SÖÝMEZLIK MÜMKIN DÄL

Öň näzikdiň, owadandyň, gözeldiň,
Edil bu durmuşyň özi ýalydyň.
Şabat kenarynda açylan güldüň,
Ürgenç topragynyň ýazy ýalydyň.

Ýaşlyk ýaly şadyýandyň, alçakdyň,
Ýokdy gamdan çigit ýaljak alamat.
Bir bakyşda jan berip, jan aljakdyň,
Menem ýaşdym, görmegeýdim şo halat.

Ynha, indi menem öňki ýaly däl,
Senem biraz doluşypsyň, solupsyň.
Bu zatlar durmuşyň oýnudyr, ahmal,
Gaharjaň bolupsyň,
Gödek bolupsyň.

Öňkiň ýaly mylaýym däl görnüşiň,
Gözleriňde hem mähir, hem gazap bar.
Hamala hut özi ýaly durmuşyň
Çynlakaý bakyşyň howumy basýar.

Durmuş mydam başym sypap duranok,
Käte gazap bilen daraýar maňa.
Ýöne munda hiç erbet zat göremok,
Edil öňkim ýaly aşyk men oňa.

Çünki öz gazaby, talaby bilen
Bu durmuş hemişe owadan hem ter.
Şoň üçinem saňa baky aşyk men,
Durmuşyň özüne meňzeýän, dilber!

ÝÖNE MEN ŞONDA-DA

Bolsa boljak eken gözellik beýle,
Beýle kaddy-kamat,
Beýle boý-syrat.
Owaldan seň dünýä inişiň şeýle,
Senden hiç zat gaýgyrmandyr tebigat.

Uzyn boýun alypsyň ak deregiň,
Bilekleriň ak mermerden guýlupdyr.
Güle gonan çyga meňzeş ýüregiň,
Gara gaşlaň bir gelşikli gyýlypdyr.

Gözleň balkyldaýar mähirden ýaňa,
Tisginip dur ak ýüzüňde gara hal.
Diňe haýran galmak laýykdyr maňa,
Waspyň etmek meň başarjak işim däl.

Her gün bir köýnekde çykýarsyň köçä,
Bir gün gyzyl,
Bir gün ýaşyl,
Bir gün gök.
Hemmesem jüpleşýär on iki müçä,
Ýeňlimi,
Ýeňsizmi tapawudy ýok.

Ýylgyrşyň bezeýär gyzyl dişlerňi,
Her jilwäň ýürekde ýer edip galýar.
Sen geçseň, ýigitler goýup işlerni,
Yzyňdan seredip-seredip galýar.

Barmaklaňda bar gözellik jem bolup,
Jan berýäň ýüzükleň göwher gaşyna.
Her gezek men saňa duşamda, şol dem
Dolanan dek bolýan juwan ýaşyma.

Saňa başgarak söz diýmekçi bolup,
“Ýyllar geçýär...” diýip, ýuwdunýan şonda.
Belki, göwnüm üçin uly dem alyp,
“Hawa, ýyllar geçýär” diýýärsiň sen-de.

Men düşünýän,
Men düşünýän bigüman,
Belli zat: sen indi söýeňok meni.
Ýöne men şonda-da saňa bendiwan,
Sebäbi... söýmezlik mümkin däl seni!

“SÖÝMEÝÄŇ” DIÝME!

“Meň ýanymda birje hoş söz aýdaňok,
Sen meni ýürekden söýmeýäň!” diýme.
Her duşaňda nägilelik bildirip,
Ynjap hem näz edip kalbymy gyýma.

Aýdylýan söze däl, bolşuma üns ber,
Söz diýlen zat bolup bilýändir ýalan.
Sen menden otlukly söze garaşma,
Sen meniň posalar alşyma ynan.

Söýseň, sessiz-üýnsüz söýmek hem bolar,
“Söýýän” diýip aýdyp ýörmek hökman däl.
Ýene bir zat: meniň seni söýmegim
Maňa däl, özüňe baglydyr her hal.

“Sen meni ýürekden söýeňok!” diýme,
Oň üçin saralyp, çekme sen hesret.
Gaýtam has hem şadyýan bol, gözel bol,
Başga ýol ýok, diňe şeýdip ýesir et!

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir