DELLEGIŇ ÜÇÜNJI DOGANY HAKYNDA HEKAÝAT

«Meniň üçünji doganym hakynda aýdylanda bolsa, onuň adyna Fakyk diýýärler, özi-de kör. Ykbaly hem ýazgydy bir gün ony uly bir öýüň üstünden eltipdir weli, ol hem öý eýesinden tamakin bolup, ol özi bilen gepleşer öýdüp hem ondan näme-de bolsa garaz bir zatjyk diläp alaryn öýdüp, onuň derwezesini kakypdyr. Öýüň eýesi-de aňyrdan gelip: «Kim-ow derwezäni kakýan?» diýip sorapdyr. Emma oňa jogap beren adam bolmandyr. Ondan soň öý eýesiniň ýene batly ses bilen «Kim-ow?» diýip, gaýtalap sorandygyny doganym eşitse-de, oňa jogap bermändir. Onsoň öý eýesiniň gapa bakan ýöräp gelýänini doganym eşidip dursa-da sesini çykarmandyr, ol gelip derwezäni açypdyr-da: «Saňa näme gerek?» diýip, doganymdan sorapdyr. Meniň doganym bolsa oňa: «Allanyň haky üçin, göwnüňden çykaranyň!» diýipdir. Onda öý eýesi: «Sen körmi?» diýip sorapdyr. Meniň doganymam: «Hawa» diýip jogap beripdir. Onda öý eýesi oňa: «Hany, äber eliňi!» diýipdir. Meniň doganymam öý eýesi bir zat berjekdir öýdüp, oňa elini uzadypdyr weli, olam onuň elinden tutup, tä iň ýokarky tamyň üstüne barýança, basgançakdan ýokarlygyna idip äkidipdir. Meniň doganym bolsa öz ýanyndan ol adam özüni oduk-buduk zat bilen naharlap, eline-de garaz bir zatjyk berip goýberer diýip çak edipdir.
Öý eýesi ony ýokary çykaryp: «Hawa, kör, saňa näme gerek?» diýip, doganymdan sorapdyr. Meniň doganym bolsa şol öňki aýdyşy ýaly: «Merhemetli Allatagalanyň ýoluna aýdan-diýeniňden garaz bir zatjyk berseň bolýar» diýip jogap beripdir.
Onda öý eýesi: «Näme, Allanyň saňa goýup giden zady barmyşmy bu taýda!» diýip herrelipdir. Onda meniň doganym oňa: «Pä-heý, sen-ä, beý diýjek bolsaň, şo taýda, derwezäň agzynda, ýerdekäk aýdaýsaň bolmadymy?» diýip iňirdäpdir. Öý eýesi bolsa oňa: «A sen näme, haramzada, meniň bilen şol ýerde bada-bat gepleşäýmediň?» diýip jogap beripdir. Onsoň meniň doganym: «Ýeri, sen indi meni nätmekçi bolýaň?» diýip, ondan sorapdyr. Ol bolsa: «Meniň saňa berer ýaly zadym ýok» diýip jogap beripdir. Onda meniň doganym: «Meni basgançakdan aşak özüň düşürip goýber onda» diýipdir. Öý eýesi bolsa: «Honha ýoluň, gidiber özüň» diýip jogap beripdir. Ine, onsoň doganymyň özi aşak düşüp ugrap, derweze bilen aralykda ýigrimi basgançak galan wagtynda, birdenkä aýagy taýyp ýykylypdyr-da, derwezä bakan togalanyp gidipdir, özide şonda kellesini ýardyrypdyr. Onsoň, şol ýerden nirä barýanyny-da bilmän, çykyp ugrapdyr weli, özüniň kör ýoldaşlaryndan birnäçesi yzyndan ýetip: «Bu gün eliňe näme düşürip bildiň?» diýip, ondan sorapdyrlar. Meniň doganym bolsa özüniň nähili zada duçar bolandygyny olara gürrüň edip beripdir-de, soňundan: «Doganlar, men özümiň ozalky galanja pulumdan birnemejik alyp, özüme harç edinmesem boljak däl» diýipdir.
Ýaňky öý eýesi bolsa garaba-gara olaryň yzlaryna düşüp barşyna doganymyň gürrüňini eşidip gelýär ekeni, emma doganym bilen onuň ýoldaşlary öz yzlaryna düşüp gelýän adamdan bihabar ekeni. Onsoň meniň doganym öz öýüniň deňesine ýetip, öýüne sowlup giripdir weli, ol adam hem onuň yzysüre baryp giripdir (doganymyň bolsa ondan habary ýok ekeni), ine doganym öz ýoldaşlarynyň gelerine garaşyp oturypdyr. Onsoň ýoldaşlary gelipdir weli, doganym olara: «Gapyny içinden ildiriň-de, öýi barlaň, biziň yzymyz bilen öýe başga bir ýat adam giren bolaýmasyn» diýipdir. Ol adam meniň doganymyň bu aýdanyny eşidýär-de, öýüň ýokarsyndan sallanyp duran ýüpden ýapyşyp ýokaryk galýar. Körler bolsa öýüň içini sermeşdirip barlap, hiç hili üýtgeşik adam tapmandyrlar. Ondan soň olar üýşüp, meniň doganymyň ýanynda oturýarlar-da, özleriniň pullaryny sanamaga başlaýarlar. Sanap görseler, on iki müň dirhem bolaýypdyr!
Ondan soň olar puly ýene tamyň bir burçunda goýup, onuň ujundan hersi özüne gerejigini alýar, galanyny bolsa şol ýere atypdyrlar. Olar puly goýup, tapan-tupanja zatlaryny öňlerine alyp, nahar-şam edinmäge başlapdyrlar.
Meniň doganym birdenkä diňşirgenip, öz ýanlarynda kim-de bolsa bir ýat adamyň bardygyny onuň agzynyň gäwüşeşinden aňlap, öz ýoldaşlaryna: «Biziň aramyzda bir ýat adam-a bar!» diýipdir-de, elini uzadypdyr weli, onuň eli hälki öý eýesiniň ýakasyndan ilipdir. Ine, onsoň olar ony körüň eline büre düşen ýaly edip, şapladyp tutaga-da, gütdede-gütde, mazalyja onuň suwuna degipdirler. Urup keýpden çykanlaryndan soň bolsa: «Dat-bidat, aý, musulmanlar, ýeteweriň, biziň içerimize ogry gelip giripdir, biziň ýygnanja pulumyzy-da ogurlajak bolýar!» diýşip gygyryşypdyrlar.
Olaryň gykylygyna adamlar ýerli-ýerden ylgaşyp gelip, bir topar jemende üýşüpdir. Ýaňky adam hem olaryň ýanyna baryp, özi-de olaryň biri ýaly, kör bolan bolup gözüni çalarak ýuman bolupdyr-da, gaýtam olaryň özlerine ogurlyk ýapyp gykylyklap başlapdyr weli, oňa hiç kimem şubhelenmändir. Ol adam körleriň özlerindenem beter bolup: «Aý, musulman gardaşlar, men diňe Allanyň özüne sygynýaryn, men soltana arz edýärin, Allanyň hem weliniň edenine kaýyl!» diýip gygyryp başlapdyr. Ine, onsoň adamlar olaryň daşyna tegelenişip, hemmesini, şol sanda meniň doganymy-da, weliniň ýanyna bakan sürüp äkidipdirler.
Weli bolsa olary öz ýanyna getirdip: «Ýeri, näme boldy?» diýip sorapdyr. Hälki öý eýesi öňürti gepläp: «Özüň gör, emma sen bizi gynamasaň, hiç zady anyklap bilmersiň! Ilki bilen menden başlaý, meni gyna-da, soňundanam ynha şu adamy, meni idip geleni gynap gör» diýipdir-de, elini uzadyp, meniň doganymy görkezipdir. Ine, onsoň ol adamy ýüzinligine süýndürip ýatyraga-da, ýagyrnysyna dört ýüz taýak uranlarynda, ol adam agyrysyna çydaman, bir gözüni açypdyr; ondan soň ýene urup başlapdyrlar welin, ol beýleki gözüni-de açypdyr.
Şol wagt weli oňa gaharlanyp: «Aý, äteňenälet, bu nähili iş boldugy?» diýip sorapdyr. Ol adam bolsa: «Meniň günämi geç! Biziň dördimizem ýalandan kör bolan bolup, uly ili aldap ýörüs, iliň öýüne girýäris, aýallara göz gyzdyrýarys, olary haraplajak bolýarys. Biziň ýygnan pulumyz köpele-köpele on iki müň dirheme ýetdi. Onsoň men öz ýoldaşlaryma: «Meniň paýyma düşýän üç müň dirhemi özüme beriň» diýdim. Olar bolsa meniň pulumy bermediler, gaýtam özümi urup, tultuk etdiler-de, pulumy hem aldylar.
Ynha, indi men Alladan hem senden haraý isleýärin. Meniň ol puldan öz paýymy almaga hakym olaryňkydan köp bolmasa az däldir. Onsoň-da meniň şu aýdanlarymyň dogrulygyna seniň doly göz ýetirmegiňi isleýärin. Şonuň üçinem, sen bulary ýekeýekeden tutaga-da, meni urşuňdan-da zabunrak ursaň, olar gözlerini ýalpa açaýarlar» diýipdir.
Ine, onsoň weli hem onuň aýdyşy ýaly, olary ýeke-ýekeden gynamaly edip, özi-de ilki bilen meniň doganymdan başlap, ony merdiwana söýäp daňypdyrlar. Şonda weli onuň ýüzüne seredip: «Häý, bisyratlar diýsänim, siz Allanyň özüňizi gözli edenine şükür etmän, ony ýalana çykaryp, biz kördüris diýen bolýaňyzmy!» diýipdir. Meniň doganym: «Ýa Alla, ýa Alla! — diýip ah çekip: — Allanyň öňünde kasam edýän, biziň aramyzda gäzlimiz ýok ahyry!» diýipdir. Ine, onsoň ony tä özünden gidinçä urýarlar; onsoň weli: «Entek bes ediň, özüne geler weli, onsoň ikinji gezek ýene uruň» diýipdir. Ondan soň weli onuň ýoldaşlarynyň her birine üç ýüz taýak urmaly edipdir. Olary urup durkalar, hälki gözli adam olara: «Iň gowusy, gözüňizi açaýyň, ýogsam sizi ýene urarlar!» diýýär ekeni. Ondan soň ol adam welä ýüzlenip: «Meniň ýanyma bir adam goşup goýber, goý, ol pullary alyp gaýtsyn; bu adamlar uly iliň öňünde masgara bolmakdan gorkularyna, her näçe ursaň-da, gözlerini açmazlar» diýipdir. Weli hem adam iberip puly getirdipdirde, ol adamyň öz aýdyşy ýaly edip, şol puluň ujundan onuň paýy diýip, üç müň dirhemi oňa sanap beripdir, galanyny-da özi alyp, körleriň üçüsinem şäherden çykaryp kowup goýberipdir.
Ine, onsoň, dindarlaryň hökümdary, menem çykyp ylgadym-da, doganymyň yzyndan ýetip sakladym, nähili ahwalat bolandygyny ondan soradym, olam ynha meniň saňa aýdyp beren şu zatlarymy maňa gürrüň edip berdi. Onsoň men ony ýaşyrynlyk bilen şähere gaýtaryp getirdim-de, ogrynlyk bilen oňa iýer-içer ýaly zatlary berip başladym.
Halyf meniň bu gürrüňimi eşidip, güle-güle hezil edindi, soňundan bolsa: «Onuň baýragyny beriň-de ugradyň, goý, gitsin!» diýip buýruk berdi. Emma men: «Alladan ant içýän, öz doganlarymyň başyndan geçenlerini dindarlaryň hökümdaryna doly gurrüň berip gutarýançam, men hiç zat almaryn! Men köp geplämok ahyry» diýip, aýagymy depdim durdum.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir