Akyl-paýhas oýunlarynyň diňe bir güýmenje bolman, beýniniň işjeňligini artdyryp, zehini ýitileşdirýändiginden habaryňyz bardyr. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bu oýunlara wagt tapyp bilersiňiz. Olar hem güýmenje, hem-de beýniňiz üçin yzygiderli
türgenleşik bolar.
Düzzüm, şaşka, küşt, krossword, matallar, tapmaçalar ýaly akyl oýunlary birek-birek bilen özara arabaglanyşygy hem ösdürýär. Professor Riçard Kaselli bu oýunlary yzygiderli oýnamagyň birbada birnäçe ukybyň ýüze çykmagyna, munuň bolsa beýnidäki käbir keselleri bejerijilik häsiýetine eýedigini belleýär.
Çünki 12 ýylyň dowamynda 1157 müň adamda geçirilen barlaglarda yzygiderli akyl oýunlaryny oýnamagyň täsiri bilen beýnidäki Alsgeýmer keseliniň ýok bolup gidýändigi ýüze çykaryldy.
Eýsem, akyl-paýhas oýunlarynyň ruhy saglygymyza nähili peýdasy bar? Ilki bilen, olar fiziki taýdan işjeňligimizi artdyrýar, beýnä yzygiderli gan barmagyny we onuň öýjükleriniň ösmegini üpjün edýär.
Akyl-paýhas oýunlary çagalaryň köpçülige goşulyp gitmegini ösdürse, ulularda degna dartgynlylygyny azaldýar. Oýun oýnalýan döwri zehin tarapdan işjeňligiňiz beýniniň öýjükleriniň arabaglanşygyny güýçlendirýär. Bu ýagdaý ýatkeşligiň has-da artyp, zehiniň ýitileşmegine sebäp bolýar. Şeýle-de bütin günüň dowamynda gaharjaňlykdan daşda bolup, tersine, şähdaçyk bolmagymyza hem örän peýdalydyr. Bu bolsa tutuş bedenimiziň saglygyny goramak üçin esasy açar bolup hyzmat edýär. Mümkin boldugyça, bu oýunlar başgalar bilen oýnalmalydyr. Sebäbi wagt bilen ýaryşylýan oýunlar ünslüligi güýçlendirip, maglumatlary çalt öwrenmek ukybymyzy artdyrýar.
Şu ýerde ýene bir zada aýratyn ünsi çekmek isleýäris. Boş wagtyňyz diňe oýun oýnamak bilen çäklenmän, kitap okamagy, dil öwrenmegi hem ýatdan çykarmaly däl. Bularyň ählisi yzygiderlikde ýöredilse, beýniniň sagdyn we ýiti bolmagyna oňaýly täsir edýär.
Makalamyzyň şu ýerinde akyl-paýhas oýunlary bilen meşgullanýanlara zerur bolan esasy iýmit önümleriniň sanawyny getirmegi makul bildik:
Suw. Adam bedeniniň 65 — 70 göterimi suwdan ybarat bolup, ol bedende madda çalşygynyň kadaly geçmegi üçin zerurdyr. Suwsuzlygy duýýan adamlaryň logiki meseleleri çözmegi, 1-1,5 ýarym litr suw içip çözenler bilen deňeşdirilende pes netijeleri gazanandygy tasyklanyldy.
Hoz. Proetine baý bolup, öz gezeginde beýnini iýmitlendirýär. Aýratyn hem, pisse, hoz ýaly iýmitler mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň gündelik iýmitiniň düzüminde bolmalydyr.
Gök otlar. Bu önümlerde saklanýan maddalar demensiýanyň (kemakyllygyň) ösmegine päsgel berýär. Şeýle-de gök otlarda antioksidantlar saklanyp, olary ulanmak beýnini insultdan, Alsgeýmer we Parkinson diýlip atlandyrylýan kesellerden goraýar.
Witaminler. В9 witamini (sitrusda, çörekde, kösüklilerde, ary balynda) täze öýjükleriň emele gelmeginde we olary sagdyn görnüşde saklamakda has ähmiýetlidir, çünki häzirki wagtda ylmy taýdan nerw öýjükleriniň hem edil beýleki öýjükler ýaly wagtyň geçmegi bilen dikelýändigi subut edildi. В12 witamini (sianakobalamin) (bagyrda, ýumurtgada, balykda saklanýar) ýatkeşligiň dikelmegine ýardam edýär.
Kofe, çaý. Ylmy barlaglaryň görkezişine görä, kofein ünsi we gysga wagtlaýyn ýatkeşligi gowulandyrýar. Kyn meseleleri çözmäge ünsi jemläp, reaksiýanyň geçişini çaltlandyrýar.
Alma. Almada saklanýan kwersetin diýen madda beýni öýjüklerini zeperlenmekden goraýar. Bu önümiň peýdasy gabygynda köp saklanansoň, ony gabykly iýmek has peýdalydyr.
Şokolad. Bu önüm beýni üçin, esasanam, şadyýanlygy, işe ukyplylygy döretmekde örän peýdalydyr. Şokolatda beýnä gerek bolan maddalardan glýukoza saklan-
ýar. Ol ýatkeşligi artdyryp, akyl işjeňligini ýokarlandyrýar. Pikirlenmäge we netije çy-karmaga oňyn täsir edýär.

Taýýarlan: Maral AKMYRADOWA
"NESIL"

Täzelikler, Baýram-Aly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir