Haçan borkak beýik, ýokary işgär.
Ýa bolmasa ministrlige dalaşgär,
Ýene-de bolaýsa gowy hyzmatkär.
Ynha şeýle biz talyplañ arzuwy.

Tema aýtmasañda baha goýulsa,
Ähli attestasiýa avtomat bolsa,
Okamak gaýgysy mydam ýat bolsa,
Ine şeyle biz talyplañ arzuwy.

mugallym elmydam öwse,
£ensovedam islaniñi geý diýse,
Zamdekanam diñe gowy diýip söýse,
Ine şeyle biz talyplañ arzuwy.

Obşagada diskoteka goýulsa,
Küştdepmeler, lezginkalar oýnalsa,
Günaşadan diñe-diñe toý bolsa,
Ynha şeyle biz talyplañ arzuwy.

Ýowar uçin ýörite adam bolsa,
Dynç günleri gezilse hem ýatylsa,
Stalavoýda şaşlik, kebap satylsa,
Ynha şeyle biz talyplañ arzuwy.

Täzelikler, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir