Owaldan-a hiç kimiň,
Başyna iş düşmesin,
Iş düşäýse başyna,
Çyn dostlary gaçmasyn!
Goý, ýaşasyn, çyn dostluk,
Onsuz ömür geçmesin!
Dost nähili dostlugyn,
Işiň düşse, bilersiň!...

Çyn dostlar kyn günde dost,
Ýykylan çagyňda dost.
Hassa wagtyň halyňdan,
Habar alsa, şonda dost.
"Dostum köp" diýip, öwünme
Synag kändir öňüňde,
Hak dost galar ýanyňda,
Bir kösenen ýeriňde...

Barly wagtyň elmydam,
Gezer, sözüň makullap,
Ýanyňda hemra bolar,
Işiňde abraý diläp,
Büdüräýseň ýoluňda,
Gelmez, birje soraglap,
Dost nähili dostlugyn,
Işiň düşse, bilersiň!...

Senden döwran gidinçä,
Seň saýaňda gezerler,
Soňra salamyň alman,
Senden ýüzün sowarlar,
Ynanma, hiç olara,
Olar dost bolmadylar,
Dost nähili dostlugyn,
Işiň düşse bilersiň!...

Çyn dostlar kyn günde dost,
Ýykylan çagyňda dost,
Hassa wagtyň halyňdan,
Habar alsa, şonda dost.
"Dostum kän " diýip, öwünme,
Synag kändir öňüňde,
Hak dost galar ýanyňda,
Bir kösenen ýeriňde...

Gitse, rysgal-döwlediň,
Ýakyn dostlaryň gider,
Sen ýeke bolup galsaň,
Gamlanyp, göwnüň çöker,
Şonda, diliň keltelip,
Süýji günleriň öter,
Dost nähili dostlugyn,
Ana, şonda bilersiň!...

Aýdan sözlerme düşün!
Bir saňa Alla ýakyn,
Hem ataň-eneň ýakyn,
Uýaň-dogan, jigiň ýakyn,
Öýüňde ýanýoldaşyň,
Ogluň hem gyzyň ýakyn,
Kim saňa ýakynlygyn,
Kyn günüňde bilersiň!...

Çyn dostlar kyn günde dost,
Ýykylan çagyňda dost,
Hassa wagtyň halyňdan,
Habar alsa, şonda dost.
"Dostum kän" diýip, begenme,
Synag kändir öňüňde,
Hak dost galar ýanyňda,
Bir kösenen ýeriňde...

Bilim, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir