Kalbym agyrýar
Ýazjakdäldim, söýgi barada ýazjakdäldim, ýöne ýenede ýazdyrdy...
Saňa men ömrüm diýerdim, emma ömrümi soldurdyň.
Meni güldür diýdim, üstümden güldürdiň.
Seret güýjümem galmady, otyryn ukypsyzja, bak maňa,
Eştýäňmi meni, itişiň ýaly gel galdyrsana.
Gaýdyp ber maňa meni, öňki durkum nirede,
Utanýan men indi, özümi sensiz göremde.
Görüşmedik, söýgümiz üçin göreşmedik,
Sen sowaşdyň emma, men senden sowaşmadym.
Heniz kiçi bolsakda, owadan söýgümiz bardy,
Näçe ýyldan bäri iki ýürekde ýaşaýardy.
Islesekde gowuşmadyk, biri-birimize,
Ejeň bermek islemedi seni oba ýigidine.
Sen tiz ýeňildiň, ir gowşurdyň gollary,
Indi bolsa bizi aýyrdy, howa ýollary,
Gülälegim, saňa diýerdim men läligim,
Beren goşa kepderiňem galdy ýadygärligiň.
Içine siňip gitdim, bu parklaryň, şäherleriň,
Ömürlik nälet bolsun, mensiz geçen säherleriň,
Daňa çenli göz ýumman eden arzuwlam puç çykdy,
Bu notalar saňa sözlerim elten buşlukçym.
Muhammet ugruňda öldi, ýöne entäk aýakda,
Soňuna çenli bile däl, ýeke barýa gaýykda.
Seň üçin çykýa kalbymdan ajy aýdymym
Senem öz söýgüň üçin ädäý ýeke ädimiň.
Sebäpkäri sen, gahardan kellämiň doňmasy,
Seň bilen bile bolsun, ýa-da durmuş bolmasyn.
Ikimize ýürekden açyp töri bermedikmi,
Biz ikimiz söýmek üçin bu dünýä gelmedikmi.
Küýsedi, diýseň kalbym küýsedi,
Ýyllar gelende ysyň burnuma degsedi,
Iň owadan güller, seň görküňe meňzedi
Ýöne meniň söýgüm saňa degmedi.
Diýdiler, ony unut diýdiler,
Pikirlem açgöz ýaly, meni iýdiler,
Özgäni görmez gözlem, kör boldula didelem,
Herkimden giden dünýä, birgün gider bizdenem.
Sen meň güneşimi, ýapan bir bulutdyň,
Gaharym gelsede, içimden ýuwutdym.
Ikimiz kitap soňunda gelýän bir umytdyk,
Ajap bir söýgüni taşladyňda unutdyň.
Şeýlebir küýseýän,
Kalbym agyrýa kalbym agyrýa...!
#La Blaze
Sha_gyzy 3 years ago- mlds govvy mowzuk mlds