Adam boljak bol

Kim bolsaňam ýaradylan eý ynsan,
Ynsan adyň bilen beýige galjak bol.
Bolsa bolsun, dag başynda ol duman,
Ýöne esasy zat, adam boljak bol.

Bäş günüň däl, bäş wagtyňy sypdyrma,
Öňe gitseň, hiç yzyňdan ýetdirme,
Namartlary gapyňdanam sekdirme,
Ätiýaçly, hüşgär, adam boljak bol.

Ýalan söz hem gereginde ýagşydyr,
Ýöne, aldap ýören nadan kişidir,
Gudraty görkezmek Allaň işidir,
Sen diňe sadaja adam boljak bol.

Men garyp diýip, ýa baý diýip gürleme,
Rast gürlegen kişä ýalňyş sözleme,
Gözlän zadyň ynjalyksyz gözleme,
Göwni giň, ruhy päk adam boljak bol...

Nazarow Umyt

Edebiýat, Nazarow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir