Wagt düşünjesi alymlar tarapyndan uzak ýyllaryňdowamynda öwrenilip gelinýär we alymlar dünýä ylmyna barha köp täzemaglumatlary goşýarlar. Elbetde, wagtyň geçişi planetalar bilen bolup geçýänhadysalara gönüden-göni baglydyr. Muňa mysal edip, günüň uzynlygynyň Ýerde,Marsda, Plutonda tapawutlydygyny görkezip bileris. Ýöne alymlar Ýeriň wagtynaöz düzedişlerini girizýärler.

Alymlar Ýeriň aýlanyş tizligi hemişelik bolup bilmezdiýip hasaplaýarlar. Ol haýallap hem, çaltlaşyp hem bilýär. Hut planetanyňtizliginiň artmagy sebäpli-de alymlarbir minut diýlip kabul edilen wagt birligini bir sekunt gysgaltmak isleýärler.Bu barada evo-rus.com habar berdi.

Şeýle-debolsa, ylym wekilleriniň hemmesi beýle üýtgeşmäniň girizilmegi bilenylalaşmaýar, olar bu gysgaltma Ýerdäki wagt ölçegleriniň takyklygyna täsir edipbiler diýip heder edýärler. Soňky ylmy barlaglar we planetamyza gözegçilik onuňaýlanyş tizliginiň geçen ýyl ýokarlanandygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda,Ýeriň öz okunyň töwereginden aýlanyş görkezijisiniň indi azalandygy habarberildi.

Bir minutdanbir sekunt aýrylsa, käbir enjamlaryň takyklygy babatda meseleler ýüze çykypbiler. Bu adaty ulanyjylaryň kompýuterlerine gurnalan operasion ulgamlaryndaserwerleriň näsazlygyna hem sebäp bolup biler. Häzirki wagtda alymlar birminutdan aýrylmaly sekuntlaryň ýa-da millisekuntlaryň sany barada belli birylalaşyga gelip bilmediler, ýöne muňa zerurlyk kem-kemden artar, sebäbi geljekdeÝeriň aýlanyşy has hem çaltlaşyp biler. Alymlar bu ýylyň ylmyň taryhynda iňgysga ýyl boljakdygyny eýýäm mälim etdiler, ýöne bu üýtgeşmäni ylymdan daşardaaz adam duýar.

Bir minudyňdowamlylygy hakynda gutarnykly çözgüdiň 2023-nji ýylda Radioaragatnaşygyňbütindünýä sergisinde yglan edilmegine garaşylýar.

Täzelikler, umitkhann tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir