Аял говрели болса
Günüñ şeýle kynlaşýar..
Aýal göwreli bolsa..
Jyny düşüp söwüşýär..
Aýal göwreli bolsa..

Rahat dynjyñ alma ýok..
Bolman geçer garnyñ dok..
Gije içjek diýer sok..
Aýal göwreli bolsa..

Ýarym ýalta geýinip..
Gözlegdesiñ zeýrenip..
Gezersiñ sen jowranyp..
Aýal göwreli bolsa..

Çöker göwün baýlygy..
Nirä sowduñ aýlygy..
Gañryp alar şaýlygy..
Aýal göwreli bolsa..

Gutarmaýar geregi..
Şokolatdyr höregi..
Saýlap iýer çöregi..
Aýal göwreli bolsa..

Başymdan bir sowulaý..
Çagam basym dogulaý..
Dokuz aýlyk görgülay ..
Aýal göwreli bolsa..

Döwran saña söwerler..
Häzir olañ barysy..
Özem bilýän söwjekleñ..
Göwrelidir ýarysy..

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir