Haýran galaýmaly! Bet niýetleri başa barman bir eýýäm ýurtdan ökjäni göteren “watandaşlarymyz” «Alternatiw täzelikler», «Türkmenistanyň hronikasy», «Azatlyk Radiosy» ýaly saýtlaryň arkasyna duwlanyp, şyltak atmaklaryny henizem dowam edýärler. Ýa-da bu-da olaryň dogup-dörän, duzuny iýen topraklaryny “wasp etmek” programmalarynyň bir bölegimikä? Eger şeýle bolsa, onda olaryň çeken “azaby”, şu wagta çenli gazanan “abraýlaryna” barabar diýip hasaplamak bolar.
Häzirki wagtda COVID-19 ýaýramagyna garşy dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda hem profilaktiki we sanitar-epidemiologik çäreler dowamly ýola goýulýar. Emma, gynansak-da, gara güýçlerini gaýgyrman gybatly gürrüňleri ýaýradýanlaram tapylýar.
Günbatardaky “hojaýynlarynyň” hökümini ýerine ýetirmek üçin “lepbeý!” diýip güzeran görýän, ýurt içinden bihabar hokgabazlaryň ýokanç keselleriň öňüni almak, umuman adam saglygyny goramak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly işlere garşy dürli toslamalary ýaýratmaklyga çalyşýarlar. Ýurdumyzda wirusyň ýaýrandygy barada hakykata gabat gelmeýän boş gürrüňleri ýadawsyz çap etmeklik indi «Alternatiw täzelikler», «Türkmenistanyň hronikasy», «Azatlyk Radiosy» ýaly warsakyçy saýtlaryň diňe bir güýmenjesine däl, güzeran çeşmesine öwrüldi. Bularyň gaýtalanyp duran çynaberimsiz gürrüňleri öňde biriniň nyşana düşüp bilmän, öwran-öwran ugursyz ok atyşyna meňzeýär. Şeýle-de bolsa öz edýän işlerinden özleri hoşal bolup ýören žurnalistsumaklara-da düşünmek gerek! Olaram her edip, hesip edip “nan eýeleriniň” isleglerini ýerine ýetirip, soňra hasabat bermel-ä! Bilseňiz, sol hasabat bularyň borjy bolmakdan başga-da, ýaşaýşy we geljegi.
Ýöne güzeranlaryny dolamak üçin ähli “hapa işlere” kaýyl bolýanlaryň “zähmeti” bu gezegem ýele gitdi. Olaryň bu gezekki şowsyz synanşygy we “ýurt içindäki” diýip atlandyrýan galp çeşmeleriniň adyna ýöňkäp ýaýradýan boş maglumatlary hem elekli suw daşanyň gazanan netijesine meňzeş tamamlandy.
Eýsem, agzalýan saýtlar tarapyndan “feýk” diýlip aýdylýan indiki ýugruljak ýalan gürrüňler ýene nämeden ybarat bolup biler?!...
halyp 3 years ago- Kop zat diyip bolardy yone senem meni donuk yglan edersin