti bilen eslije maýa toplapdy, ýüp çeker ýaly mal edinipdi hem birnäçe jaý edinipdi, şeýlelik bilen, ol uzak wagtlap döwran sürüpdi. Ine, onsoň bir gezek, günlerde bir gün, ol öz dükanynda otyrka, birdenkä onuň ýanyna bir sakgallak ýaşuly gelip durupdyr-da, onuň eline birnäçe dirhem pul berip: «Şuňa et çekip ber» diýipdir. Ol puluny berip çykyp gidiberipdir
(doganym bolsa oňa et çekip beripdir). Ol ýaşulynyň beren kümüş puluna seredip görse, onuň berip giden dirhemleri üýtgeşik ak hem ýaldyraşyp duran ekeni. Doganym ol pullary aýratynja bir ýere ýygnap goýupdyr.
Ol garry her gün et almaga gelip, bäş aýlap gatnapdyr, meniň doganymam onuň berýän puluny aýratyn bir sandyga oklap duran ekeni. Onsoň ol bir gün ol pullary çykaryp, olara goýun almakçy bolupdyr, sandygy açypdyr welin, görse, sandygyň içi durşuna bölek-bölek edilip kesilen ak kagyz bolup ýatyr ekeni.
Doganym muňa gynanjyndan ýaňa öz maňlaýyna özi urup gygyrmaga başlapdyr. Onuň sesine adamlar ylgaşyp gelip, daşyna egrilişip, onuň näme üçin gykylyk edýänini sorapdyrlar, doganym hem bolan ahwalaty olara aýdyp berindir. Adamlar muňa haýran galypdyrlar. Ondan soň bolsa meniň doganym özüniň hemişeki edişi ýaly, bir goýny soýupdyr-da, ony dükanynyň agzyndan asyp goýup: «Alla jan! Şol murdar garry ýene bir geläýbilsedir!» diýip içini gepledipdir. Aýdanyna mähetdel ýaly, ynha, ol garry şol öňküsi ýaly kümüş puljagazyny somlap ýene peýda bolupdyr, meniň doganym hem turup, onuň ezeneginden ýapyşaga-da: «Aý, musulmanlar, geliň, haw! Bu aldawçynyň meniň başyma salan oýnuny görüp-eşidiň, haw!» diýip, gygyryp başlapdyr.
Ol ýaşuly meniň doganymyň bu aýdanyny eşidip, ondan: «Sen haýsyny halaýarsyň: menden el çekeniňimi ýa-da meniň seni adamlaryň öňünde masgara edenimimi?» diýip sorapdyr. Onda meniň doganym hem ondan: «Sen meni nädip masgara edip bilersiň?» diýip sorapdyr. Onda ol garry: «Seniň goýun etine derek adam etini satýanyňy aýdyp masgara ederin» diýip jogap beripdir. Meniň doganym gaharlanyp: «Galat aýdýarsyň, äteňenälet!» diýip azgyrylypdyr. Onda ol ýaşuly:
«Äteňenälet diýip, dükanyndan adam etini asyp goýýana diýerler» diýipdir. Meniň doganym has-da gyzarylyp: «Eger seniň aýdýanyň dogry bolsa, onda meniň ähli pulumda, meniň ganym-da seniňki bolsun!» diýip jogap beripdir. Onda ýaşuly ýygnanan adamlara ýüzlenip: «Ahow, jemagat, eger meniň aýdanlarymyň subut edilmegini hemde meniň mamladygymy bilmek isleseňiz, geliň-de, giriň şu dükana!» diýipdir. Ine, onsoň adam bary meniň doganymyň dükanyna bakan yňdarylaýypdyr, olar baryp seretseler, dükanyň agzyndan asylgy duran goýun birdenkä asylgy adama öwrülip duruberipdir. Olar muny görüp, meniň doganymyň ýakasyndan ýapyşyp: «Haý, dinden çykan, haý, betpäl!» diýşip gygyryşyp başlapdyrlar. Onuň iň dost diýip ýören adamy-da onuň tumşugyna palçyldadyp urup: «Sen bize Adam atanyň ogullarynyň etini iýdirip ýören ekeniň-le!» diýýär ekeni, hälki garry bolsa urup, onuň gözüni çykarypdyr.
Ondan soň adamlar üýşüp, ol asylgy duran adamy sakçybaşynyň ýanyna göterip äkidipdirler. Hälki ýaşuly bolsa oňa: «Emir aga, bu adam elmydama adamlary öldürip, olaryň etini goýun etine derek aldap satýar, şonuň üçinem biz ony tutup, seniň ýanyňa alyp geldik. Ynha, indi sen tur-da, beýik Allatagalanyň öwredişi ýaly, oňa adalat suduny edip, onuň degişlý jezasyny ber!» diýipdir. Meniň doganym her näçe jibrinip, özüne nähak töhmet edilýändigini düşündirjek bolsa-da peýdasy bolmandyr, sakçybaşy onuň gepine asla gulak hem asmandyr-da, oňa bäş ýüz taýak urmaly diýip, bar pullaryny hem elinden alypdyr — eger şol pullary bolmadyk bolsa, onuň öldürilmegi-de mümkin ekeni.
Şondan soň meniň doganym başyny alyp çykyp gidip, bir uly şäheriň çetinden giripdir. Şol ýerde ol: «Paşmakçy bolup biläýsem kem bolmazdy» diýip oýlanypdyr-da, bir dükanjyk açynan bolup, özüne çalamydar tetärik bolar ýaly, gazanç etmek üçin şol ýerde işläp oturypdyr. Günlerde bir gün, ol işi bolup köçe çykanda, at aýagynyň güpürdisini eşidip, onuň nämedigini sorapdyr welin, oňa: «Patyşa awa-şikara çykýar, şonuň nökerleriniň güpür-tapyry» diýip jogap beripdirler. Ine, onsoň meniň doganym patyşanyň gözelligine syn etmäge durupdyr, şonda patyşanyň nazary meniň doganymyň nazary bilen kaklyşypdyr welin, patyşa ýüzüni aşak salypdyr-da: «Şu günüň belasyndan Allanyň özi gorap saklasyn!» diýipdir, şol bada hem atynyň başyny yzyna dolap, göni yzyna öwrülip gaýdyberipdir; şunlukda, onuň bütin leşgeri-de yzyna öwrülmeli bolupdyr. Onsoň patyşanyň buýrugyna görä, onuň nökerleri meniň doganymyň yzyndan ýetip, ony biçak gaty ýenjipdirler, meniň doganym zordan ölmän gutulypdyr. Doganym munuň sebäbine düşünip bilmän, akylyny-huşuny ýitiren halda öz külbesine zordan özüni atypdyr. Şondan soň ol patyşanyň hyzmatkärlerinden bir adamyň ýanyna baryp, özüniň sezewar bolan ahwalatyny oňa gürrüň edip beripdir welin, ol adam muňa gülegüle kese ýykylypdyr hem-de oňa: «Aý, gardaş, biler bolsaň, patyşa çaşynyň gözüne, ylaýta-da sag gözi çaşynyň ýüzüne seredip bilmeýär; ol ony öldürmän goýberýän däldir» diýipdir.
Meniň doganym bu sözleri eşideninden soň, bu şäherden çykyp gaçmagy ýüregine düwüp, şol ýerden turup çykyp ugrapdyr-da, başga bir ýere geçipdir, ol baran ýerinde bolsa ony tanaýan adam ýok ekeni, özi-de şol ýerde uzak wagtlap ýaşapdyr. Şondan soň bolsa doganym özüniň etmeli işi barada oýlanyp başlapdyr. Bir gün ol gezelenje çykan wagtynda, yzyndan at aýagynyň güpürdisini eşidip: «Allanyň beren möhleti geldi gerek!» diýip içini gepledipdir. Onsoň ol gizlenmek üçin ýer aňtapdyr, emma tapyp bilmän aljyrap durşuna, birdenkä görse, öňünde bir ýapyk gapy dur ekeni. Ol gyssanjyna şol gapyny itip goýberipdir weli, olam ýykylypdyr. Doganym şol ýere girip görse, giden bir uzyn gowak ýaly girelge bar ekeni, ol hem şoňa giripdir weli, eýlesine-beýlesine bakyp ýetişmänkä, iki sany adam azatda-mazat oňa ýapyşyp; «Seni biziň elimizejik getirip beren Allahymyza şükür! Häý, Allanyň ýekireni, ynha, indi üç gijeden bäri sen zerarly bize ne ýatuw bar, ne bir arkaýyn otur-turuw bar, seň bizi ölümiň gyrasyndan eltdiň!» diýipdirler. Onda meniň doganym: «A-how, adamlar, siziň aýdýanyňyz näme?» diýip sorapdyr. Olar bolsa oňa: «Sen bizi aldap ýörsüň, özüňem bizi masgaralajak bolýarsyň! Sen her hili hileler gurup, öýüň eýesini öldürjek bolýarsyň! Seniň öz nökerleriň bilen birlikde ony tozduranyňyz azmydy! Hany, her gije bizi öldürjek bolup somlaýan şol pyçagyňy çykar derrew!» diýipdirler. Onsoň olar ony döküp-barlap, biline gyssyrylgy pyçagy tapyp alypdyrlar. Şonda meniň doganym olara: «Ahow, adamlar. Alladan gorkuň ahyry! Biler bolsaňyz, meniň biçak geň görmeli başdan geçiren ahwalatym bar» diýipdir. Olar: «Seniň ahwalatyň nähili eýse?» diýip sorapdyrlar. Onsoň doganym özüni boşadarlar öýdüp, öz başyndan geçen ahwalatlary aýdyp beripdir. Olar meniň doganymyň gürrüňine gulagam salmandyrlar, onuň aýdýan sözlerine ünsem bermändirler; onsoň olar onuň eşiklerini ýyrtyşdyryp, onuň endamyndaky gamçy yzlaryny görüp: «Häý, äteňenälet, ynha urlan gamçylaryň yzlary!» diýipdirler. Ondan soň olar meniň doganymy weliniň ýanyna alyp gelipdirler, şonda meniň doganym özözüne: «Men öz eden etmişim üçin ele düşdüm, indi meni bir beýik Allanyň özünden başga, hiç kim azat etmez» diýipdir. Weli meniň doganymdan: «Häý eteňenälet, bu işe baş goşmaga seni näme mejbur etdi ahyry? Sen adam öldürjek bolup öýe girdiňmi?» diýipdir. Meniň doganym bolsa: «Emir aga, Allanyň haky üçin, meniň sözümi ahyryna çenli diňläp, maňa jeza bermäge alňasamazlygyňy haýyş edýärin!» diýipdir. Emma weli oňa: «He, biz ýagyrnysynda gamçynyň galdyran tagmalary görnüp duran ogrynyň gepine gulak asyp oturmaly-da! Saňa uly günä edeniň üçin, şeýle agyr jeza berendirler» diýipdir-de, meniň doganyma ýüz gamçy urmaly edipdir. Ine, onsoň oňa ýüz gamçy urup, soňundan hem düýäniň üstüne mündürip: «Ynha, kesekiniň öýüne girýän ogrynyň jezasy, onda-da iň bärkije jezasy!» diýip gygyryşyp masgaralapdyrlar.
Ondan soň weli ony şäherden çykaryp kowmaly diýip buýruk beripdir. Meniň doganym bolsa nirä gidýänini-de bilmän, ýüzüniň ugruna çykyp gidip barýan ekeni. Men bu wakany eşidip, onuň yzyndan bardym-da, näme-nämeleriň bolandygyny soraşdyrdym, ol bolsa özüniň başyndan geçen zatlaryň hemmesini maňa gürrüň berdi. Menem onuň ogurlygy barada gygyrmalaryny bes edýänçäler, onuň ýanyndan aýrylman, şäheriň bütin töweregine aýlanyp çykdym, ony goýberen wagtlarynda bolsa, men onuň ýanyna bardym-da, ogrynlyk bilen ony aldym-da, şähere getirdim hem-de onuň iýjekiçjek zatlaryny äbermäge başladym».

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir