Gelip geçen ähli medeniýetlerde, ähli ynanç ulgamlarynda gurban öldürme däbi bar
“Düýäni we gara mallary, siziň üçin Allanyň emirlerinden biri hökmünde goýduk. Olaryň gurban edilmegi siziň üçin bähbit bardyr. Gurban öldürilýärkä Allanyň adyny gaýtalaň. Öldürlenden soň ondan iýiň we isleýäni-islemeýäni doýuryň. İne şeýlelikde ony size boýun egdirdik. Şeýlelikde siziň şükretmegiňizi tama edýäris.” Gurhanyň haj süresiniň 36-njy aýaty.
Adam ogly bilmeýäninden, göz ýetirip bilmeýäninden, düşünip bilmeýäninden gorkar. Gorkularyny ýeňmek üçin bolsa özüne görä çäre, çözgüt gözlär. Tapan çäreleri adamzadyň şol wagtky düşünje derejesine görä bolar. İrki döwür adamlarynyň çäreleri bilen häzirki zaman adamlarynyň çözgütleri başgadyr. İne şol sebäpden hem adamlaryň gorkulary, aladalary häzirki zaman adamlaryndan diýseň tapawutly. İrki döwürlerde adamlar gögüň näme sebäpden gürleýändigini, ýyldyrymyň näme sebäpli çakýandygyny, ýeriň näme üçin yranýandygyny bilmeýärdiler. Bilmeýän, düşünmeýän zatlarynyň ählisiniň sebäbini taňrylaryň gazaby bilen düşündiripdirler. Taňry diýip çokunanlary bolsa aý, gün, ýyldyz ýa-da butlardy. İne şol sebäpli gurban öldürme ritualyny oýlap tapypdyrlar. Gorkýan taňrylaryna ýakyn durmak, olaryň gazabyndan goranmak, her bir adamyň arzuw-islegi bolsa gerek. Olaryň göwnünden turan halatlarynda özleriniň howpsyz boljakdygyna ynanýardylar. Özlerine görä şeýle bir çäre we çözgüt tapypdylar.
İne şol sebäpli awlan awlaryndan, eken ekinlerinden, ideden mallaryndan taňry paýyny bölüp, olara hödürläpdirler.
Gelip geçen ähli medeniýetlerde, ähli ynanç ulgamlarynda gurban öldürme däbi bar. Hat-da ilkinji gurbanyň Adam atanyň ogullary Habyl bilen Kabyl tarapyndan edilendigi aýdylýar. Kabyl alan hasylyndan, Habyl bolsa ideden mallaryndan rebine hödürläpdir.
Adam Ata bilen How Enäniň ogullary taryhyň her bir döwründe dünýäniň ähli künjeklerinde belli senelerde, käte bolsa isleglerine görä gurban öldüripdirler. Asmandaky taňrylar üçin asmana, ýerdäki taňrylar üçin ýere, deňizdäki taňrylar üçin deňizlere… Käte öz çagalaryny, käte öz jynsdaşlaryny gurban etjek derejede gurban ritualyna eýe çykypdyrlar.
Ammoniler elhenç ylahlary Molegiň öz bendelerinden diri gurbanlyk isleýändigine ynanýandyklary üçin adamlary gurban edipdirler. Gadymy Müsürde günäsizdikleri üçin aýallar we çagalar Nil derýasyna taşlanyp, taňrylara hödürlenipdir. Aztekler we Maýalar Wenusyň howply asman güýji bolandygyna ynanandyklary üçin ony saba ýyldyzy atlandyrypdyrlar we görünýän günlerinde oňa tussaglaryň ganyny hödürläpdirler. Sumerler üçin iň göwnejaý gurbanlyk guzy bolupdyr.
Gadymy Messopotamiýada adamlar başlaryna şowsuzlyk gelmezligi üçin gurban öldürýärkä şol gurbanyň gany bilen günälerinden saplanjakdyklaryna ynanypdyrlar.
Gadymy ýehudiler bolsa dine diri haýwanlardan gurban öldürmän, öz hasyllaryndan we şeraplaryndan hem taňry paýyny bölüp beripdirler.
Gurban ritualy ýeke hudaýly dinler arkaly tapawutly häsýete eýe bolýar. Ozallar taňrynyň haky saýylyp, ilkinji çagalaryny gurban eden adamlaryň gurban düşünjesi üýtgedilip, adamyň gurban edilmeginiň öňüne geçilýär.
Yslamdaky gurban düşünjesiniň esaslanýan düşünjesi hem ýeke hudaýly dinler bilen başlan gurban ritualydyr.
Ýeke hudaýly dinleriň ilkinjisi hasaplanylýan Musaýylygyň pygamberi Hezreti Ybraýym garran çagy allaha doga edip, ogul dileýär. Eger dilegi kabul edilen halatynda allaga iň eý görýän adamyny gurban etjekdigini aýdýar. Hezreti Ybraýymyň bir ogly bolýar. Ogly kemala gelenden soň Ybraýym pygamber üç gün yzly yzyna beren sözünde durmalydygy barada düýş görýär. İne şol sebäpli ogly Ysmaýyly hem sözünde durmak hem-de allaga bolan söýgüsini subut etmeklik üçin gurban etmek netijesine gelýär. Edil ogluny gurban etjek mahaly gökden Jebraýyl ýanynda bir goç bilen inýär we oglunyň ýerine şol goçy gurban etmelidigini aýdýar.
Bu kyssa gurhanda-da beýan edilýär we musulmanlar şol ynanja laýyklykda gurban öldürýärler. Musulmanlar haj parzyny berjaý edýän senelerinde gurban öldürerler. Haja gidenler haj ybadaty bilen birlikde gurban öldürýän bolsa, öz öýlerinde galanlar münkinçilikleri bar bolsa hajy ýada salýan şol ritualy berjaý edip, bir manyda hajy gutlaýarlar. Şeýlelikde yslamda gurban haj bilen baglanşyklydyr.
Musulman ynanjyna görä gurban öldürmek diňe gan akdyrmaklyk däl. Bu däbiň aňyrsynda çuňňur pelsepe bar. Şol pelsepe gurhandaky “Olaryň ne eti, ne-de ganlary Allaga ýetmeýär. Emma oňa baryp ýetýän ýekeje zat siziň oňa bolan garaýşyňyzdyr” aýaty bilen beýan edilýär.
Gurban öldüren adamlar gurban öldürmekligiň anyrsyndaky çuňluga göz ýetirmeli. Ol hem bu dünýäniň diňe wagtlaýyndygyny adamlara ýatlatmakdan ybarat. Jan beren gurbanyň ölüminde öz ölümimizi ýatlamak, eýe bolan dünýämiziň wagtlaýyndygyna göz ýetirip, ahyrete taýarlanmak, eýe bolanlarymyzyň ählisini bu dünýäde goýup gitjekdigimiz üçin beýleki adamlar bilen paýlaşmagy bize ýatladýar.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir