Erkeklik modadan gachyar
diyyarmin?
Shondan elhench zady görupmi
jahan.
Erkek erkekligin yatdan chykarsa
Onun janyn gynap alarmysh ajal

Erkek diymek-Mertlik,Dereje,Buysanch
Towekgellik,Gayrat hem Lebizlilik.
Özuni dograndan özgan önunde
Yallaklamazlyk hem eğilmesizlik.

Erkek diymek-Akyl,Guych hem Parasat
Hem agraslyk hem azajyk dalilik.
Hem Pushkinlik,hemem Magtymgululyk
Hem Yesenin hemem Hayyam yalylyk
Ol Alty Garlylyk,Kerbabayewlik,
Sahy Jepbarlyk
hem Mylly agalyk.
Diymek-goja yashda dali-
juwanlyk
Hem sho yashda pak neresse
chagalyk
Erkeklik syganok belli bir kada.
Ne galypa
sygyar,ne-de bir moda
Hem-â shahandaz
ol,hem asylzada
Hem-â chylshyrymly,hemem in sada.
Bir ganaty yerde,biri howada.
Eylesi beylesi ölchegli bolsa-"erkek" bordumy ady?!
Erkeklik diyen zat-özal-ahyrda
Gybata,galplyga ulashmazlykdyr.
Erkegin erkege ynanan syryn
Erkek daller bilen paylashmazlykdyr
Erkeklik diyen zat-erkek hakynda
Artyk geplemezlik.Gepi sozmazlyk
Bu barada dine bir goshgy yazmak.
Ya basharyp bilsen-onam yazmazlyk.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir