Senä haýaljakdan gelýärsiň ýöräp,
Ýaýdanjaň ädimleň dähedem dessem.
Menem seň öňüňde bagt bolup döräp,
Ahyry arzuwlan pelläme ýetsem.

Iň soňky duşuşyk, soňky gizlinlik,
Hiç ýadymdan çykmaz şu günki durkuň.
Heniz, henizlerem ýadymda meniň
Şol başdaky günde ýaýdanyp durşuň.

Edil häzirlerem näzik duýgulaň,
Serhetden geçere ser bererli däl.
Bir çekinýän zadym, şu bolşuň bilen,
Toýdan soňam ýaýdanyp gezermikäň?

Her duşuşyk bizi gizlän gür baglar,
Şu gezegem geldik seniň saýaňa.
Rugsat berseň ýatlama galar ýaly,
Adymyzy nagyş etjek aýaňa.

Ine gülim, soňky gezek hoşlaşýas,
Salam berip täze dörän bagta biz.
Mundan beýläk durmuş gurýan bolsagam,
Käte dolanaly ýaşlyk wagta biz.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir