“Şeýle ýigit bolaýsa…” atly tema bilen Gurbansoltan eje zurnalynda 2008-nji ýylyñ I-nji sanynda şeýle ýazgy bar: “Megerem, her bir ulygyzyñ ýüreginde özüne mynasyp taý tapyp, toý ketenisini geýip, bir ojagyñ gapysyndan ätlemek arzuwy bardyr. Ýöne göwün küýsegindäki ýigidiñe duşaýmak añsat däl. Şeýle-de bolsa, ol barada arzuw edib-ä bolýar. Joralarymyñ köpüsi owadan, sypaýy, görmegeý, gazançly ýigide durmuşa çykmagy arzuw edýärler. Elbetde, hiç kimiñem arzuw edilse pes adam saýlamajagy düşünikli. Emma durmuşy arzuw bilen gurup bolanok. Şeýle-de bolsa, geljekki bile ömür sürjek adamyñ nähili bolmalydygyny göz öñüne getirmek ýakymly. Özüm-ä, dogrusy akylly, işeññir, döwrebap pikirlenip bilýän oglanlary gowy görýän. Kämahal oglanlar bilen piker alşan mahalyñ “aýal eýle geýinmeli, beýle geýinmeli däl” ýa-da “ol işlemeli däl, öýi bilen bolmaly” diýýän oglanlara duşýarsyñ. Biziñ ösen asyrymyzda şular ýaly ownuk zatlaryñ pikiri bilen ýaşaýan adam geljekde ýanýoldaşyna düşünmezmikä diýip, piker edýärin. Heniz maşgala bolup ýaşap görmän, öñünden “eýle bolmaly, beýle bolmaly” diýýän adamlara düşünip bilemok. Meniñ pikirimçe durmuşda maşgala bolup ýaşap başlanyñdan soñ köp zatlary durmuşyña, ýaşaýşyña görä gurmalymyka diýýärin. Sebäbi durmuş garaşylmadyk wakalardan doly, ähli zat ýagdaýa görä çözülse, dogry bolar. Ömürlik hemram edip saýlaýjak ýigidimiñ haýsy kärde işleýäniniñ tapawudy ýok. Meniñ pikirimçe, erkek kişi maşgalany eklemeli, gazanç etmeli. Ol maña ýurekdeş bolsun. Maña düşünsin. Alçak bolsun. Iñ esasam, akyl-paýhasly bolsun. Onuñ bar ýerinde men öñe düşip ylgamaly bolmaýyn. Mahlasy, onuñ bilen ýaşamda arkamda dag bar ýaly duýaýyn. Eger bagtym işläp, şeýle ýigide duşaýsam, oña wepaly, söwer ýar bolaryn.”

Köneler, Wepa tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir