Ýene güýz günleri ýadyma düşdi,
Gysganman paýlanda sary güllerin,
Sahylygy saňa juda meňzeşdi,
Sahylykda güýzden zyýat dilberim.

Ol güýzleriň hoştap howasy bilen,
Mähriňe ýuwrulan ýatlamalary,
Unutmak günä bor gowwasy bilen,
Hem hezillikleriň- ýatda-la bary,

Ýaraşygy boşap galan dünýämiň,
Ýatlan çagym göreçlerim nurlanar,
Ýaz gelende dolanýanyn bilýämiň,
Sary güýzde uçup giden durnalaň.

Geljek bolsaň dolanara çak boldy,
Ondan soň kän gelip, gitdi hatarlar,
Bir mahalky sypan saçlaň ak boldy,
Sen mendenem käte habar tutarlar.

Ýaşaýany näme adam pahyryň,
Bäş gün oňam iki günü aýralyk,
Gelseň seni bal gününe batyryn,
Soň hiç mahal ýetişmäýin aýňalyp.

Ekiz taýy ýaly juda meňzeşdiň,
Sarylykda güýzden zyýat dilberim,
Ýene güýz günleri ýadyma düşdüň,
Gysganman paýlanda sary güllerin.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir