Köp zady gören, tejribeli bir adam, bir gün ker birine goňşusynyň hassadygyny düşündirýär. Onuń gońşusynyń hökmany suratda ýagdaýyny soramaga gitmelidigini hem berk belleýär.
Ker:
- Birinjiden-ä gulagym hiç zady eşidenok ahyryn, onuń ýanyna gidip näme gürläyin?
Ikinjiden hem ol adam hassa bolsa sesi hem ýuwaş çykar, muny men ýaly ker adam asla hem eşitmez, diýip jogap beripdir.
Ker adam kerligine garamazdan bir gün şol gońşusyndan hal-ahwal soramaga gidipdir. Ýolda barýarka içinden şeýle pikir edipdir:
- "Hassa gońşym bir zatlar diýip dodagyny gymyldanynda, näme diýenin göz çakym bilen düşünerin. ‘Ey hassa dostum, nähili ýagdaýlaryń?’ diýip soraryn. Ol bolsa elbette ‘Şükür Hudaýa, bir mydar ’diýip jogap berer. Men hem ‘Hudaýa ýüzde-müń şükür!’, diýerin. Sońra bolsa ońa näme nahar iýýändigini soraryn. Ol hem ‘Derman-däri içýärin, unaş içýärin’ diýip jogap berer. Men hem ‘işdäń açyk bolsun, derdińe derman bolsun!’ diýerin. ‘Sańa haýsy lukmana seredýär?’ diýerin. Ol hem biriniń adyny aýdar. Men bolsa ‘ Uly il hem şony çagyrýar. Ol lukman ähli kesellere çäre tapýarmyş’ diýip jogap bererin.
İne şu pikirler bilen hassanyń ýanyna baran ker, hassa yzly-yzyna sorag baryny ýagdyryp ugrapdyr.
- Nähili ýagdaýlarryń, eý hassa dostum?
- Sorama, öljek bolýaryn. Ýagdaýym gaty erbet.
- Hudaýa ýüzde-müń şükür!
Bu jogaba gahary gelip, ýagdaýy öńküden-de agyrlaşan hassa öz içini gepledip:
- Bu nähili şükür bolýar? Ýalńyşmasam, bu adam meniń tüýs ganym duşmanym eken, diýipdir.
Ker adam bolsa:
- Näme nahar iýýärsiń? diýip sorapdyr.
Gahar gelen hassa:
- Ajy-zakkun, diýip jogap beripdir.
Hiç zady eşitmedik ker:
- İşdäń açyk bolsun, derdińe derman bolsun, diýeninde hassa has hem gaharlanypdyr.
Emme ker ýene-de:
- Sańa haýsy lukmana seredýär? diýip soranmyş.
Hassa kere ýigrenç bilen:
- Ezraýyl seredýär, sańa kim bolanynda näme? Bar işiń bilen bol, diýip, jogap beripdir.
Ker bolsa:
- Uly il hem şony çagyrýar. Ol lukman ähli kesellere çäre tapýarmyş, seni hem eglemän aýaga galdyrar’ diýip jogap beripdir.
Sabyr-takaty tükenen hassa, gahar-gazaba münip:
- Hakykatdan hem bu adam menin duşmany ekenow, diýip, pikir edipdir. Gulagy hiç zat eşitmeýän ker adam bolsa, ähli bolup geçen zatlardan habarsyz, hassa gońşyma borjumy berjaý etdim begenji bilen öýüne gaýdypdyr.
Bir zady düşünmek üçin, dińe gulagyń eşitmesi ýeterli däldir. Syrly älemleri saňa aýan etjek, kalbyń hem eşitmäge ukyply bolmalydyr.

Poşalak we Topalak agaň degişmesinden.
Alnan çeşme - ertir.com/@Samser atly agzaň ýazgysy.
Paýlaşan - Perhat Sabirovv

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir