Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýädy.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol köne dünýäniň birje şapbady....

Başymyza kagyz papak geýişip,
Ýagyş ýagsa ylgaşardyk daşark
«Saňa gyzyl, maňa ýaşyl» diýişip
,Paýlaşardyk giden älemgoşary

.Çybykdan at ýasap, kagyzdan gamak
Özümiz hem gamak kimin ýüwrerdik
«Garrry mama ekýär!» diýip kömelek,
At jylawyn Könegala öwrerdik.

Atam bir gün çagyrdy-da ýanyna,
Salgy berdi ýorunjaly bir peli.Diýdi:
«At çapyşyň ýarýar jana
Hany, ot ýygşyňam synap göreli!»

Ýitije oragym alypelime
Egnime-de atyp akja torbany,
Gyratyň bykynna bir gamçy çalyp,
Tozana garypdym bütin obany.

Orajygmy emelsizje oýnadyp,
Ýorunjany gyrçyldadyp kesýärkäm,
Tirkeş-tirkeş goýuşyma syn edip
,Kinniwanja dessejikler etyardim

,Gökje-gökje, zire-zire güllerden
Aýagyma zerrejikler gaçýardy
Ýüzlerçe kebelek ýüzlerçe ýerden
Ýüzlerçe gülleri ogşap gaçýardy.

Dykalap-dykalap, agzyny bogup,
Torbajygymy egne atan badyma
Gulagmyň düýbüne bir şapbat degip
,Özümden gidenim düşýär ýadyma.

Tenimi parçalan ol gara penjäň
Eýesi Kimdigin bilebilmändim.
Ortasynda gök pürçükli ýorunjaň
Ýüzin ýazlyp, gaýdyp galabilmändim...

Ýer-suw paýlananda bize ýetenmiş
Şol meni uranyň ýorunja peli.
Janyangyjyna meň ýakamdan tutanmyş
Onuň gan dökmäge öwrenen eli.

Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýady.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol biweç dünýäniň soňky şapbady.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir