Adyňy ýazdym-da, üç nokat goýdum,
Dowam eýlemäge ýetmedi güýjüm.
Ýöne maňa umyt berdi ertesi –
Daň çagynda gören süýji bir düýşüm.

Üç nokady ýöne ýere goýmandym,
Sen oňa sözsüzem düşünseň bordy.
Göterip ýörensoň ýyly sözleri,
Meniň ýürejigim durşuna gordy.

“Üç nokat?!” diýdimmi, ýöne men saňa
kän ahyry, aýtmak isleýän zadym!
Şo-ol gaýtalar ýörerin men adyňy,
Bir gün könelişip gitmese ýadym.

…Adyňy ýazdym-da, üç nokat goýdum,
Ýok, ýene kän nokat goýasym geldi.
Bir ýere üýşürip olaryň baryn,
Yşkyň münberini gurasym geldi.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Paylasan:Men_ve_Sen

Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir