Abu Hüreýra (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat aýdypdyr: Men Resul Hudadan: — Ýa Resulalla, Hudaýtagala behişdi nämeden ýaratdy? – diýip soradym. Resul Huda: — Eý Abu Hüreýra! Hudaýtagala behişdi Enjumentden (gymmat baha daşdan) ýaratdy – diýdi. Ýene men: — Ýa Resulalla, behişdiň binýady nämedendir? Resul Huda: — Eý Abu Hüreýra! Behişdiň bir kerpiji altyndandyr, bir kerpiji kümüşdendir. Sen onuň samanynyň sanyny we laýynyň beýanyny eşitseň onda «Aperin» diýersiň. Topragy zagpyrandandyr, gumlary merweritdendir we ýakutdandyr. Suwlary süýtdendir, arassa şerapdandyr we baldandyr. Ýene ol behiştde hemişe dirilik bardyr, ölmeklik ýokdur. Saglyk bardyr, syrkawlyk ýokdur. Şadyýanlyk bardyr, gamlanmak ýokdur. Hemişe ýigitlik bardyr, garrylyk ýokdur. Ýene behiştde uky ýokdur, çünki uky ölümiň garyndaşydyr. Ýene behişdiň daragtlary bardyr. Eger dünýäniň guşy ýüz ýyl uçup ýörse, onuň başyna baryp bilmez. Ol daragt kim ýalan sözlemese, kişä töhmet etmese, we nämähremlere nazar salmasa, şol bendä nesipdir. Eger bir kişi nämähremlere nazar salsa, goý ol ondan soň toba etsin – diýdi. Ýene Resul Huda aýtdy: — Behiştden bir kişi goluny bu dünýä uzatsa, bu dünýäniň hemmesi röwşen bolar. Eger behiştden bir kişi agzynyň suwuny bu dünýäniň jemi şor suwuna salsa, hemmesi bala döner we ol kişi hem behişde girer. Ol kişiniň ýüzi aý dek bolar. Emma ondan soň girenleriň ýüzi ýyldyz dek bolar. Her kim mertebesine laýyk bolar. Ýene hemmesi bir reňkde bolar, hiç olardan dogmasy ýok. Peşew, nejasat ýok. Hemmesi bir katda bolarlar. Boýlary 60 gez bolar. Ýene ak ýüzli, gözlerine sürme dartygly, gara saçly we ýaşyl donly bolar. Endamlarynda başy, saçy, kirpigi we gaşdan özge hiç gyl bolmaz. Ýene olaryň jemaly sagatba-sagat zyýada bolar. Ýene desterhan açylyp, behiştleriň aldynda taýýar bolup, gelip durar. Ýene guşlar uçup gelip, behiştdäkiler bilen sözleşerler. Olar aýdar: — Eý behiştdäki adamlar, biz Selsebil çeşmesinden içip, behişdiň ýagşy-ýagşy otlaryndan otlap geldik. Jemagatlar, bizden iýiň – diýerler. Şol wagtda ol behiştliler guşuň etini iýenden soň, ýene ol guşlar uçup giderler. Ýene ärler-hatynlar başlaryna täç geýerler. Olaryň her biri ýetmiş dürli hülle behişdidir. Ýene her bendä tagam iýmekde we söhbet etmekde ýüz esse kuwwat berer. Her söhbet edenden soň, söhbetden aýrylan gyzyň päkligi ornuna gelip ýene ýaş gyz katdyna geler. Çünki tagam galyndysy der bilen ýok bolup çykar. Ol jaýda gün bolmaz, saýa bolar. Ol saýadan rahatlyk taparlar. Ýene ol mömim bende miwe arzuw etse, şol wagtda gözleri bilen yşarat eder. Şol wagtda ol daragtlar şahasyny aşak egip, bularyň ýanyna getirip goýarlar.Ol bendeler şol daragtyň miwesinden doýýança iýerler. Ondan soň ol daragtlaryň şahasy ýene jaýyna barar. Ýene Resul Huda aýtdy: — Kim köp mülk goluma girsin diýse, ol bende tagat ybadaty köp-köp okasyn we günäden ätiýaç etsin. Ýene Resul Huda aýtdy: — Taňry behişdi ýaradanda maňa şeýle owaz etdi. «Ýa Muhammet! Sen has bendelerim üçin ýaradylan behişdi jaýlary görgün». Şol wagtda men bardym, gördüm we olara geň galdym. Haktagalanyň gudraty bilen nägäh gözüme bir kenizek göründi. Başyny köşkden çykaryp duran eken. Mundan owwal munuň dek zat görmedim. Men ol kenizegiň hoşroýlygyna täsin galdym. Çünki ol kenizegi görip haladym. Eýse, tamam behişt ol kenizegiň dişiniň nurundan röwşen boldy. Ol kenizegiň jemalyna geň galyp sejde etdim. Şol wagtda men Haktagala ahy-zar edip aýtdym: — Eý bar Hudaýa, munuň dek owadan jemaly ýaradyp sen – diýdim. Şol wagt ol kenizek meniň bilen sözleşdi we aýtdy: — Eý Muhammet, Hudaýtagalany bilermi sen? Resul Huda aýtdy: — Hawa biler men. Ol kenizek aýtdy: — Ýa Muhammet, meni Hudaýtagala öziniň gadagan eden işinden we nebs höwesinden toba eden bende üçin ýaradypdyr. Ýene Resul Huda aýtdy: — Behiştde hüýrler bardyr. Eger olaryň biri bu dünýä gelse, bu dünýä misli gün nury dek röwşen bolar. Ol ýene aýtdy: — Eger olaryň agzynyň tüýküligi derýalaryň suwuna düşse, bu dünýäniň hemme derýalarynyň şor suwlary bala döner. Ol ýene atdy: — Olaryň maňlaýlaryna şeýle ýazylgydyr «Biz bu dünýäde tagat we ybadat edip duran we günäden toba edip, tagada meşgul bolup duran adamlara nesip bolarys». Ýene Resul Huda aýtdy: — Bir kişi jenneti arzuw etse, ol kişi, bäş zady berjaý etsin. Owwal, höwes we maksat etsin. Ikinji, Hudaýtagalanyň beren ryzkyna razy bolsun. Üçünji, Hudaýtagalanyň tagat we ybadatyna yhlasly bolsun. Dördünji, ylmy bilen arassa we takwalyk bilen meşgul bolsun. Olaryň bereketinden sagadat bolar. Bäşinji dilege we ýalbarmaklyga meşgul bolup Haktagaladan ýalkaw we rehmet talap etsin. Habarda şeýle aýdypdyrlar: Bir gün otparaz adamyň ýoly Ybraýymyň üstünden düşdi we Ybraýymdan tagam diledi. Şol wagt Ybraýym aýtdy: — Eý otparaz, sen musulman bolgul. Ondan soň saňa tagam bereýin – diýdi. Ol otparaz adam kabul etmedi. Aýtdy: — Eý birehim! Men senden nan diledim, iman dilemedim – diýdi. Bu sözden soň ol otparaz adam ötüp gitdi. Şol wagt Haktagaladan owaz geldi: — Ýa Ybraýym, senden biri biraz zat dilese, sen ol adamyň imanyny takyklap, ondan soň tagam berer sen. Men bolsam on sekiz müň älemiň hudaýydyryn. Men ýetmiş ýyldan bäri oňa ryzk berýärin. Emma oňa bu sözi aýtmadym. Emma senden bir mertebe tagam dilände sen oňa diniňden gaýt, saňa tagam bereýin – diýdiň. Sen onuň köňlüni azarda goýduň. Ybraýym bu owazy eşidip, eýse derhal ol kapyryň yzyndan ýüwürdi we aýtdy: — Eý otparaz! Gaýtgyl. Men zyýada dilteň boldum. Meniň öýüme bar. Men saňa tagam bereýin. Şol wagt ol adam aýtdy: — Eý Ybraýym, owwal tagam bermediň. Indi näme üçin tagam berer bolduň. Şol wagtda Ybraýym aýtdy: — Eý otparaz, Hudaýym seniň üçin meni ýazgardy. Şol wagtda otparaz aýtdy: — Eý Ybraýym! Meni imana sal. Derhal Ybraýym alaýhyssalam ony imana saldy. Ol otparaz musulman boldy. Ýene rowaýat etdiler: Bir adam bardy we hemişe günä iş ederdi. Wagt boldy, ol adama ölüm ýakyn geldi. Ol adam günälidi. Şonuň üçin ol aýtdy: — Eý perzentlerim, garyndaşlarym men ölsem, meni oda köýdüriň. Ondan soň külimi ikä bölüň, ýaryny derýa taşlaň, ýaryny bolsa ýele sowryň. Bu günäden doly adam ölenden soň, hossarlary onuň wesýetini berjaý etdiler. Şol wagtda Haktagala: — Bu iki bölegi bir-birine goşuň – diýip emr etdi. Şol wagtda suw bilen ýel ikisini bir birine goşdular. Haktagala ol bendäni ten etdi. Ondan soň sowal sorady: — Eý betbagt, näme üçin özüňi munuň dek etdiň? Şol wagtda ol bende aýtdy: — Eý Hudaýym, senden gorkanym üçin, şunuň ýaly iş etdim. Şol wagtda Haktagala aýtdy: — Eý bende sen menden gorkup, özüňi şunuň ýaly etseň, men seniň jemi günäleriňi geçdim we seni nygmatdan doly behişde girizdim. Her mömim bende Menden gorksa, onuň günälerini geçerin we oňa azap bermäge şerm (utanç) ederin we rehmetime sezewar ederin – diýdi. Abdylla ibn Mübärek (Alla ondan razy bolsun!) bir gün gazawata (uruşa) bardy we kapyrlar bilen uruş etdi. Bir kapyry öldürmek üçin tutdy we şol wagtda ol kapyr aýtdy: — Eý Abdylla ibn Mübärek, tä namaz okaýançam maňa möhlet bergil, ondan soň meni öldürgil – diýdi. Şol wagtda Abdylla möhlet berdi. Ol kapyr turdy we namazyny okap başlady. Emma wagty bilen okap bolmady. Abdylla şol işe karar etmedi we gylyjyny kapyryň başyna urmak üçin göterdi. Eýse şol wagtda asmandan: «Eý Abdylla, ähdiňe wepaly bolgyl» diýen owaz geldi. Şol wagtda Abdylla gylyjyny yzyna tartdy. Kapyr aýtdy: — Eý Abdylla, niçik gylyjyňy yzyna tartdyň? Şol wagtda Abdylla aýtdy: — Eý kapyr, sen ähdiňe wepa etmeýärsiň? –diýip Hudaýym meni ýazgardy. Şol wagtda kapyr aýtdy: — Eý Abdylla, seniň ýagşy Hudaýyň bar eken. Ol kapyr şol wagtda ýene aýtdy: — Eý Abdylla, meni imana sal. Şol wagtda Abdylla aýtdy: — «La-ilähä illallahu, Muhammet Resulalla» – diýgil. Kapyr hem şol kelemäni aýdyp musulman boldy we Haktagalanyň tagat we ybadatyna meşgul boldy. Ýene rowaýat aýtdylar. Bir adam bardy. Hemişe arak içerdi. Bir gün ol hamr (arak) içip otyrdy. Bir myhman geldi. Şol wagtda ol hamrhor turup guluna: — Eý gul, bar bazardan nan alyp gelgil – diýip teňňe berdi. Ol gul bazara gitdi. Ýolda Şyh Mansur Ymady halklara wagz aýdyp durdy. Ol gul durup wagz eşitdi. Wagzyň wagty ahyr bolanda bir garyp derwüş adam ýerinden turup: — Eý jemagatlar, meniň dört teňňe karzym bar. Şol dört teňňäni siz jemagatdan alyp bergime bersem – diýdi. Bu sözi Şyh Mansur Ymady eşitdi we aýtdy: — Eý jemagatlar, şol bendä dört teňňe beren kişä dört dürli dileg edermen. Bu sözi eşidenden soň, ol guluň şowky zyýada bolup, ýaňky nana berlen dört teňňäni ol derwüşe berdi. Şol wagt Şyh Mansur Ymady aýtdy: — Niçik dileg edeýin? Gul aýtdy: — Eý Şyh, owwal dileg etgil, men bendelikden halas bolaýyn. Ikinji dileg etgil, ýene bu dört teňňäni Hudaýtagala maňa bergeý. Üçünji dileg etgil, bizi we bu oturan jemagaty Haktagala ýalkagaý. Dördünji dileg etgil, Taňry hojama ýardam bergeý. Şyh dilegi şonuň ýaly etdi. Ol jemagatlar hemmesi «Ämin» – diýdiler. Ondan soň ol gul bazara bardy. Eýse, ýolda bir sahy adama duşdy. Şol wagt ol gula dört teňňe berdi. Şol wagt ol gul jan-dil bilen guwanyp bazara bardy we nan alyp öýüne geldi. Muny görip hojasy aýtdy: — Eý gul, niçik giç geldiň? Ol gul aýtdy: — Eý Hoja, Şyh Mansur Ymadynyň ýagşy ündewlerini we gowy desturyny diňledim. Hoja guluna aýtdy: — Ol Şyh Mansur Ymadynyň gowy dessurlaryny diňläp, name zat hasyl aldyň? Şol wagt ol gul aýtdy: — Eý Hoja men dört zat diledim. Hojasy aýtdy: — Nähili dört zat dilediň? Ol aýtdy: — Hoja, owwal dört teňňäni diledim. Ol dört teňňäni Hudaýtagala berdi. Ýene Hojama ýardam bergin diýip diledim. Ýene biri Hojam meni azat etsin diýip diledim. Ýene biri bolsa, bu oturan jemagatlara ýalkaw bersin! – diýip diledim. Bu sözi Hoja guldan eşidenden soň, şol wagt guly azat etdi. Ondan soň Hoja ozal eden işlerinden toba etdi we Haktagalanyň tagat we ybadatyna meşgul boldy. Günlerde bir gün Hoja ukudan oýandy. Hakdan owaz geldi: — Eý Hoja, guluňy azat etdiň, malyňy sadaka berdiň. Şol haýyrly eden işleriň üçin men seni hemme günäleriňden azat etdim. Jennetiň doly nygmatlaryny saňa wajyp etdim. Ýene Şyh Mansuryň mejlisinde oturan jemagatlaryň hemmesini ýalkadym. Selman Parsy (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat aýdypdyr. Resul Huda aýtdy. — Bir gün maňa doganym Jebraýyl habar berdi: Ýa Resulalla, bir derýanyň arasynda Haktagala bir bende ýaradypdyr. Ol bende kişi ýüz ýyl ömür sürüpdir.Ol bendäge derýanyň içinde bir dag ýaradypdyr. Ol bende şonda mekan tutupdyr. Ol eziziň mekanynyň dört tarapy bäş ýüz parsaň ýol bolupdyr. Ol derýanyň suwy tutuş talh bolupdyr. Ol eziziň mekan tutan ýerinde bir çeşme ýaradypdyr. Ol çeşmäniň başynda bir düýp enar ýaradypdyr. Ol eziz şol çeşmeden täret alyp, ol enardan hörek edinip, şonuň bilen Hudaýtagala tagat we ybadat eder ekeni. Ýene Haktagaladan şunuň ýaly dileg eder eken: — Eý bar Hudaýa, meniň janymy sejdede algyl, tä kyýamata çenli meniň şol sejdäm bozulmasyn – diýipdir. Haktagala ol bendäniň dilegini beripdir. Resul Huda ýene aýtdy: — Men Lowh el Mahfuzy gördüm. Lowh el Mahfuz-ol Arşda ýerleşýär. Arşda ähli adamlaryyň ykballary ýazylan bir tagta bar. Ol Ysrapylyň maňlaýyndaka ugurdaş ýazylan. Çünki onuň emri gizlin älemiň içinde peýda bolýar. Onuň asly dürden bolup, uzynlygy 500 ýyllyk ýoldur. Onuň giňişligi magrupdan maşryga çenli aralyk ýalydyr. Onuň başlangyjynyň kenarynda Mukarrep perişde oturandyr. Alla ony ak dürden ýaradypdyr. Onuň sahypalary bolsa, gyzyl ýakutdan bolupdyr. Çünki kyýamat güni bolanda Haktagala ol bendäni häzir edip aýdar: — Eý bendäm! Merhemet bilen behişde girgil – diýer. Şol wagtda ol bende aýdar: — Eý bar Hudaýa, meni behişde rehim edip iberermi sen? Şol wagtda ol bende ýene aýdar: — Men bäş ýüz ýyl tagat-ybadat etdim. Meniň ol tagat-ybadatym nirä gitdi? Şol wagt Haktagaladan perman boldy: «Bu bendäniň hasabyn tutuň». Ol wagtda şol bendäniň hasabyny tutdular. Tamam tagat-ybadaty bir göz nygmatyna barabar boldy. Ondan soň Haktagaladan owaz geler: «Bu bendäni dowzaha iberiň!». Şol wagtda ol bende nala edip aýdar: — Eý bar Hudaýa, men hata iş eden ekenim. Maňa rehim edip behişde ibergil. Şol wagtda Hudaýtagala rehim edip, ol bendäni behişde iberer.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir