Salam dostlar! Siziň hemmämizi Beýik Ýeňşiň 63 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu baýramçylyk biziň üçin örän mukaddes baýramçylyklaryň biridir. Beýik Watançylyk urşunda 20 milliondan gowrak adam wepat boldy. Türkmenlerden anyk bilemok näçe adamyň wepat bolanyny, ýöne ganym uruş milletimiziň men-men diýen gerçek ýigitlerini pürreledi(gyrdy). Eşidişime gör-ä, türkmenistanly sowet soýuzynyň gahrymanlary beýleki halklaryň-ka garanyň-da känmişin. Jemi 76 sany. Meselem, Aýdogdy Tahyrow, Gurban Durdy, Tagan Baýramdurdyýew, Pena Rejepow we beýlekiler. Kim bu barada köpräk maglumat bilýän bolsa, pikir alşalyň-la! Sözümiň ahyrynda men Beýik Watançylyk Urşunda mukaddes Watanymyzyň hatyrasyna gyrmyzy ganyny döken we milletimiziň adyny beýge galdyran merdana türkmen ýigitleriniň öňunde başymy egýärin!!!
Ýeňiş Baýramy!
-
akdaşayak
16 years ago
- Ruhnamada 1 milyondan gowrak türkmenistanly wepat bolupdyr diyip yazylyar
-
mc_merw
16 years ago
- Menem 800.000 türkmen diýip bilýän, ruhnamada ýazylanda hem dogrylyk paýy bardyr.
Meniň atam urşdan ýaraly olup gaýdan, şol sebäpli kän ýaşap bilmedik, kakam kiçi wagty ýetim galan. Eneme berekella, dokuz çagany okuwly edip ýetişdiripdir.
Şu gün urş wagty razwedkada ýokary zwanýalara çenli galan atam üçin buýsanýan.
9 maýy hemişe belläp, ýatlap geçeliň.
Watan üçin janyny berenleri (şehit bolanlar) ýatlap el galdyralyň.
-
Dashoguzly
16 years ago
- Menem Ahli turkmen halkymyzy yeniş bayramy bilen gutlayarın.
urusda wepat bolan merdana yigitleri hiç hacan unutmatys. olar bizin kalbymyzda yaşarlar.Bu gahrymanlaryn önünde menem başymy egyarin.Alla Olary öz penasynda saklasyn
Goy Dünyade hiç haçan uruş bolmasyn.Çagalar ölmesin.Eneler-gelinler aglamasyn.hemmişe parahatçylyk bolsyn.
-
Derman
16 years ago
- men babam urusha gatnashdy. yone ony tiz wagtdan tupen bilen atypdyrlar yone ol Hudaya shukur diri.
9-njy May bilen! Den' Pobedy!
-
Maxat
16 years ago
- yatlamalylay, şu günkü günün gadryny bilmek üçin, belki-de unudan günümüz şeyle bela başymyza geler
Nehir 16 years ago- Kim meşhur bagşy Öwezgeldi Tekäýewiň "Uruş weteranlary" diýen weteranlara bagyşlan gaýgyly aýdymyny diňläp gördi? Men-ä şol aýdymy her gezek diňlänimde agym tutýar. Gaty gynançly aýdym. eger birýerlerden tapsaňyz hökman diňläp görüň.