Hemmä salam! Ýakynda täze zada gyzyklanyp başladym. Arada medenýet merkeziniň sazçylar bölümine baramda Maksat diýen tanyş adamym, FL12-da track ýazyp dur eken :-) mende hem höwes döredi.
Käbirleri aýdym, saz, pop, hiphop saz ýazmaga gyzyklanýanyňyz bolmagy mümkin! Şonuň üçin şu blogy ýazaýyn diýdim :-)

Track, saz, aýdym ýazmak üçin bize nämeler gerek?!
Ilki bilen şol ugra, hujuw, gyzyklanma gerek!
Soň bir sany normalni Intel Core i3-lik kompýuter
Kompýuter üçin gerekli programmalar: Asio VSTS pulingis, Nexus 2 full versiyasy, Drum pads elementleri, FL Studio 10(12,20) tappbysy ýok.
Cubase 5 Insturmentals pullingler arkaly hem ýazyp bilersiňiz.! :-)

Indi programmalar barada gysgaça aýdyp geçsem: Asio VSTS pulings, bu kompyuter Audio HD realtech yaly gurluş bolup, bu arkaly dürli ses kartlary kompýutere çatyp bilersiňiz! Ses kart bu sesi owadanlamak üçin gural, bahasy häzirki wagtda 25-30$ dollar(ýalňyşmasam)
Nexus 2 bu saz ýazmak üçin gerekli ýeri, bu ulgamda her-hili sesler barlygy we ony her-hili görnüşe getirip bolýanlygydyr. Meselem: siziň audio tregiňizde bass gerek bolsa şundan alýaňyz, ýa-da tüýdügüň sesi, peninanyň sesi gerek bolsa edil şu goşmaçadan alýaňyz...
Drum pads elementleri bu, Cubase 5 üçin bolup, munda hem edil Nexus 2 däki ýaly, ýöne munuň tapawutly ýeri, muňda Extranal effektleri goşmak mümkindir.
FL Studio 10(12,20) bu arkaly bolsa, isleseňiz trak düşeginde trak ýazmagyňyz isleseňiz, kompýuter klawişşlerine basyp, saz trak ýazyp bilersiňiz. Mundan başgada bu programmada gaty mümkinçilikler köp we interfeýsi gaty amatly edip düzülen!
Cubase 5 bolsa ses ýazmak üçin, sesleri redaktirlemek üçin köpçülükleýin(75% bagşylar şundan peýdalanýar) programma!

Ýokarky programmalary Google daýydan sorap tapyp, ýükläp bilýäňiz! Maslahatym internetden aljak bolup, azara galyp, wagtyňyzy ýitirmäňde, muziklanly magazinlere baryp, disk görnüşde alyň :-)

Çeşme: https://yeketak.ru/mowzuk_9779.html

Tehnologiýa, ZET-PRO2003 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir