"Sen özüñe kimdirin öýdýäñ?! Dünýàni eliñde saklaýañmy?! Asmana eliñi uzadyp gör, ýetýämikä?! Güne dik seredip bilýäñmi?! Sowukda ýuka eşikde gezýäñmi?! Yssyda galyñ geýinip bilýäñmi?! Näme ùçin söýýän adamyñ terk etse aglaýañ?! Aldanman gördüñmi?! Ynamyñ ödelmän galandyr-a?!.
Eger sen dünýäni halas edip biljek ukybyñ yok bolsa onda ile minnetiñ näme?! Eger asmana eliñ yetmeýan bolsa, onda nä ulumsy sen?! Gùne dik seredip bilmeýân bolsañ nämä gaýşaran bolýañ?! Sowukda ýuka, yssyda galyñ geýinmeýän bolsañ, iller ýaly pasyla gõrä geýinýän bolsan onda nämä ilden üýtgeşik boljak bolýañ?! Eger söýgüliñ terk edende mert durup bilmedik bolsañ onda saña doñyureklikden ne peýda?! Ynamyñ umuman odelmedik bolsa, señem gòwnüñi ýykyp bolýan bolsa onda sen edil hemme ýaly adamsyñ. Ilden artyk ýeriñ yokdur bilip goy! Ýeri sen garşyna cykany güýc bilen yendinem-dä, näme üytgeýä?! Sen güyc bilen 1-2 ynsany õzüñe tabyn edeniñ bilen sen üstun ynsan boldugyn bolmaýa. Õzüñe gõwünlük berme! Unutma, bu dünýäde hic kim, hic kimden usdün bolup bilmez. Hemme ynsanam dendir. Jemgyýetde tutyan orny hem olara den berilendir. Hukugyñyz hem deñ. Ýöne ynsanda şeýlebir duygy bar, bu- men-menlik.Bu duygy ynsan-a ornaşanda, sülükgurçygynyñ gan soruşy ýaly, ynsanyñ aklyny sorýandyr. Bu duygyny başarmak wagyt geçdigi saýy kynlaşyp, soña baka ol ynsan hic kimi hasap etmeýän ynsan bolup galýandyr. Senem şeýle bolduñ! Sen ynsanlardan pes ýeriñ bar bolsa bar, artyk ýeriñ yok. Özune bir seret, sen durmuşda nähili derejeleri islediñ we sen şu wagt nahili derejede?! Sende men-men bolmaga esas yok, Hic kimde-de yok. Özüñi tana ynsan!" diýen ses geldi icimden. Oylanyp oturshuma şular aklymdan gecdi. Cyndanam men ozumden başgany oylamaýan ynsan boldum oydyan! Kalbymda birhili ynjy bar. Ol ka wagt yekelikde wagtym nejis ynjap gidya. Ozumi aklamaga sebap gozleyan. Ka wagt beyle sebap tapylyaram, yone bu sebap bilen men dine ozumi aldayan ahyry!
Ufff, kellam edil tuweley yaly şuwlap dur, garym gatym pikirler beynimi gemirya. Butin dunya garşy yaly maña.
Bu ses, bu ses menin ozumi tanamagymmyka?! Men cyndanam şeyle men-men boldummykam? Yok, yo-o-o-ok, yalan bu, men Atamyn ertekilerini diñleyan wagtym beyle daldim. Men sho erteka ynanyp, shondaky gowy, erbet gahrymanlary saygaryp, gowyny soyup, erbedi yazgaryp bilyadim ahyry! Bah, menem erbet bolaydymmykam? Bu soraglar henizem pikirimde, anyma guyulypdyr.
Bu sesi dinlap, ozumi tanadym oydyan. Namucindir ozum bilen tanyşlyk maña ýaramady, özümi edil sho ertekidaki gahrymanlary yazgaryşym yaly yazgardym. Özümi halamadym... Ýok, bu men däl. Men üytgän ekenim...

Sorag-jogap, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir