Salam bermek Allahyñ buýrugudyr.
"Eý,iman edenler,kesekiniñ öýune eýesinden rugsat soraman we salam berman girmaň"(Nur 27) Pygamberimiz bolsa :"Iman etmeseňiz jennete girip bilmersiñiz.Biri-biriňizi söýmeseňiz kämil imana eýe bolup bilmersiňiz.Size biri biriňizi söýdurjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň"diýip ündäpdi.(muslim). Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi "Es salamu alaýkum"diýmekdir. Salam berlen kişi "we alaýkum es salam"diyip jogap bermelidir. Kurany kerimde "size salam berlen wagty siz ondan has gözeli bilen şol salamy alyñ ýada edil şol derejede jogap beriň"diyip buýrulýar (nisa 86). Bir adam peýgamberimiziň ýanyna gelip:Es salamu alaýkum"diýdi. Pygamberimiz hem oňa şol derejede jogap berdi. Şol adam yerine geçip otyrdy. Pygamberimiz "on sogap gazandy"diýdi. Soñ başga biri gelip "Es salamu alaykum we rahmatullah"diýdi. Pygamberimiz hem " We alaykum assalam we rahmatulla"diýip jogap berdi we "Bu ýigirmi sogap gazandy"diýdi. Soň üçinji biri gelip:"Es selamu aleýkum we rametullahi we berekätüh diýdi. Pygamberimiz oňa "We aleykum es salam we rahmatullahi we berekatuh" diýip jogap berenden soň: "otuz sogap gazandy" diýdi. Üçinji adam Pygamberimize: ;Eý Resulullah sen näme üçin maña jogaby kemter berdiň? Allatagalla :" Salama iň gözel görnüşde jogap beriñ diýmeýämi?"diýende, Pygamberimiz:" Sen maña artyk aýdara zat goýmadyň diýipdir.(Ryýazus salyhyn). Salam bermek sünnetdir,almak bolsa parzy-kifäýedir. Salam köpçülige berilse,olardan biri salamy alsa şol parz ýerine ýetirildigi bolýar. Egerde hiç biri almasa hemmesi günähker bolýar.
"Adamlaryň arasynda Allanyň iň halany ilki salam berenidir"(Ebu Dawud).
Pygamberimiziň ýanyna gelip bir adam:" Yslamyň haýsy işi has gowudyr?"diýip soranda, Pygamberimiz:"Tagam iýdirmek we tanaýanyňa-tanamaýanyňa salam bermekdir"(Buhary)diýipdir.

Sorag-jogap, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir