Awtoulagly adamlar antifriziň nämedigini bilýän bolsalar gerek! Antifiriz spirtiň bir görnüşi bolup, suwa görä doňma nokady has pes bolany üçin gyşyna awtoulaglaryň radiatoryna guýulýar. Her näçe geňem bolsa, bedeni antifrizli jandarlaram bar. Şeýle jandarlar polýuslarda ýaşaýarlar. Munuň üçin balyklary hem-de polýusda ýaşaýan mör-möjekleri mysal getirse bolar. Balyklaryň ençeme görnüşi kyn howa şertlerine garamazdan, sowuk zolaklarda ýaşamaga ukyplydyr. Bu jandarlaryň käbir görnüşi -18°C sowuga çenli çydap bilýärler. Antraktidada bolsa bu derejeden hem pes sowukda ýaşaýan balyklaryň bardygy anyklanyldy. Bu balyklar şeýle sowukda şol himiki maddanyň kömegi bilen ýaşaýşyny dowam etdirýärler. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, mör-möjekleriň ählisi sowuk ganly jandarlardyr. Bu bolsa ýaşaýan ýerleriniň howasyna görä şol jandarlaryň öz beden gyzgynlygyny üýtgedip bilýandigini görkezýär. Eger howanyň gyzgynlygy -20°C bolsa, onda toprakda ýaşaýan mör-möjekler muňa çydam edip bilmezler. Ine, şu sebäpli hem toprakda ýaşaýan köp dürli mör-möjekler gyzgynlyk 0°C-den pese düşende ýaşaýyşlaryny togtadýarlar. Emma polýuslarda ýaşaýan mör-möjekler welin bedenlerinde döreýän antifrizleriň kömegi bilen ölmän galyp, aňzakly sowukda-da ýaşap bilýärler. Olaryň bedeninde döreýän antifriziň bir görnüşi hem glisirindir. Glisiriniň kömegi bilen olaryň gany doňman saklanýar we buz kristallary öýjükleri öldürip bilmeýär. Munuň bilen birlikde polýusda ýaşaýan mör-möjekleriň beden gurluşlarynyň çydamlylygy, howa sowap, günler gysgaldykça has-da artýar. Gyzgynlyk pese düşüp ugranda bedenlerindäki suwuň göwrümi kiçelýär we olar gliserol, sorbitol ýaly anti-frizleri has köpräk öndürip başlaýarlar. Bu jandarlarda geçirilen barlaglar demirgazyk polýusda ýaşaýan mör-möjekleriň glisiriniň kömegi bilen hatda -87°C sowukda hem ýaşap bilýändigini görkezdi. Elbetde, kinniwanja bir möjejik, çylşyrymly formulasy bolan glisirin birleşmesini (HOCH2CH¬OHCH2OH) öndürmäge we ony sowuga garşy ulanmalydygyna aň ýetirip bilmese gerek. Sebäbi bu möjejiklerde bu formulany hasaplar ýaly aň ýokdur. Olara bu aýratynlyk olaryň ýara¬dyjysy bolan, çäksiz ylym we erada eýesi bir Alym tarapyn¬dan berlendir. Balyklaryň käbir görnüşi -18°C sowuk suwda hem ýaşamaga ukyply bolýarlar. Antraktidada bolsa bu derejeden hem pes sowukda ýaşaýan balyklaryň bardygy anyklanyldy. Bu balyklar şeýle sowukda şol himiki maddanyň kömegi arkaly ýaşaýşyny dowam etdirýärler.
Wikipedia.org
Täsinlik - Antifrizli jandarlar #talypçy
-
Sha_gyzy
3 years ago
- +++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++++
-
Нежная леди
3 years ago
- ++++++
Perhat Sabirovv 3 years ago- Halan bolsaňyz (+) bilen goldap-kuwwatlamagyňyzy soraýaryn. Halamasaňyz (-) #talypçy