BAGT MEN­ZI­LI
(hekaýa)

Megerem, bu ýer ony uly durmuşa
taýýarlan ýerdi. Durşuna baglyga büre-
nip oturan ümsümje kiçijik oba. Indi bu
ýerden her günde otly gatnaýar. Otly
menzili hem şu ýerde. Bu ýerde onuň
atasy öýi hem bar. Bu ýerde onuň zäh-
mete bişişen çagalygy hem geçipdi. Öň-
ler, kiçijikkä, ol öz obalaryndan aňyrda
başga bir ýer bardyr hem öýtmeýärdi.
Kimiň, haçan ekendigi näbelli şatutlar,
atyz-atyz ekilen gowaçaly peller, çölüň
ürgün çägesi, gapdalynda suwy mer-
jen ýaly buldurap akyp ýatan aryk bilen
dogduk obasy, durşuna ýeriň aýagujy
ýalydy. Hemmelerde bolşy ýaly, dogduk
obasy hem oňa ezizdi. Soňky wagtlarda
bu duýgy has-da güýjäpdi.
Çagalykda ähli zatlar arzuw bolup
görünýär. Jemal hem şu obadan şähere
okuwa gitmegi arzuw edýärdi. Bu pikiri
onuň beýnisine kakasy guýupdy. Aman
aga çopançylyk edýärdi. Soň-soňlar gözi
äýneksiz görmeýärkä hem gazet-žurnal-
lary çagalaryna okadyp diňleýärdi. Ol
goşgy hem goşardy. Radiony diňlemek
ölemen janydy. Günortan berilýän halk aý-
dym-sazlarynda bolsa ony bagryna basyp
diňlärdi. Jemal kitap okamagy gowy gör-
ýärdi. Bu babatda ol, ejesi aýtmyşlaýyn,
«tüýs kakasynyň gyzydy». Ýogsa öýde
onuň bu gylygyny beter unap barmaýar-
dylar. Ejesi käte oňa käýärdi hem. Eýse,
gyz maşgala üçin okuw hökmanmy?!
Şonsuzam beýleki işler aňryýany bilen ýe-
tik. Nabat daýzanyň özüniň-ä asla adyny
hem ýazyp bilmeýändigini nazarda tutsaň,
okuwsyz hem ýaşap bolýar. Keşde çek,
tikin tik, keçe gülle, howlyny süpür, nahar
bişir, mallara ot ýyg, pagta ýyg... Ejesiniň
pikiriçe, şu işleri başarmaýan gyz öýüne ysnat getirýärmişin. Ýöne gijelerine, wagt
tapylanda gündizlerine hem onuň okaýan
kitaplarynyň sany gitdigiçe artyp barýardy.
Şol kitaplary okadygyça hem ol gülläp
oturan baglaryň, pajarlap ösýän ekinzar-
lyklaryň, rahat hem mylaýym akarlaryň,
mahmal çägeli sähralaryň başga ýerlerde
hem bardygyna, kändigine düşündi. Ol
Garabekewülden, Aşgaly obasyndan çy-
kyp gaýdýança, bu ýere uly ýer hökmün-
de garaýardy. Kakasy aradan çykansoň-a,
olaryň öz günleri alada boldy. Ýer bejer-
meli, mal saklamaly, gurçuk tutmaly, keçe
etmeli, gyşa-da odun gerek. Tamdyr towy
üçin hernä gowaça çöpi uly peýda ber-
ýärdi. Geň-enaýy zat ol. Ýöne ýygnamak
birneme kynçylyk döredýär. Dekabrda
pagta ýygymy sowlup, gowaçanyň çöpi
orulýar. Şondan soňra ony ýygnamaly.
Ýeri täze ekişe tiz taýýarlajak bolsaň, go-
waça çöpüni hem tiz ýygnamaly bolýar.
Şol ýyl ejesi özünden uly aýal dogany
bilen Jemaly alyp, «Alymyň erigi» diýen
ýalymy, «Aganakmy», «Guşuň bagymy»,
«15 gektarmy» bir atyza-ha gowaça çöpü-
ni ýygnamaga gitdiler. Hemişe bolşy ýaly,
ejesi hol öňden barýardy. Ortarakda do-
gany. Iň yzda Jemalyň bir özi. Onuň elleri
sowukdan ýaňa kemsiz gyzarypdy. Gün
gyzaryp dursa-da, howa diýseň sowukdy.
Ol çydaman aglap başlady. Muňa ejesidir
dogany hem birhili boldular. Ejesi, hatda
gaýdyp, ony gowaça çöpüni ýygnamaga
alyp gaýtmajakdygyny hem aýtdy. Ýöne
diýeniň bolaýýarmy?! Uly ýükli traktoryň
obanyň ýekeje köçesini dolduryp, gowa-
ça çöpüni mas ýükläp gelşine öýleriniň
ýanynda öz ýüküni agdarandaky getirýän
şatlygy ýere-göge sygmaz. Olaryň esasy
aladasy şol gowaça çöpüniň gelmegi bilen tamam bolýardy. Gowaça çöpi gelen
bolsa tamdyrdan gyzaryp dogan Gün ýaly
tes-tegelek çörekler lowurdap çykar.
Ýöne gowaça çöpi küde bolup, mel-
lek ýeriň aýagujuny tutup durşuna hem
agzyny açyp, aýaz üfeýän gyşyň öňünde
durup bilmese gerek. Öýde ýakmaga
gaty odun gerek. Onda-da gaty kän
gerek. Hany, horjunyň iki gözüni hem
omaçadan hyryn-dykyn dolduryp getir-
ýän kakasy?! Aman aga bolanda, belki,
bu aladalar çagalaryň ýaş beýnisine
beýle agram salmasa hem salmazdy.
Gyzlar bolup öýüň ähli işine ýetişmeli,
ejelerine kömekleşmeli. Ýekeje oglan
jigileri entek kiçijikdi. Ýetimligiň güzaply
günleri köp boldugyça, göwnüne bolma-
sa, onuň kalbyndaky ýagşylyk, ýagtylyk
hem şonça artyp barýardy. Ol özüniň
kalp baýlygynyň ählisini obanyň owadan
tebigatyndan alýan ýalydy. Nähili owa-
dan! Ir bilen sygyr sagyp, enesiniň ony
balhy tuduň şahasyndan asyşyna çenli
bir täsin goşgudy ahyry. Onuň göwni
baýdy. Şonuň üçin ol duş gelýän kynçy-
lyklara känbir ünsem berip durmaýardy.
Okuwa gitmeli. Ine, iň gowy hem ak ýol.
Şondan gowy zat, megerem, ýok bolsa
gerek. Ol bu arzuwyna hem ýetdi. Indi
ol obada däl, şäherde. Onuň göwnü-
ne kynçylyklar möwjäp, täzeden aýaga
galan ýalydy. Her günki alada, durmuş
hysyrdylary bilen atasy öýüne gitmäge
hem eli degenok. Indi ýene gaýtadan
dogduk obasy oňa ömrüň baş menzili
ýaly bolup galdy. Bir gezek bolsa obada
sylagly, gepi-sözi alyşýan, ondan dört
ýaş dagy uly mugallym gelin Aksoltanyň
çakylygy bilen «Rahmançägä» — özüniň
ýaşlygynda pagta ýygan ýerlerine geldi.
Öň bu ýer giden oba bolup, adamlar ýa-
şar diýip hyýalyna-da getirmedik Jemal
üçin bu bir duranja gudrat bolup göründi.
1993-nji ýylyň güýz aýlarydy. Garaşsyzly-
gyň mahmal şemaly bar ýerde mylaýym
öwüsýärdi. Bu obada hem bişen kerpiç-
den salnan jaýlar keşde ýaly hatar gurap
otyrdy. Her öýüň gapysynda bag-bakjalargüýzüň dakan zer-zerbaplaryna beslenip
otyrdy. Oba edil onuň mährem adamla-
rynyň arzuw-niýetleri ýaly ajaýypdy. Myh-
man baran ýerleri ony gara gadyr bilen
garşylady. Çagyrylyp baran ýeriň hemi-
şe-de şeýle bolýar. Süýji tagam bişirilip-
dir. Gaýdanda saçakly-zatly ugratdylar.
Ýöne «Rahmançägä» aýak basanyndan
til agaçdaky reproduktordan «Aglaryn»
atly halk dessanyndan meşhur aýdymyň
sesi eşidilýärdi. Jemalyň damagy doldy.
Soňky döwürde ähli zady bilmese-de, bu
ýerdäki täsin gaýtalanmajak görnüşler
edil nakgaşyň çeken ajaýyp suraty ýaly
bolup, onuň berk ýadynda galypdyr.
Menzil. Ömür menzili. Arzyly menzil.
Ol bu menzilleriň hersine zähmet, alada,
yhlas bilen ýetdi. Ýöne ýene-de bir menzil
bar. Olaryň obalarynyň deňinde demir ýol
menzili ýerleşýär. Her gün bu ýerde otly
azajyk hem bolsa säginýär. Her ýyl ýaz,
tomus, güýz, gyş — haýsy pasyl bolsa
bolsun, onuň iň gowy görýän küýsegli
ýeri şol obalaryndaky demir ýol menzili.
Şol ýerden düşüp, ataň öýüne baraýmaly.
Elbetde, aralyk birnemejik bar. Ýöne beý-
leki küren-küren obalar bilen deňeşdire-
niňde, ol onuň edil aýtymynda ýerleşýär.
Adam bütin ömrüni arzyly menzilleri na-
zarlap ýaşaýar. Ilki gyşyn-ýazyn gatnalan
mekdep, soňra institut. Ine, indem kyrk
ýyla basalykly wagtdan soň, ýene-de şol
çagalygynda pagta ýygan ýerleri, atasy
öýi, okan mekdebi, mähriban obasy, oba-
daşlary bilen birlikde dogduk obasynyň
deňindäki otly menzili onuň üçin iň arzyly
menzil bolup galdy. Oňa gelmegem, on-
dan gaýtmagam Jemal üçin bagt. Ýogsa
onuň şäherde uly maşgalasy, gül ýaly işi
bar. Şäherde ýaşalan ýyllar oňa obasyna,
obadaşlaryna aýratyn mähir bilen garama-gy öwretdi. Oňa köp goşgular ýazdyrdy.
Ol her näçe ýazsa-da, bu bagtly menzili
wasp edip gutaryp bilmese gerek. Göw-
nüne bolmasa, ähli mähir, söýgi, many şu
menzilde jemlenip dünýä ýaýraýan ýaly.
Özem gitdigiçe artmak bilen. Belki-de,
gözbaşlar şeýle-de bolmalydyr?!

Aýjemal OMAROWA
"GARAGUM" ž

Edebiýat, АKiF tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir