Bir bar eken, bir ýok eken. Gadymy zamanlarda bir garyp adamyň Şemşat atly 
ýalňyz gyzy bar eken. Ol çagasyny hor-zar etmejek bolup, onuň-munuň gapysynda 
güýjüniň ýetdiginden işläp, bir döwüm çörek gazanar eken. Körpeje Şemşat bolsa 
gününi sanap ösüpdir, owadan gyz bolup ýetişipdir. Şondan soň gyzyna sawçylyga 
gelenler köp bolupdyr. Ýöne Şemşat olara heniz özüniň durmuşa çykjak däldigini 
aýdyp, gelen sawçylary yzyna gaýtardypdyr. Bir günem ol atasyna garap: «Ata jan, 
men öz bagtymy özüm tapmak isleýän. Sen meniň ösüp kemala gelmegim üçin 
kän azap çekdiň, görgüler gördüň. Men seni goýup hiç bir ýana gitmen. Indi men 
işlärin. Mundan beýläk seni hor etmen, asyl bu ýaşdan soň işlemelem bolmarsyň!» 
diýipdir. Ýöne birbada oňa ýüregindäkisini aýtmaga çekinipdir.
Goja oýa batypdyr. Gyzynyň ýüregine näme düwenini aňlamandyr. Ýeke dida-
rynyň ýalňyş bir ýoly saýlap almagyndan gorkupdyr.
— Bolýa, gyzym, hany, ilki sen etjek bolýan işiňi aýt, eşideli. Dogrumy, ýalňyşmy?
— Ata jan, meniň öz bagtymy özüm tapmagym saňa bagly. Munuň üçin maňa 
kerwen bilen goşulyp, alys ýurtlara gitmäge rugsat bermeli borsuň!
— Jan balam, kerwene goşulyp, argyşa gitmek erkekleriň işidir!
— Ony bilýän, ýöne men onuň bir çäresini taparyn.
— Naçar halyňa näme edersiň, balam? 
— Erkek lybasynda ýigit bolup giderin. Özümiň gyz maşgaladygymy hiç kese 
duýdurmaryn. 
— Bu çykalga däl, gyzym. Ýol howpludyr, oňa tejribeli, taýýarlykly adamlar ge-
rek. Ýigit bolsaň, kerwene howp abananda, eliňe ýarag alyp goranmaly bolar. Sen 
bolsaň, şu çaka çenli öýden çykyp gören adam däl. 
— Onda sen meniň diýýänlerim bilen ylalaşaňok-da, ata!
— Seniň aýdyp duran zadyň asyl ylalaşar ýaly däl-ä, balam! Gowusy, sen bular 
ýaly pikiri kelläňden çykaryp taşla, öňküleriň ýaly biş-düş bilen boluber. Ynha, elim 
uzar welin, saňa-da goňşularyňky ýaly dokmaň senedini, guralyny, ýüplügini satyn 
alyp bererin. Aýal maşgalaňky tikin-çatyndyr, dokma-halydyr, öý işleridir.
Şemşat şondan soň bu gürrüňe gaýdyp gelmändir. Aradan aý aýlanyp, tutuş 
ýyl geçipdir. Ýöne Şemşat şu döwürde wagtyny birjigem boş geçirmändir. Aram-
aram erkek eşiklerini geýip ata atlanypdyr, il gözüne görünmän, ogryn awa-şikara 
çykypdyr, atasyny sülgündir käkilik etinden hor etmändir. Şeýdibem gün-günden 
bedeni bekäpdir, güýç toplapdyr.
Ahyry bir günem atasynyň razylygy bilen onuň patasyny alyp, uzak ýola düşer-
men bolupdyr. Kerwene baştutanlyk edýän ýigide Nursaçan diýer ekenler. Nursa-
çanyň atasy kerwenbaşy eken, ol indi halys garrapdyr. Şonuň üçinem kerwene baş 
bolup gitmegi ogly Nursaçana tabşyrypdyr. Ol ýaşlygyna garamazdan, bütin ömrüni 
at üstünde geçiripdir. Atasy ony telim öwre kerwen bilen alys ýurtlara-da aýlapdyr. 
Nursaçan-da batyrlykda, gaýduwsyzlykda öz deň-duşlaryndan tapawutlanypdyr. 
Diňe bir at çapmakda däl, eýsem, ok-ýaý atmakda-da, göreş tutmakda-da, hasap-
hesip işlerinde-de öňüne çykjak tapylmandyr. Kakasynyň ogluna göwni ýetipdir. 
Şonuň üçinem kerwenbaşylygy oňa ynanypdyr.
Kerwen uzakly günläp ýol ýöräpdir. Bir günem kerwençileriň huruşlyk eti guta-
rypdyr. Olar süýji suwly guýynyň başynda ýük ýazdyrypdylar. Kerwenbaşy ýigitlere 
hersiniň bir tarapa gidip huruşlyk awuň ugruna çykmaklaryny tabşyrypdyr. Haýp, 
uzaga gitmedik ýigitler ýarym sagat çemesi wagtdan elleri boş gelipdirler. Şemşat 
bolsa uzaklara gidensoň ýoldaşlaryndan birneme eglenip gelipdir, görseler, onuň 
elinde dört-bäş sany sülgüniň läşi bar eken. Ony görüp haýran galypdyrlar. Hasam 
kerweniň ýolbeledi onuň öwgüsini ýetiripdir:
— Tüweleme, tüweleme, ine, awçy diýip, saňa aýdaýsaň. Ýogsa-da, han ogul, 
«Ýigide ýüz hünär hem azdyr» diýlen öňden gelýän bir sözem bardyr, seniň nahar-
şordan başyň çykýan däldir-dä?! 
— Nahar-şordanmy? Ol işler meniň çep elimden gelýär. Häzir yigitlerimiz sül-
günleri arassalap bolsunlar bakaly, ondanam bir palaw bişireýin. 
— Berekella, inim, hernä bagtyňdan gowy maşgala çykaýady-da! 
Kerwen Hywa baransoň üç günden yzyna dolanypdyr. Şemşat hem getirenje 
önümlerini gymmat bahaly harytlara çalşypdyr. Kerwen ýüküni mazaly tutup ýola 
düşüpdir. Olar az ýöräp, köp ýöräp, ýoluň aglabasyny geçipdirler. 
Bir gün welin kerwende uly başagaýlyk döräpdir. Kerwenbaşy Nursaçan gürüm-
jürüm bolup, asla onuň nirä gideni belli bolmandyr. Ylla, ýer ýarylyp, ýere giren ýaly, 
tapylmandyr. Ol ilkagşam kerweniň garawulyna töwerege aýlaň-çaýlaň edip gaýtjak 
diýen eken. Haýran galaýmaly, şodur-şodur, yzyna dolanmandyr, atam ýok, özem. 
Çar ýana ýaýran nökerlerem lapykeç halda yzlaryna dolanyp gelipdirler. Kerweniň 
ýolbeledi kerwençileri bir ýerik toplapdyr.
— Uzak gitmäliň, şu ýerde düşläp, ertire çenli garaşalyň. Belki, kerwenbaşyň 
özi bir ýerden çykar.Hemmeler ýolbelediň diýeni bilen ylalaşyp, düýeli düýesini çökermek, ýükli-ýü-
küni düşürmek bilen bolupdyr. Ertesem Nursaçandan yz-toz tapylmandyr. 
— Adamlar! Kerwenbaşymyz tapylýança biziň kerwene baştutan bellemegimiz, 
ýoly dowam etdirmegimiz gerek. Ýogsam her kim baş-başdaklyk etse, bize kerweni 
soňuna çenli alyp çykmak başartmaz.
Ýolbelediň bu sözlerinden soň hiç kimden ses çykmandyr. Bu dymyşlygy ýe-
ne-de ýolbelediň özi bozupdyr. 
— Maňa-ha bil baglamaň! Ýolbeletlik bir başga, agyr kerwene baştutan-
lyk edip, onuň ähli ýüküni boýnuňa almak düýbünden başga zat. Şonuň üçin, 
adamlar, aýdyň, siziň pikiriňizçe, kimi bellesek, bizi ýüňsakal etmez. Araňyzda 
meýletiniňiz barmy?
— Hudaýgulyny (Şemşat öz adyny şeyle diyip tanadypdyr) bellesek bolmaz-
my? — diýip, aralaryndaky ýaşulurak kişi seslenipdir.
— Ol oňarsa-da oňarar welin, onda kerweniň nahar-şoruna kim sereder? — 
diýip, oturanlardan başga biri dillenipdir. 
— Kerwene baş bolmak diýmek, nahar-şor bişiren ýaly-ha däldir.
— Şundan başga teklip ýokmy?
— Ýok.
— Ýok bolsa, onda, geliň, Hudaýgulynyň özüni diňläliň!
Şemşat birbada näme diýjegini bilmändir.
— Adamlar! Kerwenimiz-ä sag-salamat dogduk mekanymyza barýan göni 
ýola düşdi. Ony alada etmäň! Mundan beýläk ýol asudadyr. Ýöne, Nursaçana 
näme boldy? Onuň başyna ne işler düşdi? Muny bilýän ýok. Belki, ol biziň kö-
megimize mätäçdir. Eger-de garşy bolmasaňyz, kerwenbaşy edip başga birini 
belläň! Men bolsa kerwenden galyp, Nursaçanyň ugruna çykaýyn!
— Bir özüň näme edip bilersiň?! Ýanyňa nökerlerden al, ýeke ýola çykmak 
hatarlydyr. Töwerekde her tüýsli wagşy haýwanlaryňam gabat gelmegi mümkin. 
— Ýok, men ýeke özüm gitjek. Meni gaýgy etmäň! Eger-de Nursaçan diri bolsa, 
men ony hökman taparyn.
Şondan soň kerwençiler bu pikir bilen ylalaşypdyrlar. Şemşat bolsa dor 
atyna atlanyp giň sähralyga bakan siňip gidiberipdir. Haýp, kerwen ýolundan 
gaty bir arany açyp-açmanka, Şemşat münüp barýan aty bilen üsti basyrylgy, 
aňyrsy-bärisi görünmeýän çukura gaçypdyr. Tot-tozandan ýaňa göz açar ýaly 
bolmandyr. Şemşat bu ýerde näçe wagtlap özünden gidip ýatanyny bilmän-
dir. Ol özüne gelip, üst-başyny kakyşdyryp, bu çukurdan çykmagyň alajyny 
edipdir. Emma çukurdan çykar ýaly däl eken. Bir görse, çukuryň düýbünde 
yşyk düşen ýer bar eken. Ol şol yşyga tarap bagry bilen süýşüpdir. Görse, bu 
ýer döwleriň mekany eken. Ol baranda döwler hakyt gyş ukusynda uklan ýaly 
myrlap ýatyrlarmyşyn. Şemşat töweregi aýlanyp çykypdyr. Ynha, bir seretse, 
Nursaçan gowagyň töründe el-aýagy bagly ýatan eken. Şemşat onuň diriligini 
görüp begenipdir:
— Nursaçan, Nursaçan, sen meni eşidýäňmi? — diýip pyşyrdapdyr.
Nursaçan töwerek-daşyna seredipdir, ýöne garaňkyda hiç kime gözi düşmändir.
— Siz kim borsuňyz? Meni nireden tanaýaňyz? Men sizi göremok!
— Nursaçan, men kerwenden Hudaýguly, seni gözläp geldim!
— Hudaýguly!
Olaryň sesine kiçi döw ymyzganyp, gozganjyrapdyr. Basym ýene-de uka gidipdir.
— Hudaýguly, janyňa haýpyň gelsin, sen bu ýerden git, olar ajygyp turdugyseni hem ýuwdarlar, menem. Menden öň ep-esli mallary iýdiler. Meniň atymam 
şulara şam boldy. 
— Nursaçan, men seni goýup hiç ýana gitmerin. Häzir men döwleriň janyny 
jahenneme ibereýin. 
— Ýok beýtme, kellesini alanyň bilen ölmezler, olaryň jany haýsydyr bir ýerde 
saklanýan bolmaly. Sen ony diňe döwüň çagasynyň dilinden eşidip bilersiň. Belki, 
ýalbar-ýakar etseň, saňa aýdar. Sen ony ele saldygyň, diňe şondan soň olardan 
üstün çykyp bilersiň. Ol heniz oňly ýatanam däldir.
Şemşat Nursaçanyň diýeni bilen bolupdyr. Öňi bilen Nursaçanyň elini-aýagyny 
çözüpdir, şonda onuň bir aýagyna agyr şikes ýetenini bilipdir. Şondan soň Şemşat 
assyrynlyk bilen uly döwleriň deňinden geçip, olaryň gowagyň töründe ýatan ça-
gasynyň ýanyna barypdyr. Şemşat gyz sesi bilen:
— Döwjagaz, aý, döwjagaz. Seniň janyň nirede?— diýip sorapdyr. Ol bu sözi 
bir däl, birnäçe gezek gaýtalapdyr. Kiçi döw oýaly-ukuly ýatan ýerinden:
— Senem jan, bu senmi? — diýip sorapdyr.
— Hawa, men.
— Onda men turýançam, sen hiç ýaňa gitme. Janyma esewan bolaweri, şol 
ozalky ýerinde, gaýa daşynyň astyndadyr. Ata-enemiň janlary welin altyn sandyk-
daky çüýşededir. Onuň açaryny atam hemişe öz boýnundan aýyrman gezýändir.
 Şemşat öňi bilen döwüň çagasynyň salgy beren gaýa daşynyň ýanyna 
barypdyr. Ýöne ony ýerinden gozgap bilmändir. Oňa Nursaçanam kömekle-
şipdir. Iki bolup zordan diýen ýaly daşy ýerinden süýşüripdirler. Şeýdibem, 
kiçi döwüň janyny ele salypdyrlar. Soň Şemşat usullyk bilen döwleriň ulusy-
nyň ýanyna barypdyr, ata döwüň boýnundaky açary şunça almaga çalşypdyr 
welin, başarmandyr. Her gezek oňa el uzadanda, döw ýerinden gozganýar 
eken. Ahyry Şemşada açary almak başardypdyr. Soňam döwleriň sandykdaky 
janly çüýşesini daşa urup, kül-uşak edipdir. Dag ýaly bolup ýatan iki uly döw 
uludan bir ah çekipdirler-de, şol ýeriň özünde jan beripdirler. Ata-enesiniň 
sesine kiçi döw hem oýanypdyr. Oglanyň elindäki öz janyny görüp, çöküne 
düşüp ýalbarmaga durupdyr.
— Eý, adamzat. Meni öldürme, men siziň islän buýrugyňyzy ýerine ýetirmäge 
taýyn. Meni öldürmäň, size ýalbarýan.
Nursaçan:
— Hudaýguly, sen ony öldürmäge howlukma. Biz bu ýerden aman-sag çyk-
magyň alajyny etmeli.
— Ýagşy, döwjagaz, gel, onda seniň bilen şeýle gürleşeli. Sen bu ýerdäki altyn-
kümüşli hazynaňdan ýüklen-de, bizi kerweniň yzyndan ýetir.
— Aýdanyňyz ýaly ederin. 
 Döw sähel salymda olary üstüne mündürip, ýanynyň ummasyz altyn-kümüşleri 
bilen kerweniň yzyndan ýetiripdir.
— Döwjagaz, indi biziňem seniň bilen hoşlaşmaly wagtymyz geldi. Biz seniň 
janyňy özüňe bagyşlaýas.Ýöne bir zady bek bellegin. Sen bize kömek etdiň. 
Bizem saňa geçirimlilik edýäris. Päliňi-niýetiňi üýtgetseň welin, bizden oňňully-
ga garaşma. Şol wagtyň özünde janyňy jähenneme ibereris. Gaýdyp adamlara, 
janly-jandara degmän ýörseň-ä uzak ýaşarsyň. Bar, indi ötägit. Janyňy welin 
gaýgy etme, men ony ömürboýy el degrilmesiz ýerde gözümiň göreji ýaly go-
rap saklaryn! — diýipdir.
— Bolýa, adamzat, men size ynanýan! Özümem Süleýmandan ant icýän.Şondan soň Hudaýguly Nursaçan bilen hazynany deň paýlaşypdyrlar-da, sag-
bollaşyp, hersi öz obasyna bakan ýola düşüpdir.
Aradan birnäçe aý geçipdir. Nursaçanyň şikes ýeten aýagy hem gutulypdyr. 
Onuň halasgär dosty Hudaýgulyny göresi gelipdir. Ol dostuny gözläp, onuň 
salgysyny beren obasyna barypdyr. Täçdurdy çopanyň öýüni gözläpdir. Emma 
ony hiç ýerden tapmandyr. Il-gün Täçdurdy çopanam, onuň ogly Hudaýgulynam 
tanamaýandyklaryny aýdypdyrlar. Ahyry köşkli-eýwanly bir öýüň gapysyndan 
öýüň hojaýynyna salam berip barypdyr.
— Salawmaleýkim, atam!
— Waleýkimessalam. Geliň-geçiň, ýaş ýigit, myhmanymyz borsuňyz!
— Sag boluň, atam! Men Täçdurdy çopanyň öýüni agtarýan, onuň Hudaýguly 
atly ogly bolmaly. Oňa obada Hutdy mergenem diýýämişinler. Biz onuň bilen ker-
wene gitdik. Ol meni ölümden halas etdi.
Goja gyzynyň başdan geçirmelerinden habarly eken. Bu onuň gürrüňini beren 
ýigidi, kerwenbaşy Nursaçan bolmalydygyny bilipdir.
— Gyzym, Şemşat jan, hany, bize bir käse çaý getir. Myhman geldi — diýip, 
gygyrypdyr. Içerden bolsa gyzynyň:
— Häzir, kaka! — diýen sesi eşidilipdir.
— Be, walla, inibatyr, seniň diýýän Täçdurdy çopanyň, Hutdy mergeniň bu obaly 
däl bolaýmasyn?!
— Wah, ol bize gaýraky obaly diýip, şu obany salgy beripdi — diýip, Nursaçan 
gözlerini töwerekden aýyrmandyr.— Agam, siziň tohum atyňyz hem bar eken-ä! 
Ony kim münýä? Ogluňyz münýämi?
Nursaçan syçrap ýerinden turupdyr-da, ýatakdaky aty synlamaga gidipdir. 
Ine, şol ýerde-de çetki jaýyň açyk penjiresinden gülüň hoşroý ysy burnuna 
urupdyr. Ellerini gözlerine kölegeledip, tutynyň arkasyndan içerini synlapdyr. 
Bu mahal içerde Şemşat üstündäki erkek lybasyny aýryp, özüniň iň gowy 
görýän eşiklerini, gyrmyzy daraýyny geýmekçi bolup duran eken. Nursaçan 
gözlerini ondan aýyrmandyr. Gyz saçyny birkemsiz darap, ony uzaboýuna 
goýberipdir-de, boýy bilen deň bolup duran aýnanyň öňünde özüne timar 
bermäge durupdyr. Nursaçanyň gyzyň boý-syratyna, kaddy-kamatyna, gör-
megeýligine aşyk bolupdyr. Aşyk bolan gyzynyň birmahalky halasgär dosty 
bolup çykanyna akyly haýran bolupdyr. Öýüne baryp, Şemşatlara sawçy 
iberipdir. Soňam guda bolup, ýedi gije-gündizläp toý beripdir. Maksat-myrat-
laryna ýeten ýaşlar ömürleriniň ahyryna çenli sapaly döwran sürüp ýaşabe-
ripdirler. Gojalan atasy hem ýaşaran ýaly bolupdyr. Özüniň akylly hem batyr 
gyzynyň barlygyna guwanyp gezipdir. Şeýle hem, bu bagtly maşgalanyň 
soň-soňlaram döwüň çagasy bilen ýakyn gatnaşykda bolup, onuň ýardamy 
bilen il-günüň hem alkyşyny alyp ýörüpdirler diýen myş-myşlar hem dumlyduşa ýaýrapdyr. 
Goçy ANNASÄHEDOW 
"GARAGUM" ž